Türk medeniýetiniñ iň gymmatly we iň ýürek ýakan eserleriniň biri bolan “Ünzile”aýdymy, Aysel Gürel bilen Onno Tunçyň bilelikde döreden kompozisiýasydyr. Aýdym 1986-njy ýylda Sezen Aksunyň “Git” atly albomy bilen köpçülige hödürlenip, ýürekleri paralaýan aýdyma (heñe)öwrülmegi bilen halkyñ gyzgyn söýgüsini gazandy.
Bu aýdym kiçijik bir gyzjagaza gelinlik geýdirilip,ony elhenç, ýowuz durmuşyñ, ilki zenan soñra eje bolmaga ugradylmagy hakda gürrüň berýär. Aýallaryň haýsydyr bir meselede öz pikirini aýtmagynyň gadagan edilen, olar bir haryt ýaly satylyp we alnyp bilinjekdigine ynanylýan hem-de ýeke-täk borjy çaga dogurmak we öý işini etmek diýlip düşünjelerine heniz kiçijik wagtlary beýnilerine guýulyp, ol düşünjäniñ daşynda başga hiç hili özdiýenli, erkin pikiriñ ýok hasap edilmegine dogrydyr öýdülýän jemgiýet barada dil ýarýar. Ol jemgiýetde diňe erkekler gepleýär we ol ýerlerde, diňe erkekleriň islegleri ýerine ýetirilýär. Ýoldaşy, kakasy, dogany tapawudy ýok. Iň kiçi ýaşly bolaýsyn, ol erkek bolsa onda şol ýeriñ ýaşuly, uly aýallardan has köp söz diýmäge hukugy bardyr. Şeýlelikde, Ünzile hem edil şol äsgerilmän, bir gyza haýsydyr birzat ýaly garalýan, ýaşama hukugy diñe erkeklerde bolup, aýallary hiçzat hasaplanýan toplumyñ ýaraly zenanlarynyñ biridir.
Aýdym,saz äleminiñ zehinli sungat işgäri Aysel Güreliriň Ünzile bilen tanyşlyk söhbetdeşligi bolsa gyzykly bir hekaýa daýanýar… Sezen Aksunyň bir konsertinde gürrüň berşi ýaly; Aysel Gürel, 1962-nji ýylda Münir Özkul bilen bilelikde Anadoly syýahatyna çykýar. Ähli obalary, şäherçeleri gezýän bu ikili, Deñize golaý bir oba gelenlerinde 11 ýaşyndaky bir gyz jagaz we onuň kakasy bilen duşuşýarlar. “Saryja, gözleri bir suw damjasy ýaly mawy hemde duryja ” diýen sözler bilen gürrüň berýän bu gyzjagazy barada Aysel Gürel "Mekgejöweniñ gulpagy ýaly saçlary bilen bir ajaýyp saz ýaly kakasynyň ýanynda durardy” diýip hem belläp geçýär.
Söhbetleşlik çuňlaşandan sоň, kiçijik gyzyň kakasy: Oña “Gyzyny bir hepdeden durmuşa çykarýaryn” diýende, Aysel Gürel haýran galýar. “Nähili ýagny?” diýip sorag berýär, emma kaka örän şadyýan, begençli ýagdaýda “Hawa, hawa durmuşa çykarýarys” diýip sözlerini gaýtalaýar. Ine, birnäçe goýun öwezine 11 ýaşynda satylan bu bagtsyz çaganyň ady Ünziledir. Wiźdany we rehimdarlygy bolan her bir akylly-başly adam ýaly Aysel Gürel hem bu ýagdaýa örän gynanýar we netijede şol kalplary lerzana getiren aýdym emele gelýär:
Eýsem, bu adymyň ýazylan wagty 1962-nji ýylyndan häzirki günümize çenli geçen döwrüň içinde näme üýtgändir öýdýärsiňiz bu ýurtda? Hiç zat! Uly bir HIÇ zat! Biz: okamak hukugy,çaga gelinleri, öwezine derek alyp, berişmek samsyklygy, maşgala içinde zorluk, psihologik zulumlyk we deňsizlik diýip şikaýat edýän bolsak-da, erkek agalyk edýän jemgyýetimiz bularň ählisinden hem üstün. Gynansak-da kemsiz garşylykly derejä ýetip aýallaryň janyna hem hiç haýpy gelmän göz dikilýän düşünjeler bar.
Bu ýagdaýda bolsa Ünzileler tükenmez. Bugün Özgecan bolar ady, ertirki gún Emine, ýene başga bir gün Münevver,Aleyna, Pınar… Hatda käte atlaryny hem, bilmän, tanaman, bir gazet parçasynda olaryň ölüm habarlaryny okarys. Olaryñ köpüsi üçin ölüm erkinlik bolsa, käbirisi üçin iñ uly ejir. Şeýle ýagdaýlar olardan hiç uzakda däl. Käbiriniň jellady ( gödek bolany üçin bagyşlañ, ýöne şeýle rehimsiz adamlara başgaça nähili ýüzlenjegimi bilmedim.) kakasy, käbiriniñki söýgülisi bolsa käbiriniñki äri, hatda aýtmasy elhenç bolsada käbiriniñ çagasy…
Bu ähli tragediýany gaýtadan we ýene gaýtadan başymyzdan geçirýän hem bolsak, olaryñ ölümine diri şaýat bolsakda, heniz hem, häzir hem, ýene- ýeneler hem:
“Ýöne ol wagty ol ýerde näme işi bar ekeni?”
“Ýöne ýanyndaky adamy hiç tanamadykmyka?”
“Ýöne ol hem öjükdirmän duran bolsa bolmaýarmyky?"
diýen ýaly bahanalar bilen janyna kast edenleri aklap durarys.
Döwlet dymýar, halk dymýar, polisiýa dymýar, kazyýet dymýar. Daş-töwerek ýangyn ýerine öwrülip, bu ýurduň asty-üstüne öwrülmeli mahaly hemme kişi dymýar we biz her gün täzeden öläýýäris.
___________
Aýdymyñ sözlerini ýetirmek isledim, ýöne aýdymyñ özüni diñleseñ has täsirli.
Sezen.Aksu ýerine ýetirýär.
-ÜNZILE-
Ünzile insan dölü
On kardeş beşi ölü
Büyüdükçe un ufak
Ve gelir de görücü
İnci gibi dişi
Görücü bilir işi
Söğüdüm ağlar gider
Olur hatun kişi
Varmadan sekizine
Ergin oldu Ünzile
Hem çocuk hem de kadın
12'sinde ana
Bir gül gibi al ve narin
Bir su gibi saydam ve sakin
Susar kadın Ünzile
Yağmuru kim döküyor?
Ünzile kaç koyun ediyor?
Dayaktan uslanalı
Hiçbir şey sormuyor
Korkar durur gitmez
Köyün en son çitine
İnanır o sınırda dünyanın bittiğine
Ünzile insan dölü
Bilinmezlere gebe
Sırların mihnetini
Yükleyip de beline.
Terjime eden: Mawy.

Teswirler (11)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...