Adamzat müň ýyllap ýalňyzlykdan halas bolmagyň ýoluny gözledi. Netije? Häzir bir hepdede 340 habar alýarys, ýöne şonda-da özümizi çöldäki daş ýaly duýýarys. Berekella, tehnologiýa. Şu wagta çenli beýle "üstünlik" gazanan ýok.

Iň gyzygy - muny hiç kim duýanok. Sebäbi bu ýuwaşlyk bilen bolýar. Hiç kim ertir turup: "Bugün ünsümi şeýle bir zaýalaýyn welin, kitabyň üç sahypasyny okamak agyr iş ýaly bolsun" diýip niýet etmeýär. Ýöne netije şoňa barýar.

Öň kino görülende diňe kino görülýärdi. Häzir kino görýäris, şol bir wagtda telefonda başga biriniň şol kino barada näme diýýändigini okaýarys. Dynç almagy hem köp-işliligiň bir görnüşine öwürdik. Bu - beýniniň sport zaly däl, beýniniň ýol heläkçiligi.

Bir tanşymyň mysaly

Bir dostum geçen ýyl instagramdan ýitirim boldy. "Men gitdim, energiýamy gorajak" diýen uzyn ýazgy hem ýazmady. Ýöne bir gün ýok boldy. Diňe jaň bilen habarlaşyp bolýar, online hiç ýerde ýok.

Aýlar geçen soň duşuşdyk. Bir zat üýtgäpdir - ol gürleşende hakykatdanam şu ýerde, ýagny ýanymda. Başyny atyp otyryp, aňynda bolsa "bu söhbetdeşligi nädip gyzykly story edip bilerin" diýip pikir etmeýärdi.

"Küýseýärmiň?" diýdim. Gülüp: "Internet köp zatdan habarly bolmak üçin gerekdir öýdüpdim. Gidenimden soň düşündim - internetiň köp bölegi diňe adamlaryň biri-birine hiç zat barada gyssagly habar berip oturmagy eken" diýdi.

Ilki gülkünç eşidilýär. Soň oýlanýaň. Soň gülküň kesilýär.

Iň uly ýalan

Internet bize şeýle bir duýgy berdi: köp zat okasaň, köp wideo görseň - akylly bolýaň. Ýalan. Ol diňe maglumat ýygnamak. Beýni ammar bolýar, ýöne zawod bolmagyny bes edýär. Öndürenok.

Netije: adam "TikTäkden" öwrenen bäş sany psihologiýa sözüni ussatlyk bilen ulanýar, ýöne özüniň näme üçin her gün ynjalyksyzdygyna düşünip bilenok. On bäş minut ýeke oturmak bolsa - indi ekstremal sport.

Üns - täze nebit

Bir wagtlar nebit üçin uruş turýardy. Häzir seniň ünsüň üçin trillion dollarlyk kompaniýalar döreýär.

Her programma psihologlar tarapyndan gurlan kiçijik kazino: soňy gelmeýän lenta, bildirişler, ýalpyldawuk reňkler, garaşylmadyk "sylaglar". Ata-babalarymyzda ünsli bolmak duýgurlygy tokaýda möjekden gaçmak üçindi. Häzir ol iki blogeriň 37 bölümli dawasyny yzarlamak üçin ulanylýar. Ewolýusiýa gaty buýsanýan bolmaly.

Ýene bir zat: durmuşy gizlin ýaşamagy ýatdan çykardyk

Nahar iýseň - surat. Awaza gitseň - subutnama goýmaly. Duýgy hem indi çykyş boldy. Adamlar ümsümlikde aglamagyda goýdular, indi kamera öňi we subtitr bilen aglanýar.

Beýni muny kabul edýär, ýöne nerwler kabul edenok. Nerwler ýalan sözlemeýär.

Şonuň üçin gaçyp başladylar

Gepiň tümmek ýeri, pikirmi kän gowy beýänäm edip bilemok welin, akylly adamlar indi profil suraty eli gylyçly anime bolan adam bilen dawalaşyp ýöränoklar. "Görünmek" bilen "baglanyşyk" ikisiniň bir zat däldigine düşünýärler.

Netijede: geň bolsada has sosial bolýarlar. Söhbetleri çuňlaşýar, has köp okaýarlar, daş-töwerekdäkileri has köp görýärler. Emosiýalary indi her sekiz sekuntda algoritm tarapyndan çekilip-itilmeýär.

Iň soňky pikir

Internet olara "durmuşdan galýarsyň" diýýär. Aslynda bolsa olar ýaňy durmuşa gaýdyp geldiler. Asla telefon ulananoklar däl, gowakda hem ýşap ýöränoklar. Olar diňe öz nerw ulgamyny köpçülige mugt hödürlemegi bes etdiler.

Meniň pikirimçe menem ýakyn 1-2 ýyllykda internedi azaltmaly. Jübimde pulum az wagty içimden gelen oýlanmany okanyňyz üçin minnetdar. Sag boluň.