Düýş görmek örän ajaýyp zat. Käbir düýşler şeýlebir hakyky ýaly bolýar welin, oýanan wagtyň düýşiňdäki zady ýassygyň aşagyndan gözläp tapjak bolup turýan wagtlaryňam bolup bilýär.
Her kim günde her hilek düýş görýär, ýöne men size birnäçe ýyldan bäri dowamly düýş görüp gelýärin diýsem ynanarmysyňyz? Ýagny, realda uklaýan we düýşde oýanýan, düýşde uklamda realda oýanýan. Käwagt düýşde eglenip 12-24 sagat ýatan wagtlarym hem az däl.
Elbetde, her hili analizler we her hili pikirleri eşidip gördüm. Olardan birnäçesi:
Psihoterapewtiň pikiri:
Glubokobirzatsomnemiýa sindromy
Ýalňyzlyk gorkusy
Şularyň netijesinde beýni tarapyndan özüňi bagtly duýmak üçin döredilen hyýaly dünýä
Geminiň pikiri:
Gemini bu ýagdaýa örän seýrek duş gelýän Dowamly beýni işjeňligi diýdi.
Psihoterapewtiň diýişi ýaly, beýniniň kynçylyklardan ünsüni sowmak üçin döreden gorag görnüşi
Özümi rahat duýýan bolsam we realda oýanan wagtym ýeňil we ýadaw däl oýanýan bolsam, gorkara zadyň ýokdugyny aýtdy.
- Elbetde, ol bir hyýaly düýşdäki Älem bolsa-da, meniň üçin ol dünýä edil hakyky ýaly.
Bu kitapda men, şol düýşimdäki älemde bolýan başdan geçirmelerimi beýan etmek isleýän. Ol älemiň gurluşy we tebigaty bilen sizi tanyşdyrmak isleýän.
Ýazjak wakalarymyň hemmesi meniň düýşimde bolup geçenligi sebäpli, hiç zady hakyky diýip kabul etmersiňiz diýip umyt edýän. Geljekde ýazjak ähli wakalarym we gürrüňlerim, meniň hyýalymyň önümidir we 100% toslanyp tapylan ertekidir. Sebäbi, hakyky dünýäde hiç haçan haýwanlar gürleşmeýärler...

Teswirler (5)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň