Wagtlaýynam bolsa, Älemde şeýle bir güýçli partlama bar welin, onuň ýagtylygy ýa-da aýylgançlygy bilen hiç bir zat bäsleşip bilmez. Oňa "Gamma ýagtylyk partlamasy" diýilýär.

Älemdäki iň güýçli energiýany özünde jemleýän bu partlamalar Günden milliardlarça esse ýagtydygyn-a aýdybam oturjak däl. Üstesine, ol Günümiziň şu wagta çenli ýaşan 4.6 milliard ýyllyk ömrüniň, şeýle-de indiki ýaşajak 4.5 milliard ýyllyk ýaşaýyşynyň dowamynda sarp etjek energiýasyny diňe birnäçe sekuntda öndürip bilýär. Beýle partlamany hatda göz öňüňize-de getirip bilmersiňiz.

Bu partlamalar şeýle bir güýçli welin, Gün ýaly golaýjagymyzda däl, hatda 6000 ýagtylyk ýyly, ýagny 50 katrillion kilometr aradaşlygymyzda bolup geçen ýagdaýynda-da, biziň bu ýaşaýyşymyzy sekuntlaryň içinde ýok edip biler!

Terjime eden: Bazar Annaýew

Çeşme: internet sahypalary