Meniň 4-nji sentýabrda bu sahypada ýazan ilkinji makalamy okan okyjylaryň ýadyndadyr. Şol ýazgymda men on iki ýaşymdakam, daýymlaryň toýunda, meniň daşgynrak garyndaşym Mähri bilen synanyşan, ilkinji şowsuz walsym barada ýazypdym. Şeýle-de wakanyň dowamyny geljekde size ýetirjegimi aýdypdym. (Makalany heniz okamadyk ildeşler, arhiwden tapyp okap bilersiňiz).
Şu gün size şol wakanyň dowamy ýetirmegi makul bildim.
... Men toý heniz doly sowulmanka, özümi dürsäp, Mähriniň ýanyna gaýtadan bardym. Ol özi ýaly birnäçe gyzjagazlar bilen topar bolup, toýa tomaşa edip duran ekeni. Men oňa ýüzlenip şeýle diýdim:
- Mähri, ikimiziň walsymyz, erkek doganyň Meret sebäpli başa barmady. Ýöne wagt geler, meniň kimdigimi hemmeler tanar. Senem bilersiň, doganyňam biler. Belki bäş ýyldan, belki on bäş ýyldan. Ýöne şol wagt hökman geler. Ýüz keşbimi we adymy belläp goý...
Mähri we onuň töweregindäki gyzjagazlaryň ählisi üns bilen meni diňläp durdylar. Men sözümi tamamlap, Mähriň jogabyna garaşman, dessine ol ýerden yzyma gaýtdym. Teleşkaň aşagynda, bir gyrada özüme ýer tapyp, toý sowulýança şol ýerde oturdym.
Aradan alty ýyl geçensoň, ine şeýle waka boldy.
Men, ýokary okuw jaýynyň iki kurs talybykam, bir gün okuwa baramda, kömekçisi meni dekanyň gyssagly çagyrýandygy habar berdi. Sapaga girmän, dessine dekanyň otagynyň ýerleşýäm binasyna bardym. Ýüregim gürsüldeýärdi. Kellämde bolsa birnäçe jogapsyz soraglar: Hiç-hili sebäp ýokka, näme üçin meni dekan gyssagly çagyrdyka?! Näme sebäp bolduka?! Hiç-hili sapak sypdyrmadym, tertipsizligim ýa beýleki etmişimem ýok, näme üçin gyssagly dekany görmeli boldumkam?!...
Dekanyň otagyň ýanynda on minut çemesi garaşamsoň, kömekçisi, onuň otagyna girmegime rugsat berdi. Uly otagyň girelgesinden girip, dekana salam berdim. Dekan, begençli ses bilen maňa ýüzlenip, “Atamyrat, seni gutlaýaryn. Arada Bilim ministrliginden gelen hatda, tapawutlanyp okaýan, göreldeli talyplaryň atlaryny soradylar. Menem beýleki iki talyp bilen, seniň adyňy ugradypdym. Ýaňyja, Bilim Ministrliginden habar geldi. Indiki hepde sen hormatly Prezidentimiziň Şahadatnamasy we gymmat bahaly baýragy bilen sylaglanarsyň. Men, eýýäm seniň ýolbaşçy mugallymyňa hem duýdurdym. Sapaklardan rugsat bererler. Dessine, git-de şol çärä taýýarlyk gör!”
Men, begenç duýgusy bilen “bor, ýoldaş dekan, köp sagboluň” diýip onuň otagyndan çykdym. Begenjimiň çägi ýokdy. Ene-atalaryma, dogan-garyndaşlaryma bu barada öňünden duýdurman, olara sýurpriz etmegi makul bildim.
Şeýlelikde, garaşylýan wagt we sagat geldi. Men Prezident Köşgünde bolan dabarada hormatly Prezidentimiziň hut özünden Şahadatnama hem-de onuň gymmat bahaly sowgady bilen sylaglandym. Şeýle-de, şol günüň ikinji ýarymynda Ruhyýet Köşgünde geçirlen baýramçylyk konsertine hem gatnaşdym.
Agşamara çäreden çykyp, kakama jaň etdim. Oňa şu günki “Watan” habarlar gepleşigine hökman tomaşa etmegi haýyş etdim. (Ol henizem meniň bu günki alan sowgadymdan habarsyzdy). Men bolsa kursdaş oglanlar bilen agşamlyk edinip, öýe adatdakylardan gijirak barjagymy duýdurdym. Soň, kursdaş dostlar bilen, meniň bu günki üstünligimi “ýuwduk”. Hezil edip agşamlyk edindik. Aýdym-saz diňledik. Olaryň ählisi meni bu uly üstünligim bilen gutladylar.
Kakam, “Watan” habarlap gepleşigine tomaşa edende, meniň adymyň okalanyny we hormatly Prezidentimizden sowgat alanymy görüp, depesi göge ýetipdir. Maňa jaň edip, “oglum, meni ömrümde ýatdan çykmajak derejede begendirdiň, buýsandyrdyň. Seni bu uly üstünligiň bilen gutlaýaryn.” diýdi. Yzy jany, ejem bilen gürleşdim, olam begendi, meni gutlady. Soň bolsa dogan-garyndaşlarym, klasdaşlarym, tanyş-bilişlerim jaň edip meni gutladylar.
Öňünden sowgat aljagymy, ejeme-kakama aýtman, olara eden bu garaşylmadyk sýurpirizim olary diýseň begendirdi. Meniň özümem bu ýagdaýa begendim. (Dogry karara gelipdirin).
Ertesi güni, okuwdakam, alty ýyl öň daýymlaryň toýunda walsa çagyran gyzym, Mähri jaň etdi. Ol meniň hormatly Prezidentimizden sowgat alandygymy ejesinden eşidipdir. Meni gutlady. Soň, maňa şeýle diýdi: “Atamyrat, şol gezek toýda doganym Merediň bize böwet bolandygy üçin bagyşla. Men doganymyň adyndan hem senden ötünç soraýaryn. Şeýle-de, senden bir haýyşym bar: Men seni köpden bäri daşyňdan synlaýan. Seniň özüňi alyp barşyňy, okuwdaky üstünlikleriňi görýärin. Men seni gowy görýärin. Eger senem makullasaň, seni has ýakyndan tanamak, seniň bilen dostlukdan has ýakyn derejede gatnaşyk etmek, halaşmak isleýärin...”
Men, Mähriň bu garaşylmadyk meýlini, teklibini geň gördüm. Ara düşen bir salym dymyşlykdan soň, oňa ýüzlenip şeýle diýdim:
- Mähri, gutlagyň üçin sagbol! Maňa bolan ýakymly duýgylaryň üçinem sagbol! Men şol gün, ikimiziň şowsuz wals synanşygymyzy; başdan geçiren tukatlygymy henizem unudyp bilemok. Ikimiziň aramyzda häzirkisinden üýtgeşik hiç-hili gatnaşyk bolup bilmez. Hoş, sag bol!
Soň bolsa telefony öçürdim.
Soň, biraz oýlanyp, men telefonda Mähri bilen bolan ýaňky gürrüňi hem-de alty ýyl öňki wakany ýene bir gezek aňynda ýatladym. Şol gün, meniň oňa aýdan sözüm, indi hakykata öwrüldi. Men, uly üstünlige ýetdim. Meni, diňe bir goňşylarym, dogan-garyndaşlarym, tanyş-bilişlerim däl, tutuş ýurdumyzyň halky teleýaýdymda gördi. Adymy eşitdi. Ýokary derejeli Döwlet sylagy alanyma ýaýlymda tomaşa etdi.
Elbetde men bu üstünlige bir gijede ýetmedim. Çagalygymdan başlap, okuwdan daşary özbaşdak okadym, mugallyma gatnap goşmaça sapak aldym. Jan etdim. Okadym. Has köp okadym. Deň-duşlarym toý-dabaralara giden mahaly men kitabymy, depderimi gujaklap, uzak gije okuw okadym. Kitaplar, depderler iň ýakyn hemrama öwrüldi. Olar her dynç alyş wagtynda dürli ýerlere gezmäge, güýmenmäge gidende, men okuw bilen gümrä boldum. Arasynda, olaryňky ýaly çagalygymyň bolmandygyna puşman bolan, gynanan pursatlarymam boldy.
Ahyrynda, nesibäm çekip, agzalýan üstünlige ýetdim. Bu üstünlik birnäçe ýyllaryň dowamynda meniň ukysyz geçirlen gijelerimiň, uly azabymyň netijesi. (Men elbetde muňa gowy düşünýärin.).
Adamlar adatça, kimdir biri şeýle uly üstünlige ýetende ol üstünlik hakda gürrüň edýärler. Emma, onuň arkasyndaky uly yhlasy, azaby, jepakeşligi welin (adatça) ýatlamaýarlar. Bu barada habarsyz. Ony diňe çeken, başdan geçiren adam(lar) bilýär. (Edil, ukysyz gijelerde adamyň ýeke özüniň bolşy ýaly).
Mähri soň maňa şol halaşmak meýli barada hiç-haçan dil ýarmady. Dogan-garyndaşlarymyzyň toýlarynda, üýşmeleňlerinde soňam onuň bilen birnäçe gezek sataşdym, salamlaşdym. Häzirki ol maşgalaly, bagtly ýaşaýar. Menem şeýle.
Çagalykda we ýetginjeklikde bolan wakalar, gürrüňlerem, indi ýatlama bolup galypdyr.
Edil düýş ýaly.
Sag-salamat galyň.
*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.

Teswirler (12)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...