Hemra ŞIROW

ÝAZ  GÖRNÜŞLERI

Howa maýlap barýar,

Bar zat oňatlyk.

Ýollaryň ýakasy

Gyrymsy otluk.

 

Ekilen atyzlar

Uzalyp ýatyr.

Baglar ap-ak güle

Beslenip otyr.

 

Ýaplara suw gelip,

Bolupdyr tereň.

Bägüller gülläpdir

Eýýäm reňbe-reň.

 

Güýzlük bugdaý

Boý alypdyr ep-esli.

Göçüp gelen guşlar

Saýraýar sesli.

 

Üýtgäp barýar

Ýaşyl öwsüp, dag, alaň.

Daş-töwerek joşgun,

Şatlyk-şagalaň.

 

Tebigat çalyşýar

Gyşky eşigin.

Söýýän onuň

Täzelenýän bu keşbin.

 

 

TOMUS  GÖRNÜŞLERI

Süýr günortan.

Howa petiş.

Ýollarda hereket ýatýar.

Gün dik depede häzir.

Bu wagt kölegeler ýitýär.

 

Saýrak guşlaryň sesi-de

Eşdilenok töwerekden.

Agajyndan tänip düşýär,

Birkemsiz bişen erikler.

 

Bedeneler daň säherler

Bugdaý bişenin buşlaýar.

Çäjiňe bereket, daýhan!

Orak möwsümi başlaýar.

 

Ene ýabyň güzerinde

Hezil edinýär çagalar.

Goý, her ýylda gaýtalanyp,

Gelip dursun şeýle çaglar!

 

 

GÜÝZ GÖRNÜŞLERI

Bakjada gawun-garpyzlar,

Bagda miweler sowuldy.

Hasyly ýyglan ýerlere,

Çekene – mallar kowuldy.

 

Barha gowşap Günüň howry,

Gijelerne çigrek düşýär.

Göýä, güýzüň ýazan şygry,

Ýapraklar gaýyşyp düşýär.

 

Ol şygyrlar näme hakda,

Belki, ýyndam şemal okar.

Göwnünden tursa-turmasa,

Ýene-de yzyna oklar.

 

Uly-kiçi agaçlar gyş

Ukusyna gider basym.

Miwe baryn eçildiler,

Indi olar, goý, uklasyn!

 

Indiki ekişe çenli

Ene topragam dynç alsyn.

Hasyl toýlaryny toýlap,

Daýhan kişiler ynjalsyn!

 

 

GYŞ  ERTEKISI

Howa häli-şindi üýtgäp,

Kä gar ýagýar, käte ýagyş.

Ýyljak possunyny geýip,

Aýlanyp ýör gazaply gyş!

 

Penjireleň aýnasyna,

Gije-gündiz çekýär keşde.

Gar togarlap çagajyklar

Gar adam ýasaýar daşda.

 

Gar adamlar birnäçe gün

Eremän merdemsi durýar.

Olar käte jemlenişip,

Küşt depýär, tomaşa gurýar.

 

Ýöne, şeýle tomaşalar

Bolupmy-ýok, hiç kim bilmez.

Sebäbi, gar adamlaryň

Dünýäsine baryp bolmaz.

 

Gijelerne içi gyssa,

Olar şol ýere gidýärler.

Gün gyzdyryp eredýänçä,

Küşt depip, hezil edýärler.

 

Hemra ŞIROW.