Mämmetgurban Mämmetgurbanow
Altmyşynjy ýyllaryň onýyllygam, ýetmişinji ýyllygyň onýyllygam biziň edebiýatymyza uly zehinleriň gelip gowuşan döwri boldy. Şeýle zehinleriň birem, ömri pajygaly tamamlanan, şahyr gelin Annasoltan Kekilowadyr. Haçanda men Annasoltanyň goşgylaryny agtaryp ýörkäm, tankytçy Saýlaw Myradowyň arhiwinden onuň 19568-nji ýylda çap edilen “Gara saçlarym” atly çaklaňja ýygyndysyny tapdym. Saýlaw Myradow Annasoltanyň bu kitapçasyny tutuşlygyna okap çykypdyr. Onuň ýygyndysyndaky her goşga diýen ýaly eden bellikleri hem muňa güwä geçýär. Saýlaw Myradow şol kitabyň bir sahypasyna ýazan iki agyz jümlesi meniň ünsümi çekdi. Tankytçy şol sahypa: “Şujagaz gyzda bir zat bar – how!” diýip ýazan eken. Men şol jümläni gaýta-gaýta okadym... Dogrusy, bu setirler onuň göwniýetmezçiligi däldi, eýsem bu tankytçynyň bu üýtgeşik zadyň üstünden barandygynyň alamatydy, şu pursatda täze zehiniň üstüniň açylandygyna onuň gözi ýetýärdi.
Annasoltanyň özboluşly zehindigini köpler bilýärdi. Ýöne gynansak-da, bu hakda hiç kim dil ýarmady. Şol ýakymly sözleri eşitmänem ol bu dünýäden gitmeli boldy.
Annasoltan Kekilowa 1942-nji ýylda Köpetdagy etekläp otran Köşi obasynda eneden doguldy. Hut şol ýerler-de ol öz çagalygyny geçirdi. Heý çagalyk döwri ýaly hem gyzykly zat bolup bilermi? Ol hem edil beýleki gyzjagazlar ýaly gulpajygyny tasadyp, gurjak oýnady, “gizlempeçek” oýnady. Goňşy aýallar pamyk ýalyjak akja gyzy heniz hem ýatlaýarlar. Gör, ol bu goşşularyň näçesiniň “elini owkalapdyr, aýaklaryna çykyp beripdir”.
Ençeme ýyllap olar bilen goňşuçylykda oturan adamlar Annasoltanyň ejesiniň öz gyzyny “Daglarbaşy” diýip söýendigini gürrüň berýärler. Ogulgerek eje öz gyzyny daglara deňäpdir. Ýok, ol öz balasyny daglardan-da ýokarda goýupdyr. Daglarbaşy . Belkäm, bu diňe bir enäniň gyzyna bolan söýgüsi däldir, belkem, bu enäniň öz gyzynyň zehinine, onuň ertirki gününe boan ynamydyr.
Ine-de men Annasoltanlarda otyryn. Kiçeňiräk howly. Howlydaky agaçlaryň hemmesini diýen ýaly Annasoltan hut öz eli bilen oturdypdyr. Idegsiz galan ol agaçlaryň köpüsi gurapdyr, birnäçesi bolsa indi gurap başlapdyr. Palçykdan salnan üç otagly jaý. Olaryň sag çetkisi Annasoltanyň öz otagy bolupdyr. Otag polsyz, ýer endigan suwalan. Eýlesi-beýlesi iki ädim bolan bu kiçiräjik otaga zordan bir stol ýerleşdirilipdir. Gapdalda bolsa ulanmadan galan bir peç dur. Bu stoluň başynda Annasoltan özüniň ençeme eserlerini döredipdir.
Annasoltanyň ata-babalarynyň oturymly ýeri, şu Köşi obasy bolmaly. Onuň asly Aşyr Keçelerden. Annasoltanyň kakasyna Seýit diýer ekenler. Ol Aman we Şally Kekilowlaryň iň uly dogany. Seýidiň üç gyzy bolup, Annasoltan olaryň iň körpesi.
Annasoltanyň kakasy Seýit agajet, gujurly adam eken. Ol almyşynjy ýyllaryň ahyrynda aradan çykypdyr. Annasoltanyň kakasy ýogalanda “Meniň göreçlerimde kakam ýaşaýar” atly goşgysy döredi.
...Olar ýola düşdi barýalara, ana...
Eginlerde atam bilen merdiwan.
Merdiwany alyp barýan gerçekler,
Biliň, meniň ömrüm size bediwan.
...Göz öňümden ýitip barýan tabydyň,
“Eý, atam jan, gidip barýaň gelmeze!”—
diýip, gussaly pursaty beýan edýän setirleri biperwaý okamak mümkin däl.
Annasoltanyň ejesi hakda biz ýokarda ýatlapdyk. Aýdyşlaryna görä, Ogulgerek eje-de şahyrana aýal bolupdyr. Kämahallar onuň özi hem goşgy sanaberer ekeni. Enäniň terbiýesi onuň şahyranalygy bilen eýlenip gyzyna geçipdir diýseň ýalňyş bolmasa gerek. Annasoltanyň ejesi hakda goşy görnüşinde ýazan haty saklanyp galypdyr.
“Sen maňa erteki ýaly aýdymlaryň bilen egsilmez joşguny, bagty, ýagty umydy sowgat etdiň, eje jan. Sen meni gök asmanyň astynda öz pataň bilen uzak ýollara atardyň. Şonuň üçinem seniň öňüňde dyza çökýärin...”
“Ýaňy göze görünende” ýetimligiň dagy bilen daglanan gyzyň uly maşgalanyň keşigini öz gerdeninde çekmelei bolandygyna göz ýetirmek kyn däl. Ol ejesine goltgy bermäge, doganlaryny rahatlandyrmaga çalşýar. Gyzlaryň iň ulusy Dursyn daýzanyň “Ol körpe-de bolsa, biziň iň ulymyz ýalydy” diýip aýtmagy ýöne ýerden däl. Kakalary ýogalanda ýzan goşgusynda:
Men seni ýatlaryn, seni küýsärin,
Atam, bagtym üçin saňa minnetdar.
Aglamaň jigilem, rahatlan enem,
Meniň göreçlemde kakam ýaşaýar—
Diýmegi, ýaş gyzy däl-de, ençeme kynçylygy başyndan geçiren aýal maşgalany ýadyňa salýar. Ejesinden rahatlanmagy haýyş edip, “jigilerine” aglamaň diýmegi (bu ýerde onuň “jigilerim” diýýäni özünden uly gyz doganlary) Dursyn ejäniň aýdanlarynyň köstsüz hakykatdygyny subut edýär.
Ol köp kynçylyklar bilen Türkmen döwlet unwersitetiniň türkmen filologiýa fakultetine okuwa girýär. Emma oňa bu ýerde “arkaýyn” okamak miýesser etmeýär. Ony dürli sebäpler bilen okuwdan çykarýarlar. Soňra her niçik hem bolsa ony okuwyna dikeldýärler. Elbetde, okuwynyň dikeldilmegi gowy zat, ýöne bu barybir döwlen göwnüň seýiklenendigini aňlatmaýar. Annasoltan diplomyny alandan soň, iki ýyl mugallymçylyk edýär. Şu ýyllarda hem onuň radioda okan käbir “syýasy taýdan ygra” goşgylary üçin “ýokaryk” çagyrýarlar. Ol “Mydam taýýar” gazetinde işläp ýörkä hem “dürli sebäpler” bilen arzasyny berip işden gitmeli bolýar...
Ýöne 29 ýaşly Annasoltanyň 1971-nji ýylda dälihana düşenden soňky gören görgilerini ýatlasaň, ondan oňki kynçylyklar asla hiç bolup galýar diýen ýaly.
Ýogsa-da Annasoltan dälihana näme sebäpli düşdükä?
Ol dälihana düşmeäinden ozal, Angliýanyň Moskwadaky ilçihanasyna özüniň şol ýurda geçmegine rugsat edilmegi hakda arza ýazýar. Hut şol günden beýläk hem ol Döwlet howupsyzlyk komiteti tarapyndan yzarlanyp başlanýar. Annasoltan Angliýa geçermidi-geçmezmidi belli däl, ýöne barybir Sowet Soýuzy oňa beýle etmäge rugsat bermezdi. Bu hereketiň 70-nji ýyllarda nähili kabul edilendigine bu gün biziň hemmämiz oňat düşünýäris.
Meniň elimde bir gymmatly dokument bar. Bu dokument Annasoltan Kekilowanyň “keseliniň taryhy”. Onuň bir çüňküne “gizlin” diýlip möhür basylypdyr. Dokumentdäki ýazgyny bolşy ýaly getirýärin. “...ol respublika ýolbaşçylyk edip bilmeýändikleri hakynda, Türkmenistanyň aýal-gyzlaryna nädogry gatnaşyklary hakynda dürli ýerlere, şol sanda partiýanyň XXIV gurultaýyna arzalar ýazdy. Angliýada ýaşamaga rugsat sorady. Şonuň üçinem DHK-niň gözegçiligine alyndy, psihiatr wraçlaryň konsultasiýasyna eltildi we olar Kekilowanyň şizofreniýedan azap çekýändigini anykladylar. Ol zor bilen keselhana ýerleşdirildi.
Diňe wraçlaryň däl, asla medisinadan başy çykmaýan her bir adamyň hem ýokardaky sözler bilen şizofreniýäni delilendirip bolmajakdygyny akly çatýan bolsa gerek. “Keseliň taryhyndan” görnüşi ýaly Annasoltanyň arza ýazmagy, Angliýa gitmegi rugsat soramagy onuň ruhy taýdan näsagdygyna şibhelenmäge esas beripdir. Geliň düşünşeliň. Eýsem-de içimizde özümizi biynjalyk edýän meseleler hakynda ýzaýanymyz azmy näme? Annasoltanyň arzasynyň bir üýtgeşik tarapy ol partiýanyň XXIV gurultaýyna niýetlenipdir., galyberse-de onda 70-nji ýyllardaky Annasoltan öz arzasyny käbirleriniň edişi ýaly golsyzam ýazaýmandyr. Ýogsa şol döwürde golsuz arzalara-da seredilýärdi ahbetin. Ikinji bir ýagdaý, ol Angliýa gitmäge rugsat sorapdyr. Bu bolup bilmejek zatmy? Eýsem şol ýyllar daşary ýurda gidenler azmy” ýokarky “keseliň taryhynda” aýdylýan zatlara esas edip alsak, onda biz gaty köp adamyň saglygyna şübhelenmeli bolarys. Saharow, Solžonisin we ýeneler... Olar daşary ýurda-ha bir gitdiler, üstesine kommunistik partiýamyzyň nädogry syýasaty hakynda diňe arzalar däl, eýsem uly-uly kitaplar ýazdylar.
