Sen "Nemo" däl,
Şonda-da gözleýän
Gözleriň açyk dur,
Şonda-da görmeýäň
Gelmeýäň,
getirmesem düýşlerime
Düýşlerimem sensiz Fredi gelen ýaly
Seniň bilen ähli zat gül ýaly
Hem köşeşdirýäň, hemem zyýanly
Nikotin sen çilimdäki.
Garbaçýowmy içiňdäki,
Duýgularyňy dagadan.
Ýakyndan ýada
öwrülmek birbada -
1 pursat,
1 söz,
1 ädim.
1 ädik bolmasa peýdasyz ikinjiňem.
Tikinçiňem sapaklary,
Ỳamamaz ýamaklary gursagyň.
1 sagy,
däli eden sen däli - zyr däli
Zyň däri - sensizlige,
Ýersiz ýere doňan sen,
Oňan sen mensizlige.
Dolan sen, demsizlige...
**************************
Boşap galan dünýä.
Içi guraklyk...
Tanyş aýdym, gulaklyk.
Duýdansyz "ýagyș" ýagar,
bulutsyz.
Damja syrygar dulukdan.
Ýer ýumruklarsyň,
Gahar geler,
sözler çykar gylyksyz.
Kimler üçin gözgyny sen,
kime bolsa gyzyksyz.
Duýgulara olja bolduň,
bugün ýene duzaksyz.
Ýogsam, düýn diýipdiň özüňe,
"Unutdym..."
©Ylham GURBANALYÝEW

Teswirler (3)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň