Şu gün günorta çagy ýörite awtobusa mündüm. Mahal-mahal şeýtmäm bar. Dört duralgalyk aralykda awtobusyň içindäki adamlara syn etdim. Garryja mama; ýüzünde köp ýyllaryň tejribesini, paýhasy göterýän ýygyrtlar; elinde pişegi; oýa batypdyr. Öňümdäki oturgyçlarda ýaňy sakgaly garalan iki oglan otyr; TikTok-da wideo görýärler; gysga, gülkünç wideolara tomaşa edip çala sesli gülýärler; aňyna urýan uly mukdardaky dopamin – gysga pursatlyk şatlanma ýol açýar; ikisiniňem keýpi kök. Biraz öňräkde bir ýaş gelin otyr; gujagynda dört-bäş ýaşlyja ogly; oglanjyk çaga mahsus bilesigelijilik bilen daş-töweregini synlaýar; äpişgeden ýoldan geçip barýan maşynlara hem sypdyrman göz ujy bilen garaýar.
Onuň gapdalynda boýy ýeten ýaş gyz otyr; edep gören çagadygy badat-bat bildirýär; daş-töweregi bilen işi ýok. Meniň oturan ýerime golaý aýakda duran bir ýaş ýigit batly ses bilen nauşdikde aýdym diňleýär; diňleýän aýdymy maňa-da eşidilýär; “mesele däl seň bilen tekilla garmaga...” Onuň aňry ýanynda duran orta ýaşly adam ardynjyraýar; gaýta-gaýta ýuwdunýar; bakyşlary bir o ýana, bir başga ýana sowulýar; durmuşynda aladaly-gaýgyly döwri başdan geçirýän bolmaly. Has ileride iki ýaş talyp otyr; biri telefonda gürleşýär, beýlekisi ony diňleýär; elini galgadyp oturşyndan kimdir birine igenýäne meňzeýär. Wiý, men eýýäm barmaly duralgama ýetipdirin. Awtobusdan düşdüm.
GULAK WE BURUN
Adamyň gulak we burnunyň şekliniň, ölçeginiň onuň tutuş ömrüniň dowamynda yzygiderli üýtgäp durýandygy barada ilkinji gezek okamda haýran galypdym. Ortaça iki müçäň ahyrlaryna çenli ynsanyň gulak we burny ösýär, soň bolsa olaryň ösmegi togtaýar. Emma, gulak we burny düzýän kekirdewük we beýleki dokumalardaky dowamly bolup geçýän fiziologiki üýtgeşmeler; ýeriň dartyş güýjüniň hem täsiri bilen, olaryň şeklini yzygiderli üýtgedýär ekeni.
Bu üýtgeşmeler bolsa ömürboýy dowam edýär ekeni. Şeýlelikde, biziň gözümize bu üýtgeşmeler, burun we gulagyň has ulalandygy ýaly görünýär ekeni. Hawa, biziň bedenimiziň esasy iki agzasy bilen bagly bu täsin maglumaty size ýetirmegi makul bildim.
BIRJE HARP ÝALŇYŞY...
Ýaş wagty teleýäýlymlaryň birinde işlän bir tanşym gürrüň beripdi. Waka ýigrimi bir ýyl öň bolup geçipdir. Şol döwürler teleýaýlymda “Türkmenbaşy gurduran” atly gepleşik ýaýlyma berilýärdi (ýurdumyzda täze gurulýan binalara, ymaratlara bagyşlanan gepleşik). Şol gepleşigiň redaktory bolup işleýän, köp ýyllyk tejribesi bolan ors işdeşi bir gezek şeýle ýalňyş göýberipdir. Gepleşigiň täze sanynyň ýazgysyny ýaýlyma taýýarlanda, gepleşigiň adyny “Türkmenbaşy gyrdyran” diýip ýalňyş ýazypdyr.
Rus, kiril elipbiýinde, türkmen dilindäki Y harp U harpy aňladýar. Olam milleti rus bolansoň, Y harpy, U diýip okap, “gurduran” sözüniň ýerine “gyrdyran” diýip ýazypdyr. Şol birje harp bolsa, sözlemiň manysy düýbünden üýtgedýar (gurdurmak; gyrdyrmak – ýykmak.)
Bu birje harp ýalňyşy ol rus redaktordan soň, gepleşik ýaýlyma gitmezden owal ony barlaýan beýleki iki işgäriňem gözünden sypypdyr. Gepleşik ýaňky birje harp ýalňyşy bilen efire gidýär. Ýaňky ors, kyrk ýyla golaý teleýaýlymda işlän tejribesi göz öňünde tutulyp, basylman işden çykarlypdyr. Teleýaýlymyň ýolbaşçysyna bolsa berk käýinç yglan edilipdir. Teleýaýlymda, gazet-žurnallarda işleýän işgärleriň ýadawlykdan ýa ünssüzlikden göýberýän birje harp ýalňyşlary sözüň, sözlemiň manysy düýbünden üýtgedip bilýär. Elbetde, olaryň işi örän jogapkärçiliklidir.
GOGOLYŇ GÜPBÜSI
Rus ýazyjysy Nikolaý Gogolyň “Güpbi” (Шинeль) atly hekaýasyny megerem aramyzda okamadyk ýok bolsa gerek. Hekaýadaky wakalar, baş gahryman Akaky Akakiýewiçiň könesiniň ýerine täze güpbi alnansoň özüni alyp barşy, maňa başga bir hekaýany ýatlatdy: Ependiň içmekli hekaýasy. (Bu hekaýany ählimiz bilýän bolsak gerek.)
Ependi bir gezek üýşmeleňe çagyrlanda, köneje, ýama-ýama içmegi bilen gidipdir. Barsa, oňa gel-geç diýenem bolmandyr. Zordan oturanlaryň bir çetinde özüne ýer tapypdyr. Aradan sähel wagt geçensoň, başga bir üýşmeleňe çagyrlypdyr. Ol ýere bazardan täzeje satyn alan içmegini geýip gidipdir. Baran ýerinde Ependini öý eýesiniň hut özi aýak üstünde mylakatly garşylap, ony törde oturdypdyr. Oňa dürli-dümen tagamlary, iý-iýmişleri hezzet edipdir. Ependi getirlen tagamlary datman, “iý içmegim, iý” diýipdir.

Awtoryň belligi: Ependiň Buhara şäheriniň taryhy binalarynyň ýanynda ýerleşdirlen heýkeli. (özbek halky ony Nasriddin Afandi ýa-da gysgaça Afandi diýip atlandyrýar).
Suraty düşüren - şu makalaň awtory.
Türki halklaryň medeni mirasyna degişli gadymy Ependi (Hoja Nasreddin) baradaky bu hekaýa bilen, rus ýazyjysy Gogolyň on dokuzynjy asyryň birinji ýarymynda ýazan “Güpbi” atly hekaýasynyň arasynda şeýle uly meňzeşlik bar. Elbetde, bu çeper edebiýatdaky ýekeje ýagdaý däl. Umuman dürli döwürlerde, dürli halklaryň ýazyjylary-şahyrlary tarapyndan ýazylan ýüzlerçe (müňlerçe) eserlerdäki wakalarda meňzeşlikler bar. Bu biriniň beýlekisinden göçürildigi; ogurlap alyndygy (plagiarizm) diýmek däl. (Dogry, beýle ýagdaýlaram bar.) Meniň pikirimçe, dürli ýurtlarda, dürli döwürde ýaşan adamlaryň hyýaly, aňy, döredijiligi, ukyplary köp babatda birmeňzeş bolansoň, ýazylýan çeper eserlerdäki şeýle meňzeşlikleriň bolmagam adaty ýagdaý.
Sag-salamat galyň.
*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.

Teswirler (14)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...