Müň jylawa baglanan dor at diklenip kişňär,
Barha beýgelip başy nazary Haka düşýär.
Muny bilmeýänleriň baryna gürrüň beriň,
Tabyn etmek islänler gaýduwsyz aty görüň.
Her synasyn bir gandal baglasa-da ne peýda,
Onuň köpüklän agzyn jylawlanyň beýhuda...
Sil deý joşar gursakda duýgular, haý-höwesler,
Öňde-soňda terk eder ony saklan seýisler.
Aýdyp beriň taryha şöhratly hekaýatyn,
Zynjyrlara baglanan ägirt gahryman atyň.
Barha beýgelen başy telwas edip Hudaýa
Döwrüň ekdi hasaplan aty galýar çarpaýa.
© FARUK NAFİZ ÇAMLIBEL
Türk dilinden terjime eden: Süleýman Tekäýew
AT
Bin gemle bağlanan yağız at şâha kalkıyor,
Gittikçe yükselen başı Allâha kalkıyor!
Son macerayı dinlememiş varsa anlatın;
Râm etmek isteyenler o mağrur, asîl atın.
Beyhudedir, her uzvuna bir halka bulsa da;
Boştur köpüklü ağzına gemler vurulsa da...
Coştukça böyle sel gibi bağrında hisleri
Bir gün başında kalmayacaktır seyisleri!
Son şanlı macerasını târihe anlatın:
Zincir içinde bağlı duran kahraman atın
Gittikçe yükselen başı Allâha kalkıyor;
Asrın baş eğdi sandığı at şâha kalkıyor!
© FARUK NAFİZ ÇAMLIBEL

Teswirler (5)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...