Annasoltan respublikadaky kemçilikleri tankytlanokmy diýmek, bu onuň gowulaşandygyny aňladýar. Ol “ýumşaýar, gahary ýatyşýar, maşgala hakymda pikirlenýär”. On aýlap keselhanada ýatyp çykandan soň (ol az wagt geçenden soň ýene-de dälihana salynýar) wraçlar Annasoltana şeýle häsiýetnama beripdirler: “Näsag dälilikden saplandy... dürli ýerlere arza ýazmasyny goýdy, biziň partiýamyzyň, Türkmenistanyň Merkezi Komitetiniň nädogry ugry alyp barandygy hakyndaky öňki pikirleriniň, syýasata baş goşup hakykaty gözlemeginiň öz keseli sebäpli bolandygyny aýtdy”.
Bu hem öňki “keseliň taryhy” bilen baglanyşykly setirleriň üstüni ýetirýär. Bu ýerde gelip çykýan mana görä, Annasoltan diňe respublikanyň Komunistik partiýasyny tankytlamadyk halatynda “dälilikden” saplanyp bilýän eken.
Ýogsa-da, näme üçin “keseliň taryhynda” AnnasoltanyňKomunistik partiýanyň nädogry syýasatyna bolan garaýşy aýratyn çingilenýärkä?
Bu düşünikli zat. Annasoltan “Merkeze” ýazan hatlarynda hemişe respublikanyň Kommunistik partiýasynyň nädogry syýasatyny tankytlapdyr. Bu halatda jogap bermek hem gerek ahbetdin. Ýokarda getirilýän zatlar maňa jogap tapmagyň iň ýeňil ýoly bolup hyzmat edýär. Ol jogaby şeýleräk äheňde düzmek mümkin : “Annasoltan Kommunistik partiýany tankytlaýar. Ýöne onuň akly kemter. Şonuň üçinem muňa üns bermek hökman däl”.
Hatda munuň bilenem kanagatlanylanok. Ondan hem aňyrrak geçilipdir. Bu düşünjäni Annasoltana – da makulladypdyrlar we “biziň partiýamyzyň, Türkmenistanyň Merkezi Komitetiniň nädogry ugry alyp barýandygy hakdaky öňki pikirleriniň, syýasat baş goşup hakykaty gözlemegiň öz keseli sebäpli bolandygyny ýatdy” diýen hyjuwly setirleri dokumente girizipdirler. Ýöne “ syýasata baş goşuphakykaty gözlemeginiň...” diýen jümläni ýazmak bilen bu dokumenti dolduran adamlar özleri düşünmän onuň hakykaty gözleýändigini baýun alypdyrlar.
Hawa, ol on aýdan soň keselhanadan çykarylypdyr. Ýöne bu erkinlik uzaga çekmändir. Syýasat bilen baglanyşykly göwnemakul bolmadyk hereketleri üçin onu ýene-de öňki durmuşyna gaýtaryp getiripdirler.
Birnäçe wagyt geçenden soň, onuň şizofreniýeden azap çekýändigi hakynda Moskwadan berilen kesgitleme bilen onuň “keseliniň taryhynyň” üsyi ýetirilipdir.
Şeýlelik bilenem ol ömrüniň ahyryna çenli dälihanada bolmaly bolupdyr. Bu ýerde saklanylmagyna onuň özi, doganlay, ogly, ejesi garşyka Annasoltany “uly alada” bilen hiç ýere goýbermändirler.12 ýyllap”yhlas bilen bejeripdirler”. Ýöne näme üçin Annasoltany “bejerip biledilerkä?” näme üçin Annasoltan hut keselhanada gözüni ýummaly boldy?
Bu gün onuň ruhy näsaglygy hakda Moskwadan berilen kesgitleme-de, hut şu günlerem käbir wraçlaryň “ol dogrydanam keseldi” diýip, gaýtalaýan sözlerem Annasoltany diredägede getirip medisina barlagyndan geçirip bilmeýändigimiziň ajy ahmyry bolup galýar.
Öz sözüni aýtdyrmajak bolup, kemçilikleri tankytlandyrmajak bolup, Kommunistik partiýanyň syýasatynyň nädogry däldigini boýun aldyrjak bolup oňa 12 ýylyň dowamynda içirilen dermanlary, tenine her günde üç wagtyna urulan ukollary göz öňüne bir getirip görüň. Muňa biziň haýsy birimiz çydam edip bilerdik?...
Näsaglaryň gündelik ýagdaýlary hakynda bellik edýän wraçlaryň Annasoltan babatda “ol heniz näsaglykdan saplanmandy, “men keselli däl” diýip irginsiz gaýtalaýar” diýen ýazgysyny okap başyňy ýaýkanyňy duýman galýarsyň.
Jebir gördüm bu diwardan aňyrda.
Zulum gördüm bu diwardan aňyrda,
Ölüm gördüm bu diwardan aňyrda,
Hapa boldum, men bir suwa düşeýin—
diýip, ýangynly setirleri galdyryp giden maşgalanyň çylşyrynly ykbalyna biz belkem, henizlerem doly düşünýän däldiris. A belkem köpimiz “hakykatdanam ol däli bolaýmasyn, onuň dokumentlerem bar-a” diýip, oýlanýarys.
