Sensizlikde
Çygjaran gözlermi dikip asmana
"Kän oýlandym ölim hakda, sen hakda"
Ýatlamalar maý berenok beýnime
Inni bir birekden aýry bolsakda .
****
" -Ölüme barabar seniñ ýoklugyñ
Sensiz günler göýä, bir demir tiken"
Görşiñ ýaly, men henizem aman, sag
Dünýede sensizem ýaşaljak eken
****
Guşlaram saýrady, ýazlaram geldi,
Ät galmadym bu dünýäniñ bagtyndan.
Ähli duýga höküm edýän döwürlem,
Kowup goýberdiler söýgiñ tagtyndan.
****
Elim serip galdym gözlerim ýaşlap,
Ýüzümi dyrnady hazanyñ ýeli.
Armanym gursagma sanjyldy durdy,
Undyp başarmadym bagyşla meni.
****
Arşy a:glaý hasrat çekdi meñ bilen
Gögem götermedi (başarmaz her kim)
Gündizleri bimaza etmäýin diýip
Gijelere dökdüm gussalam, derdim
****
Her näme bolsada bagtly bol diýip,
Taşlap gitdim, söýgi atly şäheri.
Uýgunlaşyp baryan sensizligede,
Päk söýgümiñ saña mätäç mahaly.
****
Soñky gezek şu gün ýatladym seni
"Oýlandym men ölüm hakda, sen hakda"
Bu durmuş sensizem ýaşaljak eken
Ýöne arman, "arman" galdy gursakda.
Aýna Amangeldiýewa
Teswirler (3)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň