2011-nji ýylyň fewral aýynyň başlarydy. Işde mahalym, mekdep ýyllaryndan bäri tanaýan ýakyn dostlarymyň biri jaň etdi. “Dost, soňky gezek çaýlaşanymyza esli wagt boldy. Ýakyn wagtda ýene sataşyp, bir ýerde iýip-içeli’ diýdi. Onuň aýdyşy ýaly, soňky gezek ýüzbe-ýüz görüşenimize üç aý töwerek bolan ekeni. Üç güň soň, öňki “Merdemiň” (häzirki “Hezzet”) ikinji gatyndaky restoranda, agşam sagat 19:00-a wagt belleşdik.

Bellenen wagtda Merdemiň ikinji gatyndaky restorana bardyk. Girişde restoranyň bir işgäri bizi garşylap, oturmaga ýer görkezdi. Biz ýerimize geçip oturanymyzdan 15-20 minut çemesi geçensoň, restoranyň içi adamdan doldy. Soň restoranyň bir işgäri ähli stollara bir şem goýup, ony ýakdy we zalyň ýagty çyralaryny öçürdi. Restoranyň zalynda, biraz garaňky, romantiki ýagdaý emele geldi.

Daş töweregimdäki oturanlara göz aýlamda, bizden başga restoranda oturanlaryň ählisiniň jübütdigini (erkek-zenan) bilip galdym. Beýleki oturanlar ýa halaşýanlar, ýa-da maşgala guran jübütlerdi. Diňe men we dostum, iki erkek bir stolda otyrys. Men bu ýagdaýy görüp, aňk-taňk boldum.

Ýuwaşlyk bilen dostuma ýagdaý barada aýtdym. Görüm otursam, biziň dostum bilen wagt belleşen günümiz 14-nji fewral ekeni. Ýagny, Söýgülileriň güni. Ikimizem başagaýlyk bilen, şol günüň 14-nji fewraldygyny ýadymyzdan çykarypdyrys.

Gyzykly ýeri, daş-töweregimizde oturanlar bize geň-taň bakyşlar bilen seredýärdiler. Hawa, men olaryň kellesinde aýlanýan pikiri aňýan: “Bu iki erkegiň Söýgüliler gününde, restoranda ikiçäk näme işleri barka?! Şu gün, şu ýerde oturan bolsalar, diýmek bu iki erkek söýgüli (!) bolaýmasa...”

Hawa, şol gün bize daşyndan seredýän adamlaryň pikirine görä, dostum ikimiziň şemli stolda bolup oturşymyz, sözüň doly manysynda, häzirki ýörgünli söz bilen aýtsam, date edýärdik...

Bu dörän ýagdaýa dostum ikimiziň gülkümiz tutýardy. Zordan pyňkyrman saklandyk. Iş-alada, başagaýlygyň arasynda, owalam zordan wagt belleşip gelipdik. Şol sebäpli, iýip-içmän, gümür-ýamyr etmän bu ýerden gidesimiz gelenokdy. Bir tarapdanam, yzy üzülmän bize seredýän töwerekdäki oturanlaryň bakyşlary ikimizem biynjalyk edýärdi. (Araňyzda şol gün, şol sagat, şol ýerde oturanlar bar bolsa, bu geň waka siziňem ýadyňyzdadyr)...

Her niçigem bolsa, restorandan turup yzymyza gaýtmadyk. Oturdyk. Iýip-içdik. Gürrüň etdik. Şol wakadan bäri on bäş ýyldan gowrak wagt geçdi. Dostum bilen, häzirem arasynda Merdemde bolan şol wakany ýatlaýarys. Men şondan bäri, her gezek Merdeme oturmaga baramda, 2011-nji ýylyň 14-nji fewralynda başymdan geçen täsin waka ýadyma düşüp, ýylgyranymy duýman galýaryn.

Mahal-mahal şol günki halymyzy kimdir biriniň telefonda surata düşürip, Internete, sosial mediýa platformalaryna goýmandygyna begenýärin. Ýogsam, ähli tanyşlarymyza wejera boljak ekenik.


MEŞHUR “BAÝATYLAR” AÝDYMY HAKDA KELAM AGYZ

Mälim bolşy ýaly, Azerbaýjan halk we estrada aýdym-sazlary dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Menem çagalygymdan bäri, Azerbaýjan halk aýdymlaryny we häzirki zaman estrada aýdymlaryny söýüp diňleýärin. Bu gün size, Azerbaýjan estradasynyň, dünýäde uly meşhurlyk gazanan bir aýdymy - Baýatylar (azerbaýjan dilindäki ady: “Bayatılar”) barada kelam agyz gürrüň etmekçi.

Meniň pikirimçe, “Baýatylar” aýdymy, “Aýralyk” aýdymy bilen bir hatarda, dünýäde iň köp meşhurlyk gazanan üç azerbaýjan aýdymynyň biridir. Üçünji aýdym hökmünde, meşhur “Sary gelin” atly azerbaýjan halk aýdymyny agzap bilerin.

“Baýatylar” aýdymy 1989-njy ýylda ýazylýar. Aýdymyň sazyny ýazan meşhur azerbeýjan kompozitory Eldar Mansurow. Sözleri bolsa şahyr Wahid Azize degişlidir. Bu aýdymy ilkinji bolup azerbaýjan estradasynyň meşhur ýyldyzy Brilliant Dadaşowa ýerine ýetirdi. Aýdymyň awtorlyk hukugy kompozitor Eldar Mansurowa degişlidir.

