Ilkinji duşuşyk,
Hoşlaşyk,
Hijran...
Ýer Günüň daşyndan aýlandy assa.
Bir melekdi gujagymda eljirän,
Ruhum hem bedenim unutmaz asla.
Biz Dünýäniň gijesinde tapyşdyk,
Ýalňyzlygyň gözlerine çöp atyp.
Düýşlermizde didarlaşdyk, öpüşdik,
Bagtam geläýmedi adymyz tutup.
Garaşmak ezýetli, lezzetli kesel,
Ölmez umyt tapdyk, wysal tapmadyk.
Gussaň girdabyna oklanda heser,
Arzuw-hyýallardan şatlyk çöpledik.
Aýaklarym äkitmedi ýanyňa,
Ellerimem gysga saňa ýeterden.
Dert bolsada hasratlarym janyma,
Ötülmez günäm deý kalpda göterdim.
Undup uzak ýoly geçip bar zatdan,
Aşyk gözlem sakçysydyr penjiräň.
Azan adym ýaly çykanok ýatdan,
Bir tomus gijesi duşuşyk,
Hijran...
© Süleýman TEKÄÝEW

Teswirler (0)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň.