Abdylla Kahhar

(1907—1968)

Abdylla Kahhar (özbekçe: Abdulla Qahhor) – meşhur özbek ýazyjysy, dramaturg, terjimeçi we satirik. Ol özbek edebiýatynda realistik kyssaçylygyň düýbüni tutujylaryň biri. Ýazyjy esasan gysga hekaýalarynda ynsan häsiýetlerini, jemgyýetçilik durmuşynyň nogsanlyklaryny, adaty adamlaryň başdan geçirýän kynçylyklaryny çeper beýan etmegi bilen tanalýar.

Ol 1907-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Özbegistanyň Kokand şäherinde demirçi maşgalasynda dünýä inýär. Kakasy Abdukahhor maşgalasyny eklemek üçin Kokandyň töweregindäki dürli obalarda zähmet çekýär. Şoň üçin Abdyllanyň çagalygy birnäçe obada geçýär. Ol ilki oba mekdeplerinde, soňra Kokanddaky bilim ojaklarynda okaýar. 1922–1924-nji ýyllarda mugallymçylyk tehnikumynda bilim alýar.

1925-nji ýylda Daşkent şäherine göçüp baran ýaş Abdylla «Gyzyl Özbegistan» gazetinde işläp başlaýar. Şol döwürde ol Orta Aziýa döwlet uniwersitetiniň işçiler fakultetinde okaýar. 1930-njy ýylda bolsa uniwersitetiň pedagogika fakultetini tamamlaýar.

Abdylla Kahharyň edebi döredijiligi 1924-nji ýyldan başlanýar. Şol ýyl onuň «Aý ýananda» atly ilkinji satiriki goşgusy «Muş­tum» žurnalynda Norin Şilpyk tahallusy bilen çap edilýär. Soňra ol dürli gazet-žurnallarda hekaýalaryny, felýetonlaryny we makalalaryny çap etdirýär. 1929-njy ýylda neşir edilen «Başsyz adam» hekaýasy onuň kyssa žanryndaky döredijiliginiň möhüm başlangyçlarynyň biri bolýar.

Ýazyjy 1930-njy ýyllarda özbek edebiýatynda realistik kyssa žanrynyň ösmegine uly goşant goşýar. Onuň «Ogry», «Nar», «Gorky», «Hassa», «Edebiýat mugallymy» ýaly hekaýalarynda jemgyýetçilik durmuşynyň dürli meseleleri, ynsan häsiýetleriniň gapma-garşylyklary we adamlaryň arasyndaky gatnaşyklar ýiti synçylyk bilen suratlandyrylýar. Bu eserlerde ýazyjy käte gülki, käte-de gynanç arkaly okyjyny durmuşyň çuňňur meseleleri barada oýlanmaga mejbur edýär.

Abdylla Kahharyň ilkinji romany «Serap» 1935-nji ýylda çap edilýär. Onuň «Goşçynar çyralary» (1951) romany, «Sinçalak» (1958), «Geçmişden ertekiler» (1965) we «Muhabbet» (1968) powestleri hem özbek edebiýatynyň görnükli eserleriniň hataryna girýär.

Ýazyjy dramaturg hökmünde hem uly üstünlik gazanýar. Onuň «Şohi sozana» (1949–1953), «Agyryly dişler» (1954), «Tabytdan ses» (1962) we «Eje janym» (1967) ýaly sahna eserleri tomaşaçylaryň ünsüni çekýär. Esasan hem «Şohi sozana» pýesasy diňe bir Özbegistanda däl, eýsem, daşary ýurtlaryň teatr sahnalarynda hem görkezilýär.

Abdylla Kahhar terjimeçilik bilen hem meşgullanypdyr. Ol A. S. Puşkiniň, L. N. Tolstoýyň, N. W. Gogolyň we A. P. Çehowyň eserlerini özbek diline terjime edipdir. Şeýlelikde, dünýä edebiýatynyň nusgawy eserleriniň özbek okyjylaryna ýetirilmegine hem goşant goşupdyr.

Baýraklary we sylaglary

- 1952-nji ýylda «Şohi sozana» eseri üçin Stalin baýragyna mynasyp bolýar.

- 1966-njy ýylda Hamza adyndaky Özbegistan SSR Döwlet baýragy bilen sylaglanýar.

- 1967-nji ýylda «Özbegistan SSR-niň halk ýazyjysy» diýen hormatly ada mynasyp bolýar.

- 2000-nji ýylda, aradan çykandan soň, «Buyuk xizmatlari uchun» ordeni bilen sylaglanýar.

Abdylla Kahhar 1968-nji ýylyň 25-nji maýynda Moskwa şäherinde aradan çykýar. Ol özbek edebiýatynda çeper sözüň gysga, täsirli we manyly bolmagynyň nusgasyny görkezen ýazyjylaryň biri hökmünde ýatda galýar. Onuň eserleri şu günem özbek edebiýatynyň gymmatly mirasynyň bir bölegi bolup durýar.

#internet maglumatlary esasynda taýýarlandy