Bu meşhur aýdym, häzire çenli dünýäniň dürli ýurtlarynda elliden gowrak aýdymçy tarapyndan, dürli dillerde ýerine ýetirildi.

Meşhur aýdymçy Brilliant Dadaşowa metbugata beren bir interwýusynda, bu aýdymy studiýada ýazgy eden mahaly özüniň göwreli wagtyna gabat gelendigi aýdýar. Şol sebäpli özüniň aýdymdaky belent depginde çekip aýtmaly ýerlerini göwnejaý ýerine ýetirip bilmändigini belleýär. Muňa garamazdan, kompozitor Eldar Mansurow onuň ýazgydaky ýerine ýetirişine göwni ýetipdir.

Kompozitor Eldar Mansurow, bu ugurda köp iş edenem bolsa, bu meşhur aýdymynyň awtorlyk hukugyny halkara derejesinde öz adyna hasaba aldyryp bilmändir. Şol sebäpli, aýdymynyň Gresiýa, Rumyniýa ýaly Ýewropa ýurtlarynda grek, rumyn dillerinde çykarylan görnüşleri, şol ýurtdaky kompozitorlar tarapyndan eýeçilik hukugy hasaba alnandygy sebäpli, olardan Eldar Mansurow hiç-hili girdeji alyp bilmändir.

Bu aýdymyň Gresiýada we Rumyniýada çykarylan iki görnüşini aýratyn bellemek möhümdir. Gresiýada 2003-nji ýylda “Esena mono” ady bilen çykarylan aýdymy grek dilinde ýerine ýetiren aýdymçy Katy Garbi bu çykyşyndan uly girdeji gazanypdyr. Şeýle-de, “Baýatylar” aýdymynyň 2009-njy ýylda Rumyniýada Edward Maya we Wika Jigulina tarapyndan çykarylan “Stereo love” atly görnüşi hem aýdymçylara dünýä derejesinde uly şöhrat we girdeji getirýär. Bu aýdym tutuş dünýäde hit bolupdy.

Meniň ýadymda. “Stereo love” aýdymy, biziň ýurdumyzda-da şol ýyllarda juda meşhur bolupdy. Ol aýdym meniňem söýüp diňleýän aýdymlarymyň birine öwrüldi. (Ol aýdym siziňem ýadyňyzdadyr...?!)

Kompozitor Eldar Mansurow Gresiýada we Rumyniýadaky bu iki çykyşyň plagiýatdygny belläp, aýdymyň girdejilerinden öz paýyny almak üçin halkara kazyýetine ýüz tutupdyr. Birnäçe ýyl geçensoň, rumyniýaly aýdymçylar Edward Maya we Wika Jigulina Eldar Mansurowa aýdymdan gazanan girdejileriniň bir bölegini hödürläpdir.

Garaz, “Baýatylar” aýdymy hem asyl görnüşinde hem-de dünýäniň dürli dillerinde ýerine ýetirlen çykyşlary bilen diňleýjileriň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy.

Aýdym-saz ugrunda işleýän kompozitorlaryň, sazandalaryň arasynda bolsa bu aýdym, plagiýat (eseriň rugsatsyz alynmagy; ogurlanmagy) sebäpli açylan birnäçe kazyýet işleri bilen tutuş dünýäde özboluşly meşhurlyk gazandy.

“Baýatylar” aýdymynyň biziň ýurdymyzda hem dürli ýyllarda iki aýdymçy tarapyndan ýerinde ýetirlendigni belläp geçeýin. Bu aýdym Azerbaýjanda çykarylan wagtyndan bir ýyl geçensoň, 1990-njy ýylda, şol wagtky “Aşgabat” aýdym-saz topary (çeper ýolbaşçysy we solisti Atabaý Çarygulyýew) sözlerini türkmen diline geçirip, “Baýatylar” ady bilen ýerine ýetirdi. 1990-njy ýyldaky bu çykyş üçin Eldar Mansurowdan rugsat alnypdyr.

2006-njy ýylda bolsa, öz döwründe meşhur bolan estrada aýdymçymyz Laçyn Mämmedowa “Baýatylar” aýdymynyň sazyna özüçe söz ýazyp, “Ýalňyz ýüregim” ady bilen aýdym edip çykardy. Aýdymyň awtorlyk hukugyna eýe bolan, azerbaýjanly kompozitor Eldar Mansurow, bu çykyşy üçin Laçyn Mämmedowanyň özünden rugsat almandygy barada bir interwýusynda belleýär.

Sözüm gury bolmaz ýaly, meniň hem juda halap diňleýän bu meşhur "Baýatylar" aýdymynyň sözlerinden bir bölegi aşakda size ýetirip, bu günki ýazgymy jemleýärin.

 

(Azerbaýjan dilinden terjime eden: awtor)

Ýüregimde aýaz bar,

Ne gyş geçýär, ne-de ýaz gelýär,

Menewşäni oýarma,

Otlaň düýbünde aýaz bar.

 

Käşgä tukatlygym gozgamasady,

Käşgä göz ýaşym akmasady,

 

Kesekileriň seretmegi bir ýana,

Käşgä ýarym kesekilere seretmesedi...

 

Aýdymyň azerbaýjan dilindäki sözleri:

 

Ürəyimdə ayaz var
Nə qış gedib, nə yaz var
Oyatma bənövşəni
Kol dibində ayaz var

Kədərli axmayaydı
Göz yaşım axmayaydı

Yad baxmağı bir yana
Yar yada baxmayaydı...

 

Sag-salamat galyň.

 

*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.