- Özüň bilen tanyş etseň... diýip Ymgyr öňünde oturan perişdä seretdi.
- Ýeri Ymgyrjan, gürlän zatlaryma soň puşman etmek ähtimallygym ýok däl. Şonda-da gürrüň bereýin. Maňa siz her hilek ýüzlenýäňiz, taryhyňyzda we dinlerde maňa dakylmadyk at ýok. Ezraýyl, Hela, Rio we beýlekiler. Sen maňa Oliwiýa diýýäň, özüm haýran nädip seni ýençmedim maňa şo ady dakan wagtyň. Meniň iki sany agam bar, Bakylyk we Ýaşaýyş. Men olaryň körpeje uýasy. Umuman aýdylanda, men ähli zadyň başynda we perişdeleriň arasynda 3-nji bolup döredim. Işimem saňa belli bolşy ýaly, bedeni terk eden kalplary öz ýoluna dowam etmekde kömek etmek.
- Näme üçin agalaň Ak perişde, a sen Gara? Bu soragy beren Ymgyr gorkuly ýuwudyndy. Ýöne Oliwiýa hiç hilek duýgy taýdan üýtgemezden soraga jogap berdi:
- Esasan adamlar günäkär. Aslynda biz ilki döränimizde 44 dogan ählimiz hem diňe perişdelerdik. Ýöne wagtyň geçmegi bilen adamzat we olaryň niýetleri bizi iki topara böldi. Ýagny, 13 sany gara we 31 sany Ak perişdeler. Elbetde men 13 Gara perişdäň içinde iň ulusy we iň gazaplysy, diýip Oliwiýa Ymgyryň gözüne ýylgyryp seretdi. Ymgyr gorkýanyna seretmezden, onuň gözüne içgin seretdi we iň bolmanda ýönekeý bakyş gözledi. Emma, onuň gözleri ak reňk bilen şöhle saçsada, hamala gara girdaba gidýän çüň bir guýy mislin, tutuş endamyňy içine çekip barýardy. Ymgyr ýene ýüzlendi:
- Diýmek, Gara perişde diýselerem, sen gowy bolýaňmy?
Oliwiýa uludan dem aldyda jogap berdi:
- Bizde, gowulyk ýa erbetlik diýen düşünje ýok. Dünýäň özeni, gurluşy we kadalaryna aýdyp bersemde sen düşünmersiň. Ýöne wagty geler, assa ýuwaşdan ähli zady saňa gürrüň bererin we öz gözüň bilen görüp soňra belki düşünersiň... Häzir bolsa oýan, diýip Ölüm Ymgyryň egnine elini goýdy we Ymgyr tisginip gara dere bulaşyp öz ýatagynda oýandy.
Bir salyp demini dürsäp, uludan demini aldyda, stoluň başyna geçip öz depderinde täze sahypa uly harplar bilen "Ölüm bilen söhbetdeşlik" diýip ýazdy we düýşinde gören zatlaryny doly ýazga geçirdi. Ymgyryň beýtmeginiň sebäbi, ol entäk düýşiň dowam etjegine ynanýardy we gören hem-de öwrenen zatlarynyň hiç birini unutmazlyk üçin, ýörite ýazgy depder ýöretmeli diýen karary beripdi.

Teswirler (2)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň