Magtymgulynyň “Ýaşy nädendir” atly goşgusynda:

 

Atasy äridir, aşyk bir gyz bar,

Goşulmaz hüýrlere daşy nädendir? –

 

diýen setirler bar. Aşyk bir gyz diýýäni kimkä? Meniň pikirimçe, ol How ene. Atasy äridir diýýäni bolsa, Adam ata.

Nasyreddin Rabguzynyň “Kysasyl enbiýa” kitabynda, ymam Buharynyň hadyslarynda, şeýle-de köpsanly dini rowaýatlarda Hudaýyň Adam atanyň çep gapyrgasyndan How enäni ýaradandygy barada aýdylýar. Çep gapyrgaly gürrüňiň nireden peýda bolandygyny bilemok. Ýöne wakanyň özeni Gurhandan alnan bolmaly. Çünki bu taryh musulmanlaryň mukaddes kitabynda birnäçe ýerde ýatlanýar. Meselem, 39-njy süräniň 6-njy aýatynda: “Ol sizi bir ynsandan ýaratdy, ondan onuň jübütini döretdi” diýilýär.

Megerem Magtymguly “atasy äridir” diýende How enäniň Adam atadan alnyp ýaradylandygyny nazarda tutandyr. Şahyryň bu goşgusy Gündogar poeziýasynyň edebi däbine eýerilip ýazylan, güýçli sowady, okumyşlygy talap edýän, başdan-aýak sowala ýugrulan eser. Sowallaryň jogabyny geň hem çapraz düşünjeleriň astynda ýaşyrmak, setirleri tapmaçalaşdyrmak şeýle goşgulara häsiýetli alamat.

Magtymgulynyň ýokarda getirlen syrly setirini ýada salýan matal hem bar. Onda “Enesi – erkeç, guzusy – tişi” diýilýär. Tişi sözi matalyň gadymylygyndan nyşan. Häzir biziň dil dolanyşygymyza ýat bolan, aýal jynsyny, urkaçy manysyny aňladýan bu söz orta asyrlarda tişi, soňra bolsa, dişi görnüşinde ulanylypdyr. XI asyrda ýaşap geçen türkolog, dilçi alym Mahmyt Kaşgarly “Türki dilleriň diwany” kitabynda “Erkek-tişi uçraşur” diýse, Magtymguly “Näler boldy” goşgusynda:

 

Sagy erkek, soly dişi,

Şeýle gudrat döwler boldy –

 

diýýär.

Şeýlelikde, “Enesi – erkeç, guzusy – tişi” diýen matalyň jogaby hem Adam we How enedir. Geň ýeri, Magtymgulynyň setirinde Adam ata How enäniň atasy, matalda bolsa enesi hökmünde görkezilýär. Birinde “atasy äridir” diýilse, beýlekisinde “enesi erkeçdir” diýilýär. Ikisi-de barypýatan paradoks! Hut şu gapma-garşy düşünjeler hem meseläni çylşyrymlaşdyrýar, gyzykdyrýar, syrly çözgütleri tapmak üçin oýlanmaga mejbur edýär.

 

15-nji dekabr, 2012-nji ýyl.

Kakamyrat ATAÝEW. "Dürüşde" kitabyndan.