Ahmet HALMYRADOW
Köne kitaplary 1930-njy ýyllaryň tut-ha - tutlygynda keçä dolap, köne galalarda gömüpdirler diýen gürrüňleri köp eşitdik, ýöne näçe gözlesegem beýle hazyna duşmadyk. Bir sapar topraga tabşyrylan gadymy kitaplaryň yzyny yzlap ýörkäm maňa ýoldaş bolan Hanjar atly ýaş ýigit şu wakany gürrüň berdi. Şol gezek göçülen köne ýurtdan kitaplary tapmadyk, ýöne şu hekaýany tapdyk...
Bu bolup ýören zatlara düşünäýmek aňsadam däldir. Näme üçin gowy adamlar köp horluk çekmeli bolýarka?! Ol kakasyny ýatladygyça şu sowala jogap gözlemeli bolýardy. Ýumruk ýaly oglan-ka gije, bimahal çak gelip, onuň kakasyny ýatan ýerinden turuzyp alyp gitdiler... Pahyr egnine donuny atmaga-da ýetişmedi, südenekledip alyp gitdiler. Gidişi-gidişi boldy. Ýogsam, bu golaý-goltumda Gurbanmämmet aga ýaly ylymdar, ile güne ýakymly adam az-azdy. Ol görgüli gündizlerine-hä mal-gara, mellege başagaý, gijelerine-de goňşy-golama, özüni idäp-sorap gelen myhman-mediwana, gowy-gowy kitaplary bardy, şolardan ýadaman-ýaltanman okap bererdi. Şol kitaplaram ahyrsoňy onuň başyna ýetdi. Gel-gel şeýle adamyň ýüzüne “sen halkyň duşmany” diýip, heý, nädip utanman-eýmenmän aýdyp bolýarka?! Eger şolar ýaly adam halkyň duşmany bolýan bolsa, onda halkyň hossary kimkä?! Düşün-dä, hany, düşünip bilseň...
Gel, şu meseläni anyklaýyn, görgüliniň atylany bir çynmyka diýen pikir bilen Akmyrat aga ahyr bir gün KGB-a bardy. Indi näme öňki ýaly tut-ha-tutlyk, bas-ha-baslyk ýok. Her kim öz ýitigini sorap barsa barybermeli. Ozalky NKWD-äniň jaýyna ol bir aý töweregi gatnady. Soňy görünmeýän sorag-jogaplar ony halys irizdi. Ahyrsoňy ol: ”Bu ýer bir halanýan ýer däl-how, inim. Iliň-günüň gözünden düşdük. Ters pikir edäýmesinler, maňa belli bir jogap beriň ahyryn” diýip jibrindi. Ertesi onsoň onuň eline sygryň dili ýaly bir hat berdiler. Möhür basylyp, gol çekilen şol güwänamada, hakykatdanam, onuň kakasy Gurbanmämmet Seýitmämmet oglunyň 1937-nji ýylyň 1-nji aprelinde “halk duşmany” hökmünde atylandygy, indi bolsa onuň günäsizligi, nähak jeza berlendigi, sowet hökümeti tarapyndan elli ýyldan soň aklanylýandygy tassyklanýardy.
Şu ýere gatnap başlaly bäri her sapar Akmyrat NKWD-äniň bu galyň-galyň diwarly, ötlem-ötlem jaýlarynyň bir ýerinden ýa-da demir gözenekli penjireleriň aňyrsyndan bir ýerden kakasyny göräýjek ýaly agyr duýgulara jigerini daglaýardy, indi eline bu haty berdiler welin, ony manysyz bir boşluk öz labyrynyň astyna aldy. .. Bu edaranyň başlygynyň külreňk gözlerini bir nokada dikip: ”Özüňiz bilýäňiz, döwür şeýle boldy. Onsoňam ters agitasiýa geçýän adamy hiç bir hökümet halap baranok. O döwürde hasam. Men muny umuman aýdýan, hakykatda siziň kakaňyz günäkärem däl bolmaly, ine, şol ýerde ýazylgydyram. Umuman, bizlik işiňizä ine, bitdi, ýaşuly, tak-çto...” diýip, akyllysyran bolmagy ony hasam lapykeç etdi.
-2 -
“Aý şunuň bilen eňekleşip oturmaýyn” diýen pikire geldi-de, Akmyrat ýöremekçi boldy. Onuň: ”Saglykda görşeli, ýaşuly. Gelip duruň” diýen sözüne ol, “Görmedigimiz sen bol” diýdi. Bular ýaly sözüň manysyny aňşyrýana meňzeş däl. Gaýtam “Bor, agam, bor”-diýip gülüm-ýalym edýär. Bu ýerden daşlaşdygyça Akmyrat aganyň ädimi gowşap, aýaklary çolaşjak ýaly edýärdi. Häzir ol yzyna öwrüläýse, kakasynyň şol gadymky, hol, uzak-uzak ýyllaryň aňyrsynda galan mähirli gözlerini göräýjek ýaly boldy durdy. Ol bu syrly zyndandan kakasyny boşadyp bilmän gaýdyp barýan ýalydy...
Bu haty öýüne geldi-de, kakasyndan ýadygärlik galan köne kitabyň gatynyň arasyna salyp goýdy. Arap hatynda türkmen dilinde ýazylan bu kitap “Ýusup-Ahmet” dessanynyň golýazmasydy. Akmyrat munuň näme kitapdygyny bilmek üçin geçen ýyl ýörüte Aşgabada gidip geldi. Şol gezek ondan kitaby satyn aljak bolup ondan kän diledilerem welin, bermedi. Nädip bersin?! Heý berip bolarmy?!
... Gije çaý başynda Akmyrat aga ogullarynyň ikisine-de “Okap görüň” diýip, özüne berlen haty kitabyň arasyndan çykaryp, orta goýdy. Orazam, Toýlam-ikisem gezekli-gezegine okady.
- ... Atamyň ýüze golaý kitaby bar ekenmi, däde? diýip, Oraz golýazma kitaby eline alyp sypalaşdyrdy.
- Şeýle diýib-ä aýdardylar. Öz-ä ep-esli bolmalydy. O döwürde öýünden arap hatynda ýazylan kitap çykdygy-bagtyň ýatdygy. Aý, onsoň otlanlaryndan topraga siňeni gowy diýip, keçä dolap bir ýerlerde-hä gömüpdirler. Garaz, yzy ýitdi. Şu kitap nädip galypdyr, bizä haýran...
- Ýarysy galanam bolsa, ep-esli pul-a boljak eken-aý -diýip, Toýly assyrynlyk bilen agasyna gözüni gypdy.
- Goý-how, şu wagt şu gürrüňi... Ozal gaharyny kimden çykarjagyny bilmän otyr, ýenjiläýme birden.
- Her kitaba iň bolmanda ýüz dollar - a bererdiler...
- O kitaplar satylmaly zat däl-how, düşün-diýip, Oraz inisini köşeşdirmäge synanyşdy.
- Satmanyňda näme etjek?! Ine, aýdaly, ýüz sany arap dilinde ýazylan köne kitap öýüň töründe örülgi ýatyrmyşyn-da. Ýeri şondan saňa näme peýda bar? Aýt, hany?
- Üýşüp ýatan zat ýok-how. Ýekejigi zordan galypdyr. Sen ýaly oglanlaryň jany sag bolsa, üýşüp ýatan zat galmaz. Nämäňiz bolsa, satjak...
- Dur-how, kerwen-kerwen kitap satan etdiň-de goýduň-aý meni...
- Men umuman aýdýan...
- Hany, ikiňem bes ediň!-diýip, Akmyrat aga gaharlandy
... Kitabyň gürrüňi 37-nji ýylyň gürrüňi şol gijeden soň, göräýmäge hemişelik ýapylan ýaly ýapyldy. Içi güwänamaly golýazma kitaby-da, bu gürrüňi-de ýygnap-ýygşyryp goýdulaar. Bäş-alty aý geçenden soň welin... Şol gömülen kitaplar tapylandyr öýdýärsiňizmi?! Ýok, ýok! Başga bir waka ýüze çykdy...
- 3 -
Ýarygije mellegaýakda syýrma daňylgy Boýnak zynjyryny üzere gelip, erbet-erbet üýrmäge başlady. Itiň gahar-gazaby şeýle bir möwjeýärdi welin, sypaýdygy mal-gara bol, adam bol, tapawudy ýok, tike-para etjekdi.
Gyşyň awy sowugy bilen itiň köşeşmeýän ýiti sesinde nähilidir bir meňzeşlig-ä bar. Bu wagt gyzgyn ýorgandan çykasyňam gelenok. Welin, nätjek-dä...
- ...Kim bar-aý!
Akmyrat aga howlynyň ortasynada, çyranyň aşagynda sömsaýak bolup duran ak eginbaşly adamy görüp, birhili boldy. Ol jümşüldäp giden gerdenini gyssagara egnine atan könelişen paltosy bilen berk gysdy-da, omuzlaryny taýly gezek silkip, ykjamlanyp özüni rastlady. Oňa çenli Oraz bilen Toýly-da daşaryk çykdy.
- Jit!!! Kes sesiňi, Boýnak!
- ...Däde, kim bar-aý?!
- Öz-ä bir tanyş adam ýaly...
Ýukajyk ak köýnek - balakly, başy tahýaly gartaşan adam gabat garşyda gagşap-sandyrap durdy. Onuň özüne berilýän soraglara jogap berere ýagdaýy ýokdy. Has golaýyna baranyndan soň Akmyrat aga ony tanady:
- Sädi aga ýaly-la ... Gel, hany gel, Sädi aga, salawmaleýkum!
Görüşdigi boldumu ýa-da ýapyşdygy bodumy, garaz ol Akmyradyň ellerinden iki eli bilen berk tutdy-da, öňküsinden bäş beter sandyramaga başlady.
- Ýör, hany, öýe gireli. Geliň, hany, oglanlar, muny öýe salalyň. Akyly çaşyp, azaşyp ýörmükä görgüli... Gyşda-garda, gijäniň bir wagty näme işläp ýördügikä? Gir, hany, gir öýe.
... Pejiň golaýynda possunda dolanyp oturan goja gözlerini petredip töweregini synlaýardy.
- Çaý iç, Sädi aga...
Termosda demini alyp açylyşan, gyrmyzy reňkli hindi gara çaýyndan Akmyrat aga özüne-de bir käse guýundy. Sädi aganyň käsesini eline tutdurdy.:
- Iç, hany... Gyzyn, aý, ine, hemmesi gülala-güllük bor, enşalla... Men Akmyrat, näme, tanamajak bolýaňmy?! Akmyrat Gurbanmämmet, Akmyrat deriçi... Ýadansyň, gyşarasyň gelse gyşaraý ýassyga, Sädi aga.
Gyzgyn çaýdan yzly-yzyna owurtlaýan goja ýuwaş-ýuwaşdan özüne geldi.
- ... Bä-ä-ä... Men onda Gurbanmämmet aganyň öýüne gelipdirin-dä? Hä-ä-ä... Aýak ýoluna çykdym. Bir başym aýlanan ýaly boldy. Häliden bäri öýümiň gapysyny tapman aýlanyp ýörşüm. Köçäniň o başyndan bu başyna gelipdirin...Nädip gelipdirin?...
- Ol ýene töweregine göz aýlamaga başlady. Soňam doňan ýaly bolup durdy-da, uludan bir dem aldy:
- 4 -
- Aý, meni Gurbanmämmet aganyň kitaplary getirendir bu ýere...Bä- ä- äý, gör-ä bolýan zatlary. Dogry, dogry... Şol gudratly kitaplar getirendir, meni
- Wah!!! Ölmedimem - dynmadymam. Negözel adamlar gitdi. Olara derek men ýaly... Aý, men ýalyny Hudaý näme etsin ...
Goja käsesini emaý bilen öňünde goýdy-da ep-esli wagtlap gözüni bir nokada dikip, yranyp oturdy. Akmyrat aga-da, onuň ogullary-da ilkibada gijäniň bir mahaly gelen bu aňkasy aşan garrynyň aýdýan sözlerinden doly bir many çykaryp bilmediler. Dogry, başy aýlanypdyr, azaşypdyr, gelipdir. Segsenden aşan garry adamdyr-da... Ýeri, kitaply gürrüň nähili bolýar?
Akmyrat aganyň birden ýüregi jigläp gitdi. Ýadyna düşdi... Howwa, howwa...
- Bä-hh-ýeý! Şol soldat egin-başly gelen ýigit senmidiň-aý, Sädi aga.
- Howwa, mendim.
- “Kitaplaryňy gizle. Özüňem gaç. Bir aý, ýarym aý obada görünme!” diýipdiň.
- “Kitaplaryňy göm ýa-da otla. Ýok et. Ýogsam seniň özüňi ýok edýärler” diýipdim. Gulak asmady. “Ýazgytdan gaçyp gutulyp bolmaz” diýdi. Bäş-on günden soňam, gije gelip alyp gitdik... Meni şol kitaplar getirendir. Özümem oglankam onuň şol kitaplaryny kän diňläpdim.
- Aý, sende günä ýog-a Sädi aga. Sen bir ýasawul adam, işgär adam. “Çagyr” diýseler çagyrýansyň, “Alyp gaýt” diýseler alyp gaýdýansyň. Işiň-dä, nätjek.
Ýaşuly ýene bir meýdan dymdy. Özüni ýitirdimi nämemi, ýene gözlerini giňden açyp töweregini içgin synlamaga durdy. Birdenem özüne agram berip gürlemäge başlady:
- Men “Il deňinde Watany gorap öldi” diýdirjek bolup 1942-nji ýylda arza berip, urşa gitdim. Bir gezek-ýarym gezek ýaralandym, ajalym ýeten däldir-dä, ölmedim. Uruş gutardy. Ýurda gaýdyp gelmäge ilden utanyp, Orsýetde galdym. Dogry ýigrimi bäş ýyldan soň ýene oba geldim. Öz topragyma duwlanaýyn diýip, geldim. Ine, gelenim bärem niçeme ýyl geçdi... Orsýetde-de ýeke özümdim, häli-häzirem ýeke özüm. Öz-özüm bilen gidişip, içimi hümledip ýörün. “Binamyslykdan ölen ýok” diýip, döşümi gaýşardyp gezmedim. Men muny özüme gadagan etdim. He - eý...
Birdenem ol zöwwe ýerinden turdy:
- Sen meni ugrat, Akmyrat jan. Ýuwaş-ýuwaşdan ýapbyldap gideýin tünegime. Ýok, ýok. Ýalbarma inim... Gideýin mazar bolup... Wah, meni şol kitaplar getirendir buýere. Keremli kitaplar, gudratly kitaplar... “Şabahram”, “Babaröwşen”, “Jemşit”, “Kysasyl Enbiýa”...
Siziň gapyňyza çenli näçe gapy bar, birine-de sowulman dogry siziňkä gelipdirin. Näme üçin?! Meni şol kitaplar getirip şu bosaga ýykandyr, eý-ho ...Ýör, hany...
Oňa “Bu gije gal, basym daň atjak. Ýat, dynjyňy al”-diýip, oturmakda many ýokdy. Sebäbi ol özbaşyna gürläp, eýýäm howludan çykyp barýardy. Ýeser ýeri, ol possundanam üzül-kesil boýun gaçyrdy. Akmyrat aga: “Ýene birden azaşaýma, oglanlar öýüňe çenli ugratsyn” - diýip Oraz bilen Toýlyny onuň ýanyna goşdy. ”Ýagdaýa görä boluň. Eger galmaly bolsa birden biriň ýoldaş bolup galaýyň, sogapdyr” diýip, ogullaryna pugta tabşyrdy.
... Sowuk gyş gijesi daňyň ümüş-tamşynda iki daýaw ýigit gelip onuň kakasyny donuny egnine atmaga-da maý bermän, içki ak egin-eşigindekä alyp gitdiler. Ine, indem onuň iki ogly şol gije gelip, kakasyny alyp giden adamy... ak egin-başly garry adamy äkidip barýarlar.
Akmyrat aganyň birden horlugy gelip, bokurdagy doldy. Tas ol ak geýimli adamyň yzyndan: ”Kaka!!!”-diýip, gygyrypdy. Gygyrjak boldy. Bolmady...
Ahmet HALMYRADOW

Teswirler (6)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň