Alyslara uçup giden ýaşlygym,

Geçipsiň sen bir ajaýyp düýş deýin.

Juwanlykda serim sämedip söýgä,

Uýupdyryn galan zatlar hiç deýin.


Kim söýgä ir duşýar, kimse duşmaýar,

Kimleriň gijiräk açylýar bagty.

Nesibe, kä ýeňýäň, käte begenýäň,

Ýöne bar zat bolar bolmaly wagty.


Puşmanam ýok, ýöne, ýöne... ýürek bi,

Wah, ýürege emir edip bolmaýar.

Garaşmaýan kişiň çykýar öňüňden,

Garaşan adamyň ömür gelmeýär.


Saňa, saňa bütin ömür garaşyp,

Ne-hä aglabildim, ne-de bir gülüp.

Sen gelersiň meniň giden mahalym,

Ah, ýazyp bilmedik şygyrlam bolup.


Ýyllar bolsa, geçip barýar düýş deýin,

Käteler ýürege bir gussa düşýär.

Sen bolmasaň gün geçmejek ýalydy,

Gün sensizem dogýar, sensizem ýaşýar...

@Suraý Babanyýazowa