Ol hemişe agyr ýagdaýdan çykalga gözleýär, dogusy, birnäçe gezek keselhanadan gaçýar. Ýöne gaçyp nirä gaçyp gitjek. Onuň bu synanşyklary hemişe netijesiz tamamlanýar. Ony ilki Köşüdäki keselhanada saklaýarlar. Soňra Aşgabatdaky, Gökdepedäki, Daşhowuzdaky, Moskwadaky keselhanalarda ýatmaly bolýar. Moskwadaky keselhana ibermeklerini onuň özi talap edýär. Çünki ol ýerde öz diagnozynyň aýrylmagyna kömek etmekleri mümkin diýen umytda bolýar. Bu-da başa barmaýar. Soň ony ýene-de Aşgabada iberýärler.
Annasoltan öz ýazgylarynda ejesiniň häli – şindi ýatlaýar. Ol gelip penjräniň öňünde uzak wagtlap oturýan eken, käteler bolsa şol ýerde daňyny atarypdyr: Ol Annasoltan keselhana düşenden soň, uzak wagt geçmänkä aradan çykypdyr.
Annasoltan 19 ýaşynda durmuşa çykýar. 1962-nji ýylda , ýagny 20 ýaşşynda ogly bolýar. Oňa Ýagmyr diýip at dakýar (oňa häzir Robert diýip atlandyrýalar). Oglunyň dünýä inen günleri Annasoltan “Perzent” diýen goşgyny ýazýar.
Akyşerka daýza,
Meniň çagamy
Getirsene bäri,
Göremok häli.
Getirdiňmi? Sog bol,
Mähriban daýza.
Hany; meniň gujagyma bersene!
Salam!
Dünýä inen ýaşajyk çaga!
Enelik borjuny bagş etdiň maňa—
diýip, Annasoltan öz durmuşynda örän seýrek bolan iň bagytly pursatynda perzendiniň öňündäki borjuny ýatlaýar.
Annasoltan durmuşynyň agyr minutlarynda hem özüniň enelik borjuny unutmaýar. Ol ogly hakda irginsiz alada edýär. Birnäçe gezek ogluny görmek üçin keselhanadan gaçypdyr. Köplenç halatda-da, onuň paltasy daşa degipdir. Ogly Moskwa şäherindäki 6-njy internatda okaýarka, ol ýere birnäçe gezek hat iberipdir. Oňa ünüs bermegi terbiýeçilerden haýyş edipdir, okuwdan başga zatlar bilen meşgullanyp ýörmezligi ogluna sargapdyr. Ol 7-nji klasda okaýarka Aşgabada gelip, hut öz ejesini alyp gaçmagy gurapdyr.
Annasoltan öz-özi bilen derdinişipdir. Ak kagyza derdini döküpdir. Öz gusasyny ýazgylaryna, goşgularyna siňdiripdir. Iň ýönekeýje zatlardan özüne hemaýat gözläpdir. Annasoltanyň örän öňdengörüjilikli işlan awtorlygyny bilýäris. Ýaşlygyna garamzadan roman ýazmaga synanyşandygyndan, üç sany ulanylmadyk kinosenariýany döredendiginden habarymyz bar. Keselhana girmezinden özal ençeme hekaýalary gazet-žurnallarda çap edilipdir. Şeýle hem onuň “Gara saçlarym” (1968ý.), “Zenanlar” (1971ý.) atly iki sany goşgular ýygyndysy dünýä inipdir. Moskwa şaherinde çapdan çykarylan zenan şahyrlaryň kollektiw ýygyndysyna hem onuň rus diline terjime edilen goşgularynyň ençemesi girizilipdir. Keselhana düşende Annasoltanyň 29 ýaşy bar eken we ýokarda sanan zatlarymyzyň hemmesi onuň şondan öňki döredijiligine degişli. Munuň özi Annasoltan Kekilowanyň köptaraply zehininden habar berýär.
Elbetde, şahyryň goşgularyna düşünmezden, poeziýasyna doly aralaşmazdan, onuň durmuşyna hakyky manyda göz ýetirmek mümkin däl. Annasoltanyň poeziýasynyň liriki gahrymany örän agyr durmuşy başdan geçirýär, ol kyn, ejirli ýollary külterlemeli bolýar. Liriki gahrymanyň çylşyrymly ykbaly, mümkin awtoryň öz ykbalyndan üzňe däldir, sebäbi aşakdaky setirler şahyryň hut öz ýüreginden syzylyp çykýar ahbetdin:
Ol gün ýel ösdümi ýa-da gar ýagdy,
Kim maňa at goýdy, kim pata berdi.
Gadyrsyz perzendi bagyşlap dünýä,
Bilmen, haýsy ene meni dogurdy...
Giň dünýäde nägile sen bar zatdan,
Bir hossarsyz naçar köçeden galan,
Soň men öldürildim...
...Ölüp ýaşadym...
Ýöne bu setirlere liriki gahrymanyň ejizligi diýip düşünmek nädogry bolardy. Kä pursatlarda şeýle gapma-garşylykly pikirleriň döremegi tebigy zat. Hemişe, ahyrky netijede liriki gahryman öz-özüni köşeşdirmegi başarýar. Diňe bir köşeşdirmegem däl, eýse ähli kynçylyklary ýeňip geçmäge, özüni göreşe atarmaga güýç , gaýrat tapýar.
Eger-de meň boljask bolsa duşmanym,
Ajdarha dek belent bolsun dünýäde,
Kül üstünde oturandan bimaza,
Gowudyr özüňi oklanyň oda.
Ýa bolmasa aşakdaky setirlerde:
Göýä bir gyş güni
Açylan gül dek
Aňzak bir göreş etdim,
Açyldym—
diýip pikir öwürýän lirik gahrymanyň kalbynyň bir künjeginde nähilidir bir ynam, hiç haçan synmajak batyrgaýlyk ýaşaýar.
Dogrudan-da, Annasoltan Kekilowanyň liriki gahrymany ilkinji nobatda göreşiji, uly şahsyýet höküminde ýadyňda galýar. Onuň pikirleri bialaç seniň ünsüňi çekýär, özüňi hem oýalanmaga mejbur edýär. Şu ýerde onuň “Gargalar” atly goşgusynyň üstünde aýratyn durup geçmekçi. Bu goşgy onuň şygyrlarynyň arasynda iň naýbaşylarynyň biri.
Asmanda çaknyşyp sowuk bulutlar,
Güýçli ýel syrygyp, gar köwsarlaýar.
Meň kalbymda bolsa uçgun tutaşyp,
Ýanyp duran küre ýaly lowlaýar.
Azaşýan ýol tapman doňak tokaýda
Dodaklarym kepäp,
Ýalaýan gary.
Ýüregim gananok,
Ýene men teşne,
Gaýyp ýör depämde gara gargalar,
Soraýan olardan:
-- Nirede çeşme?
Bu setirlerden görnüşi ýaly, liriki gahryman azaşýar, çeşmä barmaga ýol agtarýar. Oňa ýol salgy berýänem gara gargalar. Okyýjylara gara gargalaryň obrazy düşüniklidir. Gargalar gyza öz dillerinde bir zatlar diýýärler. Gyzyň göwnüne bolmasa, olar “Gözleme gyz, bu tokaýda çeşme ýok” diýýäne çalym edýär. Emma ol umytdan düşmeýär.
Gargalar tokaýdan
Ugradyň meni—
diýip, özüni ýola salmagy haýyş edip gargalara ýüzlenýär. Her niçik-de bolsa gyzyň garaşany çykmaýar. Ýöne şonda-da liriki gahryman:
Ol gargalar meni
Görýänem däldir—
Diýip, gargalary günäkärlemeýär. Gaýta ol:
Ýöne henizlerem ýatlap gynanýan,
Düşünemok gargalaryň diline—
diýip, hemme zady öz üstüne alýar, gargalaryň diline düşünmeýändigi üçin öz-özüni günäkärleýär we seniň öňüňde bir gez beýgelýär. Bu ýerde liriki gahrymanyň öz çuňňur garaýşy, pikirlenmeleri, adamkärçiligi bilen uzak wagtlap ýadyňa salýar.
Gürrüňimiziň gönüden göni Annasoltanyň poeziýasyna syrygandygy üçin, onuň ynsan we tebigat hakyndaky oý-pikirleri babatda hem durup geçmek nädogry bolardy. Şahyryň liriki gahrymanyny hemişe adamlaryň birek-biregiň ykbalyna bolan biparhlylygy ynjalyksyzlandyrýar.
Adam gussa çekýär, daralýar dünýä
Bulutlaň içinde Aý tutýar ýasy.
Bu setirlerde awtor ilki bilen adam gussasyna tebigatyň biparh däldigi hakyndaky gürrüňlere ünsüňi çekýär. Dogrydan hem “planynyň ýogalan güni uzynly gün tupan turdy” diýen ýaly jümleleri il arasynda eşidýäris. Ýöne Annasoltanyň liriki gahrymany bu babatda başgaça pikir öwürýär.
Adam aglamasa adam derdine,
Tebigat biz üçin çekermi gamy.
Şahyr ol ýa-da beýleki zady her taraply seljermegi başarýar, näme hakda ýazýandygyna garamazdan çuňňur pikirlenýär, şahyrana oýlanmalar bilen seni özüne bendi edýär. Biz tutuş ýyllaryň dowamynda Beýik Watançylyk uruşynda wepat bolan näbelli esgerlere ýadygärlik dikip, olaryň öňünde baş egip geldik. Bu gowy zat. Ýöne Annasoltan:
Nesilleriň aýdymyn, ädimin diňläp,
Olar üçin baky ýatmak gylykdyr.
Näbelli mazarlaň barlygy bolsa,
Diriler siz üçin masgaralykdyr—
diýýär welin, öz –özüňden uýalanyňy duýman galýarsyň.
Annasoltan Kekilowada güýçli şahyrana duýgurlyk bar. Şu ýerde ýekeje tymsal aýdasym gelýä.
Bir masgarabaz şowsuzlyga uçraýar. Şol günem halkyň öňünde onuň çykyşy bar. Masgarabaz il adamsy. Ol öz gussasynyň unudyp, halkyň göwnüni götermeli. Masgarabaz çykyş edende muny başarýaram. Tomaşaçylar onuň her bir hereketine erinlerini gulaklaryna ýetirip gülýärler. Emma şol ýerde Annasoltan oturan bolsa, masgarabazyň gözlerindäki gam-gussany bada-bat syzardy. Onuň içki dünýäsini susup alardy. Diňe şeýle ýürekden:
Biziň gapymyzda daglar görünýär,
Şol daglaň hem öz ýüregniň dagy bar—
diýen setirler çykyp biler.
Onuň söýgülisini wasp edişi hem inçeden özboluşly.
Köp şahyrlarda liriki aghrymanyň ýaryna bolan söýgüsi ony bu dünýä, ýaşaýşa ruhlandyrýan bolsa, Annasoltanyň liriki gahrymany tersine, bu dünýädäki zatlara bolan söýgüsi bilen ýaryna ýakynlaşýar.
Seň ýanyňdan çykyp gaýtdym hoşlaşyp,
Syzyň duşuşygyň süýji lezzetin.
Şol gün seň mähriňe gark edip meni,
Bu giň dünýä,
Giden umman—
Göäýetim.
Annasoltan Kekilowanyň goşgulary millilige ýugurylan. Ol öz şygyrlarynda milli zatlary juda belentde goýýar, şol sanda türkmen gyz – gelinleriň egin-eşiklerine-de uly sarpa bilen seredýär. Häzirki döwürde, hemme kişi millilik hakda aýdyp bilýärkä, mümkin bu zatlar ýönekeý görünse-de görünýändir, ýöne hiç kimiň bu hakda dil ýaryp bilmeýän wagtynda aşakdaky ýaly liriki setirleriň dünýä inmegi Annasoltanyň goşgularynyň gymmatyny artdyrýar.
Ýarym maňa akja ýalyk hödürýäp,
-- Al öýmäňi atynma – diýip ýalbarma.
Gyzyl, ýaşyl ketenimi söýmeseň,
Özümi-de “söýýän” diýip gül berme.
Onuň poeziýasynda uly orun eýeleýän milli buýsanç gözgiderlik derejede ösen. Annasoltan türkmen haýsy bir zady hakynda gürrüň etse ony söýdürmegi başarýar:
Güýz gelendeal öýmäme syn edip,
Gök asmandan ak durnalar ötendir.
Hol aşakda duran türkmen gyzynyň başyndaky ýömesine geň galyjylyk bilen seredip, boýnuny süýdürip barýan durnalar bu setirleri okan badyňa bialaç göz öňüne gelýär. Bu ýerde obrazlylyk örän ýerlikli ulanylypdyr. Ol goşgynyň bütin durkuna özboluşly öwüşgün çaýýar. Annasoltan diňe millili ýa-da şuňa meňzeş beýleki zatlar babatda däl, eýse aýdylmagy örän hatarly bolan pikirleri hem goşgularyna salmakdam çekinmeýär. Ol:
Wyjdan kemsidilýän şeýle mekanda—
diýip, dogruçyl ýaşamagyň ýeňil bolmadyk döwründe hem mertlik bilen orta çykýar. Biz şol ýyllaryň görkezen güzaplary barada bu gün diňe başymyzy ýaýkap gürrüň edýäris. Ýöne okyýjylar liriki gahrymanyň bu jümlesini onuň öz mekanyna bolan ýigrenji diýlip kabul etmeli däldir. Bu ýigrenji diýip kabul etmeli däldir. Bu ýigrenç ynsanyň wyjdanyny kemsidip, şol mekanda ýaşap ýören betpygyl adamlara gönükdirilendir. Liriki gahrymanyň öz makanyna ýurdyna bolan söýgüsi çäksizdir, belentdir:
Maýsa kösüklände gülli sähada,
Günden sorasynlar meniň derdimi.
Haýsy ýerde, nirelerde bolsam-da,
Ruhum bilen söýýändirin ýurdymy.
29 ýaşyna çenli şeýle ajaýyp setirleri döredip, olary okyýjylara ýetirmegi başaran Annasoltan Kekilowa keselhana düşenden soň hem galamyny taşlamandyr. Dört diwara gabsalan, daşky gözellikden mahrum edilen şahyra galamyň ýalňyz hemra bolandygyny aňlamak kyn däl. Ol özüniň “Akja kebelege ýüzlenme” “Garagol oglanjyk”, “Bagt guşum” we ýene-de birnäçe goşgularyny ömürüniň ahyrky günlerinde hut keselhanada döredipdir. Eger ol 1982-83-nji ýyllar aralygynda ondan gowrak goşgy ýazan bolsa (bu getirilen san hem anyk däl, bular diňe onuň goşgularyndan saklanyp galany), onda1971-91-nji ýyllar aralygynda döreden goşgulary hem az-küş däldir. Ýöne şol döwürde ýazylan goşgularyň her birini tapmak başartmady. Ortanjy aýal doganlary Kiçiniň gürrüň bermegine görä, Annasoltangoşgudan doly bir düwünçegi Moskwa ibermegi haýyş edip ew oňa bir adres beripdir. Kiçi Annasoltanyň haýyşyny kanagatlandyryp, goşguly düwünçegi şol adrese ugradypdyr. Soň ol adres ýitipdir hem-de wagtyň geçmegi bilen Kiçi daýza şol adresiň nähilidigini ýadyndan çykarypdyr. Düwünçege salnyp iberilen şol goşgular mümkin, geljekde bir ýerlerden tapylar.
