Durmuş käte bize täsin ýatlamalary peşgeş berýär.Ine bir gezek Aşgabada gitýän otla münenimde, ýol ugrundaky duralgalaryň birinde wagona çynar boýly, owadanlygy bilen adamyň ünsüni özüne çekýän bir gyz mündi. Meniň ünsüm şol gözel gyza gönükdi.
Wagt geçýärdi, tötänlikmi ýa ykbalyň oýny — küpämiziň daşyndaky stolçikde otyrkam ol hem gelip meniň garşymda oturdy.Ine gyzykly we tolgundyryjy pursat başlandy.Men oňa owadan sözler aýdyp ünsüni çekmek we onuň bilen ýakyndan tanyşmak isleýärdim. Ýöne şol pursatda ýüregim iki oda düşdi: bir tarapdan güýçli gyzyklanma duýgusy meni öňe iterýän bolsa, beýleki tarapdan çuňňur utanç we çekinjeňlik meni iki ýana çekýärdi.
Men howlukmaç ýagdaýda hiç zat diýmezden ýerimden turup gaýtdym. Şol stoly terk edişime, yzymdan owadan gözleriň soragly seredip galanyny duýýardym.
Ehh, elbetde bu hereketim düşüniksiz we geň.
Sebäbi aňyrrakda şol pursady synlap duran kakamyň gözlerinde "Akylly bol ogul" diýen çynlakaý nazar bardy.
#durmuşymdan

Teswirler (8)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň