Gyzlar, dogrymyzy aýdaly - 20 ýaşyňda haýsy tortdan iýseň-de, ertesi injir ýaly inçe injikleriň bilen oýanýardyň. Emma 30-dan soň... bedeniň birden özbaşdak karar berip başlaýar, hatda seniň razylygyňy soramaýar! Düýn iýen bir bölek tortyň, bu gün gaşyňdaky aýnada "salam" diýip özüni görkezjek bolup durandyr.

Aslynda bu - betbagtçylyk däl, diňe bedeniň täze "iş düzgünnamasy". Gormonlarymyz üýtgeýär, metabolizm haýallaýar, we edil şonuň üçin hem indi diňe "näçe iýdim" däl-de, "näme iýdim" barada pikirlenmeli bolýarys.

Şu ýerde baş gahrymanymyz sahna çykýar: BELOK

Belok näme, näme üçin bize gerek?

Sada dilde aýtsak - belok siziň myşsalaryňyzy, saçyňyzy, dyrnagyňyzy we hatda gormonlaryňyzy gurýan "gurluşyk material". Ýagny, gowy saç, berk dyrnak we ýadawlyga garşy durnukly bedeni isleýän bolsaňyz - muny äsgermezlik etmäň!

Näçe gerek?

Adaty gündelik durmuşda: her 1 kg agramyňyza 0,8 gram belok (60 kg bolsaňyz - 48-50 gram)

Zala gatnaýan, agyr maşk edýän bolsaňyz: 1,4-2,0 gram/kg (60 kg - 80-120 gram)

Ýagny zala gatnamasaňam, diwanda ýatyp Belet film görüp otursaňam, bedeniňe belok gerek.

Indi bolsa iň gyzykly bölek - 107 gram beloga baý, az kaloriýaly, utanman "ikinji gezek hem iýeýin" diýdirjek nahar!

Gerekli önümler:

400 gr towuk döşi

150 gr tworog

3 sany ýumurtga

1 sany pomidor

40 gr peýnir

Burç, paprika (ýa-da öýüňizdäki islendik priprawa — "bar bolan zat" diýlende, hakykatdanam bar bolan zat!)

Taýýarlanyşy:

Towuk döşüni we pomidory dört burç edip dograň;

Duhowka gabyna tworog, ýumurtga, dogralan towuk-pomidor we burçy atyp, ählisini gowy garyň;

Üstünden peýniri gyrgyçdan geçirip sepiň;

200 gradusda 20-25 minut duhowkada saklaň;

Zapikanka taýýar, diýseň ýönekeý, emma güýçli "belok bombasy" taýýar! Hiç hili diýet ýok - diňe akylly saýlaw.

Işdäňiz açyk bolsun, gözelligiňizi bolsa aýna görkezsin!