Adam örän ýönekeýje zatdanam ýalkanyp biler.

Meselem: terjime edeniňe degýän ýazyjynyň bir eserini terjime edeniň üçin ýa-da çyn şahyryň bir eserini halka ýetireniň üçin.

Nämeden ýalkanjagyňyzy bilmersiňiz!

Allaň razylygy üçin Onuň ýoluna janly soýup, sadaka bereniňkem kabul bolsun, şular ýaly iş edeniň ybadatam, yhlasam kabul bolsun!

Zähmete çapalyň, gepe çapmalyň!

Il içinde gep kän, iş weli has kän.

Käte giç düşünýäs, bu hakykata.

Iniler düşünsin, ýaşkan, has ýaşkan!

Kerim Gurbannepesow.

Ine, bu Resul bilen Süleýmana!

Alla janyňyzy sag, ömrüňizi uzak, işiňizi rowaç etsin!

Alla ýoluňyzy açyk etsin!

Alla göwnüňizdäkini bersin!

Alla sizi howpdan-hatardan, beladan-beterden, maşyndan-motordan gorasyn!

Yrsgal-döwletiňizi zyýat etsin!

Hiç kime, hiç zada mätäç etmesin!

Omin!