Biziň şäherçämiziň gyşlary hemişe sowuk bolardy. Ýöne hiç bir gyşyň şol ýylky ýaly gazaply geleni ýadymda däl. Belki-de başymdan geçirenlerimiň täsiri esasynda iň gazaply gyş bolup galandyr aklymda. Köp däl, ýaňy bir on bäş ýaşymdadym. Mekdepden soň daýymyň odun ammarynda işleýärdim. Üç sany odun ammary bardy biziň şäherçämizde, üçüside hatarlanyp biri-birine ýanaşyk ýerleşendi. Kadyr daýymyňky ortadakydy, bir gapdalynda Hüsnüniň, beýleki gapdalynda bolsa Şerefeddiniň odun ammary bardy. Irdenlerine obalylar odunlary getirip ammara tabşyrardylar. Terezide çekenlerinden soň, odunçylar pürsleri palta bilen parçalamana başlardylar. Meniň işim bolsa gyryndylary sübse bilen süpürip haltalamak, çaýhanadan çaý sargamak ýaly tur-otur kersen getir işlerdi ýene-de  daýym çaýhanada oýun oýnaýarka ammara gözegçilik etmekdi. Ammaryň öň tarapy howly ýaly açykdy, beýleki ýarysynyň bolsa diňe üsti şifer bilen ýapylandy. Odunlar şol üstüýapyk bölege üýşürilýärdi. Ýörite iş otagymyz bolmansoň, biz – işçiler şol üçekli (nawesli) bölekde, bir pejiň daşyna üýşüp, kürsülerde oturyp ýylanmana çalyşardyk. Ýöne daýym ammarda wagtlary maňa oturmana maý bermezdi. Meni işletmek üçin ýok ýerden iş tapardy. Özi otuz ýaşlaryndady. Öýlenen, emma alty ýyl bäri perzentleri bolanokdy. Bu-da maşgaladaky wajyp meseleleriň biridi. Ejem daýzamlar bilen gürleşende daýymyň ikinji gezek öýlenmelidigi hakda gürrüň ederdi.

Gyşyň başynda eýýäm bir metre golaý gar ýagypdy.  Gijelerine aýaz zerarly ýerdäki gar doňýar, soňra onuň üstüne gar ýagyp, gat-gat buz gatlagy emele gelýärdi. Turbalar doňansoň suwlar akmaýar, elektrik liniýalardaky näsazlyklar sebäpli günlerçe tok kesilýärdi. Sowuk ynsanyň süňňünden geçip, ýiligine ýetýärdi.

Biziňki diýseň garyp şäherçedi. Birki maşgaladan başga diýen ýaly hemme kişi garyplykdan kösenýärdi. Ýagdaýy gowy bolan käbir esnaflar we söwdagärler hem tüçjar baý hasaplanmazdy. Olaryň ýeke-täk tapawudy, odunlaryny gyş gelmänkä tonnalap alyp, gyşa taýýarlykly girmeleridi. Galanlar bolsa ýa şäherçäniň töweregindäki tokaýlyklardan çöp-çalam çöplärdiler, ýa-da odun ammaryndan gündelik, hepdelik ýeter ýaly odun satyn alardylar.  

Biziň öýümiz şäherçäniň çetki mähellesinde ýerleşýän uly bakjaly öýdi. Dogrusy, atamyň öýüdi diýsek has dogry bolar. Atam we enem bilen bilelikde durmuşa çykmadyk iki daýzam, biz we Kadyr daýym aýaly bilen şol ýerde ýaşaýardyk.  Hemmä ýeterlik otag bolansoň bir ýerdedik. Odunçylyk aslynda atamyň käridi. Garransoň ammary daýym öz üstüne aldy. Meniň kakam tomuslary şähere gurluşyga işlemäge giderdi. Gyşyna gurluşyk işi bolmansoň, ol hem hut şäherçäniň beýleki erkekleri ýaly çaýhanada oturyp oýun oýnap wagtyny geçirerdi. Biz iki dogandyk, menden üç ýaş kiçi Gudrat bardy. Şol ýyl şäherçäniň ýeke-täk orta mekdebiniň soňky synpynda okaýardym.

Şeýle bir gyş bolýardy welin, gar sebäpli mekdepler yzygiderli ýapylýardy. Iki hepde bäri mekdepler ýapykdy, haçan açyljagy hem belli däldi. Şäherçäniň ähli köçeleri ýaly, ýeke-täk esasy köçesi hem gar zerarly ýapylypdy. Adamlar gara batyp-çykyp kynlyk bilen ýöräp bilýärdiler. Häkimligiň köne greýderi esasy köçäni açyk saklamak üçin näçe jan etsede, ýöne dynuwsyz ýagýan gar sebäpli onuň hem peýdasy degmeýärdi. Mekdepleriň ýapyk bolmagynyň sebäbi ýollar däldi, ýakmaga zat galmandy, sowukdan ýaňa sapak geçip bolmaýardy. Şol sebäpli men hem gün uzyn ammar­da işleýärdim.

Bir gün giçlik, garaňky gatlyşyp ugranda, Perihan bilen ejesi ammara geldi. Orta mekdebe başlanymyzda Perihan bilen bir synpdadyk, soňra ol mekdebi taşlady. Kakasy aradan çykansoň okuwdan çykmaga mejbur bolupdy. Onuň kakasy hem gurluşyk işçisidi, eşidişimize görä, nädip bolan bolsa-da, gurluşykdan gaçypdyr. Ilki habary geldi, soňra şäherden jesedini getirdiler. Tomusyň ahyrydy. Şeýle-de gaty garypdylar, büsbütin perişan boldular. Ejesi soňky tomusy bag-bakja işlerinde işledi, ýöne gyş gelende ýene çäresiz galdylar. Goňşularynyň getiren naharlary, esnaflaryň ownuk-uşak kömekleri bilen gün görmäge çalyşdylar. Olaryň öýi ammaryň edil arkasyndaky iki otagly jaýdy. Ejesi Esma daýza diýseň namysjaň, buýsançly aýaldy. Perihanyň iki ýaşynda bir jigisi hem bardy. Esma daýza iki çagasyna seretmek üçin elinden gelenini edýärdi, ýöne bu kiçijik garyp şäherçede, işsiz, iki ýetim bilen aýak üstünde durmak aňsat däldi.

Perihan diýseň owadandy, onuň uly goňur gözleri, uzyn örülen saçlary bardy. Inçeden, uzyn boýludy. Kakasyny ýitireninden soň ýeter-ýetmezlikden, gaýgy-hasratdan ýaňa has hem horlanypdy, ýöne şonda-da owadandy. Mekdepde bile okan döwrümizem uzakdan bir-birimize seredişerdik. Çekine-çekine, utana-utana nazarlarymyz çaknyşardy. Ürkekdik, derrew gözümizi sowardyk başga ýana.

Şol agşam ammara gelenlerinde ýene-de öňkiler ýaly gözlerimiz kaklyşdy. Esma daýzanyň egninde başyndan biline çenli uzyn, galyň bir şal bardy. Kiçijik ogluny hem gujagynda tutup şol şala dolapdy. Gar ýagýardy, şal üstündäki gardan ýaňa, tas ak reňke öwrülipdi. Perihanyň üstünde bolsa köneje palto bardy. Ýeňleriniň ujy könelmekden ýaňa süzülipdir. Ol ellerini paltonyň ýeňiniň içine çekip, käwagt-käwagt agzyna ýetirip deminiň yssysy bilen ýylatmaga çalyşýardy. Onuňam örülen saçlary, inçe eginleri ezilip, gar bilen örtülipdi. Ikisiniňde aýaklarynda köne tomus aýakgaplary bardy. Galyň ýüň joraplary gara ezikdi. Ammaryň üçegindäki diregden asylgy duran ýag çyrasynyň solgun sary yşygynyň astynda sülmüräp durdular.

Esma daýza daýymdan biraz odun sorady. Geçen gyş hem az-owlak nesýesine odun alypdylar. Biraz bizden, birazam Şerefeddiniň ammaryndan. Tomus işlänem bolsa, puluny artdyryp bilmäni üçin bergisini berip bilmändi. Bu gyş hem daýym birnäçe arabalyk oduny nesýe beripdi, ýöne soňky sapar ýardam edýänini söýläpdi. "Gitsin Hüsnüden alsyn" diýýärdi daýym. Hüsnü, Esma daýzanyň adamsy aradan çykandan soň, başyna musallat bolup inipdi, özüne durmuşa çyk diýip azar berýärdi. Hüsnü daýym bilen deň-duşrak, sallahdy. Aslynda öýlenmek üçin däl-de, başga zatlar üçin Esma daýza azar berýänini hemme kişi bilýärdi. Şol sebäpli Esma daýza Hüsnüden nesýesine-de bolsa odun soramaýardy. Şerefeddin hem edil daýym ýaly odun bermesini birden kesdi. Bilmedim, belki-de ikisinide şeýtmegii sargan Hüsnüdir; niýeti Esma daýzany özünden odun soramaga mejbur etmekdir.

Daýym gelişlerine yzlaryna ýollandy. Esma daýzada artykmaç ýalbarjak bolup durmady. Yzlaryna öwrüldiler-de, garyň içinde gara batyp-çykyp ýöräp gitdiler. Perihan soň ýene bir gezek öwrülip maňa seretdi, göz-göze geldik. Bir zatlar aýtmak isledim, ýöne diýip bilmedim, başymy aşak salladym. Howa içiňden geçip barýardy. Gijäniň aýaz boljagy şu wagtdan görnüp durdy. Bu sowukda peji ýaplanyp otyran adam hem üşejekdi. Olar näderkä?

Birsalymdan soň daýym: "Men çaýhana gidýärin, senem ammary gulplada öýe git" diýip çykyp gitdi. Üç ammaryň umumy bir garawuly bardy: Keçel daýydy. Biz ammary ýapanymyzdan soň geler, daňa çenli garawullyk ederdi. Daýym gidenden soň töweregi ýygnadym, hemişe edişim ýaly ýag çyrasyny öçürdim. Ammaryň girelgesine gapy ýerine ulanýan uzyn demir turbamyzy galdyryp ýerine dakdym.

Soňra bir zat boldy, kelläme bir pikir geldi, öýe ýetip barýarkam yzyma dolandym. Demir turbanyň üstünden böküp geçip, ýene-de ammara girdim. Döwük odunlardan birnäçesini alyp, arka diwaryň üstünden aşyrdym. Ýene ammardan çykyp, bu gezek arka tarapa geçdim. Odunlary garyň içinden ýekän-ýekän çykaryp, garyny kakyşdyrdym, gujagymy dolduryp, Perihanlaryň gapysynyň öňünde goýdum. Gapyny birnäçe gezek batly ýumruklap, ökjäni göterdim.

Üç gije yzly-yzyna şol bir hereketimi gaýtaladym. Dördünji gije ýene-de odunlary arka tarapda gujagyma çöpläp durkam, bir el gulagymdan tutup ýokary galdyrdy. Odunlary garyň içine taşlap kynlyk bilen öwrülip, seredip bildim, Keçel daýydy. Gulagym üzülendir öýtdüm. Gulagymdan çeke-çeke meni ammaryň öňüne çenli getirdi. Daýymy çaýhanadan çagyrdy. Üç gün bäri odunlaryň kemelýändigini aňan daýym Keçel daýa käýäp, "Ýa ogryny taparsyň, ýa-da odunlary özüň tölärsiň" diýen eken. Keçel daýy hem "ogryny" tutan badyna daýyma habar beripdi.

Daýym geler-gelmez gahar bilen badyna bir şarpyk çaldy. Ýüzüm onsuzam sowukdan ýaňa lowlap durdy, şarpygyň güýji bilen ýere, garyň içine ýazyldym. Şarpygyň yzasyna kelläm sämedi, burnum, dodaklarym alawlady. Daýym gulagymdan tutup meni ýerden galdyrdy-da, bu gezek beýleki ýaňagyma hasam güýçliräk şarpyk çaldy. Ýene ýykyldym, bütin bedenim ysmaz açandyr öýtdüm. Daýym hiç zat diýmän çykyp gitdi. Nähili uran bolsada, kynlyk bilen aýak üstünde durup bildim. Keçel daýynyň halyma nebsi agyran bolmaly, üstümdäki gary kakyşmaga kömek etdi. Şol halyma haýal-haýal ýöräp öýe gaýtdym. Ýüzüm gyzaryp çişipdi. Howa gaty sowuk bolansoň bu ýagdaýym öýdäkileriň hiç biriniň ünsüni çekmedi. Dessine ýerime geçip, ýorganyň aşagyna girdim.

Iki gün ammara gitmedim. Syrkaw diýdim, ysgynym ýok diýdim; ýalanam däldi. Bütin endamym, hasda ýüregim agyrýardy. Daýymyň şarpyklaryny içime sygdyryp bilemokdym. Işe gitmämsoň daýym hem gelsin diýip dyzap durmady. Üçünji gün biraz gowulaşanymda ejem: "Hany, Orhanym, daýy-ýegenem arasynda öýke-kine bolarmy?" diýip, öz ýanyndan öwüt edip, zor bilen bolsada meni işe ýollady. Ammara baramda daýymyň ýüzüne-de seretmedim. Ol hem ne ýüzüme seretdi, ne-de iki agyz söz aýtdy. Öň näme edýän bolsam şony edeýin, bu-da geçer gider diýip, işe durdum. Agaç pilçäni alyp, ilki bilen howlyda üýşen garlary arassaladym. Dynç alman, üçegiň (nawesiň) aşagyndaky ýere dökülen agaç gyryndylary topladym. Irräk, gaty gijä galman çykyp, öýe gaýtdym. Daýym meniň bilen gürleşmeýärdi, özi bilsin, men ýalňyş zat etmändim.

Ertir irden ýene ammara gidemde, adamlaryň howsala bilen ammaryň arkasynda üýşendigini gördüm. Arka tarapdan agy, perýat we nalyş sesleri eşidilýärdi. Ylgap bardym. Perihanlaryň öýüniň töweregi adamlardan doludy. Içerden ýürek paralaýjy agy sesleri gelýärdi. Ýüregim ýerinden süýşene döndi. Ýanymdaky adamlaryň birinden soradym, "Esmanyň kiçijik ogly düýn gije doňup, ölüpdir" diýdi. Gulaklarym başga zat duýmak islemedi. Ylgamaga başladym, şäherçäniň daşyna çenli ylgap gitdim. Demim-demime ýetmän saklandym. Daşaryň sowugyna garamazdan gowy derläpdim. Dagyň jür depesine çykdym. Garlaryň örtüp bilmedik uly bir gaýasynyň üstünde oturdym. Şol ýerden gara ezilen garyp şäherçämize seredip, uzak-uzak agladym.

Öýlän aralar aşak düşdüm. Kiçijik çaganyň ikindi namazyndan soň jaýlanjakdygy aýdylýardy. Ammara sowulmadym, deňinden geçip gitdim. Gonamçylyk şäherçäniň beýleki çetinde-di. Birnäçe adam metrläp garyň içinde gabyr gazmaga çalyşýardy. Olaryň arasyna goşulup kömek etdim. Gabyr taýýar bolansoň, çaganyň jesedini bir mata dolangy ýagdaýda ymamyň öňünde goýdular. Onuň arkasynda dym-dyrs mähelle bardy. Esma daýza bilen Perihan bir-birine sarylyp kynlyk bilen ýöreýärdiler, ikisiniň hem gözlerine aglamakdan ýaňa gan öýüpdi. Perişan ýagdaýdadylar. Şäherçäniň ýaşaýjylarynyň ählisi diýen ýaly hasrat hem-de utanç içinde-di. Gözlerim daýymy gözledi, ne ol bardy, ne-de Şerefeddin bilen Hüsnü. Ýokluklary hem gowudy.

Mazaryň iki tarapynda gar we toprak garyşan kiçijik bir depejik emele gelipdi. Men şolaryň biriniň üstünde sömelip, kiçijik gabyra seredip durdum. Birden başymy öwrenimde Perihan bilen göz-göze geldik. Ýüregimden däl-de wyždanymdan gelen bir sarsgyn bilen nazarymy sowdum. Soňra gözümiň bir çeti bilen Perihanyň henizem maňa seredip duranyny gördüm. Nazaryny aýyrmaýardy menden. Onuň gözlerindäki çuň hesret, çäresizlik we yza şeýle bir içime ornaýardy welin, aglamajak bolup zordan özümi tutup bildim. Perihanyň garşysynda doňup galdym. Hiç zat diýip bilmedim, hiç zat edip hem bilmedim. Emma gidip oňa sarylmagy, iki agyz söz aýtmagy, göwünlik bermegi we ondan teselli tapmagy näler isläpdim. Şol gün, şol ýerde sarylsadym, hiç kim aýryp bilmezdi meni ondan.

Ymam kiçijik bedeni dogalar okap topraga tabşyrdy. Gabyra atylan her pil toprak bilen bilelikde Esma daýzanyň, Perihanyň perýatlary hasam artdy. Aýallar erkeklerden sähel daşrakda durup aglaşýardylar. Men hem aglamazlyk üçin durman pil bilen toprak atyp, özümi ele almana çalyşýardym.

Agşamlyk öýe gitmedim. Ýene-de şol daga çykyp, solgun yşyklaryň içinde ýarym öli ýaly iňleýän şäherçämizi köp wagtlap synladym. Gijäň ýaryna golaý, haýal-haýal ýöräp ammaryň arkasyna, Perihanlaryň öýüniň öňüne geldim. Içerden mähelläniň aýallarynyň sesleri we Esma daýzanyň iňildä öwrülen agysy eşidilýärdi.

Ammaryň arka diwaryndan dyrmyşyp, ses çykarman içeri bökdüm. Keçel daýy Hüsnüniň ammarynyň howlusynda aýlanyp ýördi. Üç ammaryň hem arasynda serhetleri kesgitleýän bir hatar kerpiç bardy bary-ýogy. Biziň ammaryň ätiýaçlyk ammary diýip ulanýan burçuna çenli gitdim. Käwagt gara ezilen odunlary peçde ýakmak üçin ulanýan benzin gutumyz bardy. Doly bolmagyna umyt edip şony gözledim, tapdym, ýarysyna çenli doludy. Ilki Şerefeddiniň ammaryndan başladym, ýalyn göterilende Keçel daýy derrew şol ýere ylgady. Ol ylganda biziň we Hüsnüniň ammaryna geçdim. Ylgap yzyma daga çykanymda, ýalyn asmana göterilipdi. Üç ammar hem lowurdap ýanýardy.

Iň bolman şu gije Perihan üşemejekdi.

Selahattin Demirtaş