Fransuz ýazyjysy Žules Werniň “80 günde ýeriň daş töweregine syýahat” atly meşhur eseri, meniň häzire çenli iň halap okan kitaplarymyň biridir. (Megerem aramyzda bu kitaby okamadyk ýok bolsa gerek). Men ol kitaby iki gezek okadym. Kiçi wagtym onuň rus dilindäki neşrini, soň ikinji gezek bolsa iňlis dilindäki nusgasyny okapdym. Kitabyň baş gahrymany Phileas Fogg Londonda ýaşaýan gurply we örän takyk adam. Ol bir gezek Londonyň meşhur Reform Klubynda dostlary bilen otyrka, şol gün gazetde çykan bir habarda demir-ýollaryň çekilmegi bilen indi ýeriň daş töweregini segsen günde syýahat etmäge mümkinçiligiň dörändigi bilen tanyşýar.

Şeýlelikde Phileas Fogg dostlarynyň birine ýeriň daş-töweregini laýyk segsen günde syýahat etjekdigi barada ýigrimi müň funt sterling pul goýup (şu günki günde takmynan üç million ABŞ dollaryna barabar), jedel edýär. Şeýdip ol bada-bat dünýä syýahatyna başlaýar. Ol London – Pariž – Italiýa – Müsür – Hindistan – Gong Kong – Ýaponiya – ABŞ – Atlantik okeany – London ugry boýunça syýahat edýär.

Phileas Foggyň syýahatynyň dowamynda birnäçe garaşylmadyk wakalar, geň başdan geçirmeler bolýar. Kitapdaky wakalar barada gysgaça gürrüňi şu ýerde bes edýän (ýogsam aramyzda heniz kitaby okamadyklar maňa igenäýmesin).

Netijede ol, dünýä syýahatyny söz weren wagtynda tamamlap, laýyk bellenen wagtda Reform Klubyna dolanyp gelýär we ýokarda agzalan uly mukdardaky pul baýragy utýar.

Eger bu meşhur kitaby okamadyk(lar) bar bolsa, size hökman bu gyzykly kitaby okamagy maslahat berýärin. Dogry, häzirki döwürde, samolýot bilen ýeriň daş töweregine segsen günden has gysga wagtda syýahat edip bolýar.

Kitap täsin wakalary, başdan geçirmeleri bilen okyjyny özüne çekýär. Kitaby ilkinji gezek okan wagtymdan bäri, Londondaky meşhur Reform Klubyny görmegi arzuw edýärdim. Ol meşhur Klup kitapdaky wakalaryň başlaýan we gutarýan ýeri. Nesibäm çekip, klubyň binasyny gördüm.

Londonyň taryhy bölegindäki Pall Mall köçesiniň ugrunda ýerleşýän, we häzirem açyk bolan meşhur Reform Klubynyň suratyny aşakda size ýetirýärin. Klubyň içine diňe agzalaryň girmäge haky bar ekeni. (Agza bolmaklyk üçin bolsa köp mukdarda ýyllyk tölegi tölemeli). Men agza bolmanym sebäpli, klubyň esasy foýesini; içindäki okalgalary we otaglary görmäge mümkinçiligim bolmady.

Awtoryň belligi: Londonda ýerleşýän meşhur Reform Kluby (surata düşüren: Beýannama)


AŇK-TAŇK BOLAN ÝEWROPALY

Ýewropaly okyjylar gündogaryň pars edebiýaty bilen ilkinji gezek 17-nji asyrda tanyşýar. Saady Şirazy, Hafyz, Omar Haýýam, Nizamy Genjewi ýaly ussat şahyrlaryň şygyrlary, gazallary bilen ilkinji gezek tanyşan ýewropaly intelligensiýa wekilleri edil depesinden gaýnag suw guýlan ýaly bolupdyr. Olar, bu eserleriň çeperçilik derejesine haýran galypdyrlar. Sebäbi, ýewropa ýazylan goşgylar gündogar edebiýaty bilen deňeşdirlende juda gowşak bolupdyr. Hatda, ýewropa edebiýatynyň görnükli wekili, meşhur nemes ýazyjysy Gýote gündogar edebiýatyndan täsirlenip, gazal formasynda eser ýazypdyr. Gündogar edebiýaty esasanam nemes edebiýatyna has çuň täsir ýetiripdir.


“ÄRSARYNYŇ GYZY”

Bu gezekki ýazgymy, nusgawy şahyrymyz Mämmetweli Keminäň goşgysyna ýazylan “Ärsarynyň gyzy” atly meşhur halk aýdymynyň bir bendi bilen jemleýärin. (Bu halk aýdymy meniň iň söýüp diňleýäm aýdymlarymyň biridir).

 

Ýarym diýip, ýola çyksam,

Ýollar - ärsarynyň gyzy.

Jeren gözläp, çöle çyksam,

Çöller - ärsarynyň gyzy.

 

Sag-salamat galyň.

 

*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.