Okyjy käte bir kitabyň ilkinji sahypalaryndan başlap, wakalaryň nähili tamamlanjakdygyny bilmäge howlugýar. Ýöne käbir ýazyjylar okyjyny soňky sahypasyna çenli çaklamalaryň, syrly wakalaryň, garaşylmadyk öwrülişikleriň içinde saklamagy başarýar. Şeýle ýazyjylaryň biri-de dünýä edebiýatynda «Detektiw žanrynyň şa zenany» adyny alan Agata Kristidir.

Doly ady Agata Meri Klarissa Miller Kristi Mellowan bolan Agata Kristi (1890–1976) iňlis ýazyjysy, detektiw žanrynyň ussady. Ol döredijilik ömründe 66 detektiw roman, 14 hekaýalar ýygyndysyny we 20-ä golaý sahna eserini ýazypdyr. Mundan başga-da, Meri Westmakott tahallusy bilen alty sany söýgi romanyny neşir etdiripdir. Emma bu eserler onuň detektiw romanlary ýaly giň meşhurlyga eýe bolmandyr.

Agata Kristiniň «Gündogar ekspresindäki jenaýat», «Kaminleriň syry», «Gizlin duşman», «N ýa-da M?», «Galkan» we «Sapagymyz jenaýat» ýaly eserlerinde jenaýat wakalary diňe bir delilleriň üsti bilen däl, eýsem, gahrymanlaryň ýiti zehini, synçylyk ukyby we logiki pikirlenişi arkaly açylýar. Ýazyjynyň döreden meşhur gahrymany, belgiýaly sülçi Erkül Puaronyň ownuk-uşak ýaly görünýän jikme-jikliklerden uly netijeleri çykaryp bilmegi okyjyny haýran galdyrýar.

Agata Kristiniň eserleriniň dünýäde gazanan meşhurlygy onuň döredijilik ussatlygynyň aýdyň subutnamasydyr. UNESCO-nyň «Index Translationum» maglumatlaryna görä, onuň eserleri 103 dile terjime edilipdir. Şeýle hem ol dünýäde iň köp terjime edilen ýazyjylaryň biri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna giripdir.

Onuň eserleriniň şeýle uly meşhurlyga eýe bolmagynyň syry diňe bir gyzykly wakalarda däl. Garaşylmadyk çözgütler, çylşyrymly sýužetler, ynandyryjy keşpler we okyjyny ahyryna çenli pikirlenmäge mejbur edýän syrlar Agata Kristiniň döredijiliginiň esasy aýratynlyklarydyr. Şonuň üçinem onuň eserleri onlarça ýyl geçse-de, dünýäniň dürli künjeklerinde okyjylaryň söýgüsini gazanmagyny dowam etdirýär.

#internet maglumatlary esasynda taýýarlandy