​Göz öňüňize getiriň: siz gaty suwsan halda çölde galýarsyňyz. Ýanyňyzda bolsa bir gysym almaz we bir bulgur suw ýatyr. Haýsy birini saýlardyňyz? Elbetde, suwy!

​Eýsem, näme üçin gündelik durmuşymyzda ýaşaýyş çeşmesi bolan suw örän arzan, diňe bezeg üçin hyzmat edýän almaz bolsa juda gymmat?

​ Bu sowala mundan 250 ýyl ozal Adam Smit hem jogap tapyp bilmändi. Ol muňa «peýdalanyş gymmaty» we «aňrybaş gymmaty» diýip at berdi.

​ Soňra muňa ykdysadyýetçiler «Marginal peýda (goşmaça nep)» teoriýasy arkaly jogap tapdylar.

​ Umumy peýda: Suwsuz ýaşap bolmaýanlygy sebäpli ol ýaşaýşy saklaýar. Şonuň üçin onuň umumy gadry çäksizdir.

​ Marginal peýda (bir goşmaça birligiň gymmaty): Ýöne söwdadaky gerek möçber barada gürrüň gidende ýagdaý üýtgeýär. Ýer ýüzünde suw köp, onuň her bir goşmaça litri bize arzan we aňsat tapylýar. Şonuň üçin indiki bulgur suwuň gözümizdäki gadyry pes bolýar. Almaz bolsa juda seýrekdir — onuň gytlygy ýokary bolandygy üçin diňe birje almasa eýe bolmagyň hem gadyry ýokarydyr.

​

❗️Bazardaky bahalary harydyň ýaşaýyş üçin näderejede zerurlygy däl-de, eýsem onuň näderejede tapylgysyzlylygy we bize berýän goşmaça peýdasy kesgitleýär. Çöldäki adam üçin suwuň iň gymmatbaha almaza öwrülmeginiň sebäbi hem şonda!

Çeşme: "Ykdysady labirint" telegram kanaly.

Terjime eden: @men