Annasoltanyň keselhana girmezden ozal döreden goşgularynyň birnäçesi aýdyma öwrüldi. Onuň “Gözellik gyzlaryň baky mirasy” diýen aýdymyndan orta nesliň habary bardyr. Şeýle hem zehinli aýdymçy Annaberdi Atdanowyň ýerne ýetiren:
Bahar güller açanda,
Saýrap guşlar uçanda.
Güneş nurun saçanda,
Janym gözledim seni—
diýip başlaýan “Gözledim seni” diýen aýdymy ençeme ýyllaryň dowamynda diňleýjileriň söýgüsini gazandy.
Annasoltany ýakyndan tanaýan adamlaryň gürrüň bermegine görä, ol keselhanada diňe bir goşgular döretmek bilen çäklenmändir, mahal-mahal gaýma-da gaýapdyr, keşde-de çekipdir. Şeýle işleri ýerne ýetirmek bilen, belkäm, Annasoltan öz-özüni köşeşdirendir, olary agyr durmu\yndan vnsvni sowmak vcin gv[menje edinendir.
Onuň keselhanada geciren 12 ýýlynyň dowamynda ýokary edaralaryň dürli jogapkär işgärlerine ýazan hatlarynyň ençemesi saklanyp galypdyr. Orta atylýan meseleleriň wajyplygy taýdan ol hatlaryň uly ähmiýeti bar.
Annasoltanyň keselhanadaky döwürinden galan goşgularyň köp bölegi rus dilinde. Töwerek – daşyny akly kemter adamlaryň gurşap alan halatynda, işlemek üçin hiç hili şertiň ýok wagtynda onuň rus dilinde çap etdirme üçin özbaşdak goşgular ýygyndysyny taýýarlamagy, şahyr gelniň zähmetsöýerligine bolan hormat duýgusyny döredýär. Hawa, Annasoltan bu ýygyndysyny hut keselhanada taýýarlapdyr we onuň ýüz sahypasyndan gowragy elýazma görnüşinde saklanyp galypdyr. Ýygyndy awtoryň türkmen dilinde ýazan goşgulary esasynda düzülipdir. Olary Annasoltanyň özi türkmen diline terjime edipdir.
Ýöne onuň rus dilindäki goşgularynyň ençemesiniň türkmençesi ýok. Eger-de Annasoltanyň öz goşgularyny ilki türkmençe ýazyp soňra rus diline geçirýändigini göz öňünde tutsaň, onda bu goşgularyň hem türkmençesiniň bolaýmagy ähtimal.
Onuň keselhanada döreden “Owganystan” atly goşgulary toplumynyň hem türkmençesi ýitipdir. Bu goşgular toplumy 1982-nji ýylda ýazylan bolmaly. Annasoltan baryp-ha on ýyl mundan ozal, “ol ýerde hak söweş gidýär” diýip tassyklaýan döwründe Owganystanyň durmuşyna dogry baha bermegi başarypdyr. Annasoltan bu goşgular toplumynda ol ýerde nähak ganyň dökülýändigi hakda ýüz görmesizden , aç-açan ýazypdyr. 1989-njy ýylda owgan topragyndan biziň esgerlerimiziň çykarlandygyny Annasoltan görmän gitdi. Ýöne munuň şeýle boljagyna ol ynanan eken ew onuň bu ynamynam hiç kim syndyryp bilmädi.
Annasoltan çagalar üçinem goşgular ýazypdyr. Öz şygyrlarynda çagalaryň durmuşyna aralaşyşy, olaryň dünýäsini açyp görkezişi şahyryň çagalar temasyndan hem oňat eserler döredip bilendiginden habar berýýär. Onuň arhiwinde çagalar üçin ýazylan, göwrüm taýdan kiçi bolmadyk goşgular toplumy saklanyp galypdyr.. ýöne bu goşgular hem rus dilinde. Olaryň içinde “Pil we garynja”, “Samolýot”, “Kebelekler”, “Towşanjyk” , “Arylar”, “Ol möjek däldi” ýaly goşgular şowly çykypdyr. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, Annasoltanyň her bir rus dilindäki goşgusynyň türkmençesiniň bolaýmagynyň ähtimallygy üçin, häzirlikçe olary türkmen diline terjime etmekden we bu ýygyndyda okyýjylara hödürlemekden saklandyk.
Annasoltan öz goşgularyny üç familýa bilen ýazypdyr. Olaryň birinjisi- Seýidowa, onuň gyzka göterýn familýasydyr. Soňra durmuşa çykmagy bilen ol Ylýasowa familýasyna geçýär. Annasoltanyň Kekilowa familýasy 1961-68-nji ýyllardan soňky döwre degişli.
Biz Annasoltanyň durmuşyna siňin ser saldyk, onuň ömrüniň her bir pursatyna, edim-gylymyna, häsiýetine, galdyran ýazgylaryna, garaz oňa degişli bolan iň bir ýönekeýje zatlara-da nazar aýladyk.
Onuň galdyryp giden ýazgylarynyň hemmesem gymmatly. Ýöne Annasoltanyň rus dilinde sözme-söz terjime görnüşinde galdyran goşgulary aýratynda özüne çekýär.
Men ýeke däl, başga-da adamlar ýaşaýar,
Adamyň nesli mydama dowam edip dur.
Goý, bu gün meň goşgymy okamasalar okamasynlar,
Ýöne döwrem, adamlaryň islegem, sýögüsem, ykbalam dürlidir.
Mümkin ertir... üýtgeşik ýürekli bir kişi doglar,
Hem meni söýer, pikirlerime teşne bolar, goşgularymy okar.
Emma barybir ol meni garry aýalyň keşbinde-de tapyp bilmez.
Menem onuň galyň dodaklryndan öpüp minetdarlyk bildirmek
Üçin mazarymdan çykyp bilmerin.
Şonuň üçinem,
Sen meniň ýaşdaşymmyň, ýa kiçimiň...
Garaz kim bolanda-da..
Kalbymda duýgy oýaranyň üçin,
Minnetdarlyk bildirýärin...
Şeýle setirleri ol ölmeziniň öň ýany ýazyp gidipdir. Bu setirler şahyryň geljekki nesle bolan ýüzlenmesidir. Bu onuň özüniň şygyrlarynyň täze nesile hökmany suratda ýetjekdigine ynanypdyr. Ol şol nesli keselhanada ýatyrka hyýalynda görüpdir. Özüni söýýän, goşgularyna teşne bolup okaýan nesle soň men “minnetdarlyk bildirmek üçin mazarymdan çykyp bilmerin” diýip, şu setirleriň üsti bilen sag bol aýdypdyr. Bu zatlary beýan etmegimiz şahyry idealaşdyrjak bolmak däl, eýse bu onuň çylşyrymly, täsin ykbalynyň hakyky sahypasy.
Annasoltanyň dälihanada saklanmagynyň öňümizde ullakan sorag alamatyny keserdip goýşy ýaly, dürli döwürde oňa garşy ulanylan çäreler hem düşüniksizlik döredýär. Ýeri gelende şolaryň birini ýatlap geçmek örän majyp. 1975-nji ýylyň sentýabrynda Annasoltan babatda bir karar kabul edilýär. Bu karar boýunça ol SSSR Jenaýat kodeksiniň 106-njy maddasynyň 2-nji bölüminiň 7-nji punkty esasynda jenaýat jogapkärçiligine çekilýär.
Bu ýerde birinjiden-ä munuň nämä esaslanyp edilendigi nämälim, ikinjiden, “ruhy taýdan näsag” hasaplanýan adam babatda beýle karar çykarmaga hiç bir kanun hukuk bermeýär. Ruhy taýdan näsaglyk we jenaýat jogapkärçiligi biri-birine gapma-garşy gelýär.
Ol her näçe kynçylyk, ejir görse-de mertlik bilen çydapdyr. Keselhana düşenden soň, ol yzygiderli diş agyra, demgysma ýolugýar. Annasoltan öz hatlarynyň birinde “Meniň gözlerim görmän başlady, ýüregim agyrýar” diýip ýazypdyr.
Näsaglap gutulan Şeker A. Şeýle gürrüň berýär: “Men Annasoltan bilen bir aýyrak bile boldum... Ol görgülini garawullap saklaýardylar... Käte oňa ukol edýärdiler. Bir gezek ukol edenlerinde iki ýana ylgady. Şu günki ýaly ýadymda. Keselhanada goşgy ýazýardy. Onuň ýazan goşgularyny käte dogtorlar ýyrtyp goýbärdiler. Men 1973-nji ýylyň fewralynda keselhanadan çykdym. 1979-njy ýylda medinistitutda okaýan gyzymyň öli adamyň jesedini görüp akly üýtgedi. Biz ony şol ýere ýerleşdirmeli bolduk. Şonda men tötänden Annasoltany gördüm. Onuň saçy çalarypdyr, garrapdyr”.
Ol hemişe öz saglygyndan, erksizliginden ejir çekýär.
“Özümiň ýarawsyzdygymy bildirmejek bolsam-da bolanok...”
“...Aşgazanymdyr ýüregim agyrýar, iki hepdelik yzygiderli gatnap, dişlerimi bejertmäge mümkinçilik tapdym...”
“...Meni hemişe gözegçilik astynda saklaýarlar. Her gün irden halym teň turýaryn. Maňa ýaşamaga ýene-de näçe wagt galdyka? Iň esasy zadam – näbellilik , nämälimlik meniň ýüregimi mynçgylaýar” diýip, Annasoltan dürli döwürde ýazypdyr.
Onuň ömüriniň ahyrky günlerinde ýazan hatlarynyň hem birnäçesi saklanyp galypdyr. Olaryň birinde 1982-nji ýylyň 7-nji oktýabry, ýene biri 1983-nji ýylyň 24 –nji ýanwary görkezilipdir. Ol hatlary okap, ähli kynçylyklara garamazdan, Annasoltanyň öz erkli, tutanerli bolandygyna haýran galýarsyň.
“Men nädogrylyklar hakda ýazman diýip, barybir, hiç kimiň öňünde dyza çöküp ýalbarmaryn”.
1983-nji ýylyň 19-njy iýunynda säher wagtlary garyndaşlary. Annasoltanyň jesedini kesehanadan alyp gidýärler. Şondan soň keselhanadaky Annasoltana degişli dokumentleriň içinde şeýle ýaägy peýda bolýar. “Annasoltan Kekilowa oglunyň haýyşy boýunça öýde seretmek üçin keselhanadan çykaryldy”.
Mämmetgurban Mämmetgurbanow.

Teswirler (0)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň.