Men ony ilki göremde "Aý, o däldirle" diyip, kän bir gözlerme ynanmadym, soňra gözümiň gytagy bilen oňatja synladym, ynanmarsyňyz edil özi... Men ony mundan iki hepde ozal telewizorda gördüm. Hawa, ol, çyndanam owadan eken. Hat-da telewizorda görenimde men onuň beýle owadanlygyna onçakly ünsem bermändirin, ony ýakyndan öz gözleriň bilen görseň dagy şeýle bir göze ýakymly, ýüzi ýagty, şeýle bir gowja, oňaýlyja, göwresem inçejik, nirä gideniňde-de ýanyňa alyp gitseň artykmaçlyk berjek gümany ýok-da. Bäh, ony nädip beýle owadan edip bildilerkän-äý? Öz-özüni mahabatlandyryp dur-da.
Häzir, ol, meniň edil gapdaljygymda dur. Men oň bilen awtobusda bile gidip barýan. Ol meni özüne şeýle bir bendi etdi welin ony barha içgin synlasym gelýär. Ähä, oňa jaň gelýär, beý-bä-ä, jaňyna gelýän sazy dagy şeýle bir üýtgeşik, beýlekileriňkä hiç meňzänok-da. Wah-h, sered-ä onuň arkasyna, heý-ý, jan-n, ed-dil meň arzuwumdaky ýaly-da... Wah, beýtme-dä-how öçürme-dä-how jaňyny. Gepleşiber-dä... Ony, sered-ä, gürleşmesini goýaýdy, ne gözel synlap durdum-la arkasyny...
Ýuwaşrak-how, agam, itelemeseňem sygýaň şu awtobusa, şofýor seni goýup gidesi ýok, olam "bir manat-bir manat" diýip gezip yör-ä. Wä-äk aýagymy ýençdiň-how, bulam adam aýagydyr-a. Pyçakdan gaçýan öküzçe ýaly... Aýagyma tep-tekiz etdi öýdýän... Aý-how, indi bir sygyşdyň-a, basman duraý-da... Aý, bula aýagymy eýerläp münäýdi-le... Onsoňam saňa şu göwräň bilen awtobusa münmek ne azaryňa diýsene, puluňa dözäge-de ýeňil maşynlaň birine münäýmeli-dä, öýüňe şemallapjyk derrew barardyň..
Heh, şu, zeýrenmeli diýse men ökde-dä, han-ha, ynsaplyň biri ýerini berdi, oturdy, azary ýok bendäň, adamçylykdyr-da, her kimem teňňejigini manat edesi gelýä-dä, herkimiňem öyi bar öwzary bar-da, "kakam gelerine" diýip çagajyklary gör nähili hokga çykaryp goýandyr kim bilýä, olaryňam çykdajysy az däldir-le, bir ýanyndanam heleýi çekelär "Hany aýlyk?" diýip. Eý, näme bu bende semizligi diläp alandyr öýdýäňmi diýsene?..
Bäh, bulam eýläk bir jiňkildedi, beýläk bir jiňkildedi, halys, seretmesin diýip edýärmikän-äy. Aý, yok-laý, men-ä seretmän durup biljek däl-ow. Wah-h arkasyny ýene bir aýlaýsa-da, ýene bir gezejik göräýsem... Wah, şul meňki bolan bolaýsady-da... Işden boş wagtlarym dagy mellege ýanym bilen alyp gidip, oňa aýdym aýtdyrdyp goýup, özümem aýdymyndan güýç alyp, galkynyp, sesine özümem goşup hiňlenip keýpine ýer depilmezmi diýsene... Wah-h, gijelerine-de ukuny unudyp her dürli oýunlaryna güýmenip daňy atyrsaň-da... Şu iýjegime-geýjegime-de harçlaman tapan pulumy şoňa sowrup oglanlaryň aralarynda aýdyşýan ýerlerine, äý, şu, girilýän ýeri bolsa, bir ýerinde girilýän zady bolsa girip günümiň bar sagadyny sarp etmezdimmi diýsene... Yzyndan sokulýan ýerine sokulýan zady sokup aýdymyny gulagyň içinde sesini has gatydan eşitseň-dä, gulagyňam, göwnüňem heziller edäýse. Wah-h, dünýä täzeden gelerin-le men dagy...
Ýene-de oň ýanyna has-da golaýlaşdym. Indi-hä, oňa abanyp seredip başladym... Eý-waý, sen nämä yyljaraklan bolyaň-aý? Näme-ow, saňa seredýänmi men?..
Men-ä indi durup biljek däl. Ýa oýnaklap eýlesin-beýlesin elleşdirip ýyljyraklap duran eýesinden soraysammykam: "Sen şunuňy näçe diýseň diý ýöne maňa sat!" diýip?..
Eý, akmak, seň muňa ýarym ýyllyk aýlygyňam ýetesi ýok-la. Al, birden, ýetdi diýeli-dä, onsoň, ýarym ýyllyk aylygyň muňa berip ýarym ýyllabam kesek gemirmekçimi? Aý, ýok, bula bolmaýa. Men iň gowusy seretmäýin-le. Düşmeli duralgama-da ýakynlap gelýän. Hawa, iň gowusy şoňa seretmezlik...
Muňa seretsene içiň ýansyn diýen ýaly eýesi ony güjeňläp maňa gülýär-ä... A gyz gülmän dursana. Utanaňokmy maňa seredip gülmäge... Men saňa seredemok! Men o-ol eliňdäkä seredýän häliden bäri... Aý, ýok, bu gyza men almytyn bermesem bolanok. Halys ýanyma dykylyp gelip yyljyraklap ugrady. Eý, men iň gowusy şuny masgara edeýin-le...
Çydaman içimden gürlemämi goýdum-da, uly goh edip gygyryp başladym: "A gyz utanaňogam-aý, hälden bäri gürlemäýin-gürlemäýin diýýän welin bolanok! Näme şu eliňdäki telefona seredip içimden birki hyýal eden bolsam, näme, sen şeýdip meň üstüme gelibermelimi, hä? Nämäňe gülýäň, samsykmyň? Ýöne ýüzüme seredip gülüp dursuň?! Herkimem alyp bilýä şu eliňdäki telefondan, menem alyp bilýän. Ýöne ýaňy birden gözüm kaklyşyp seredip duraýypdyryn. Şol telefonuň illeriňkiden näme artyk ýeri bar, hä? Asyl seň şol telefonuň gerek däl maňa, mugt berjek diyseňem! Islesem dükandan täzejesini alyp gaýdyp bilýän. Şu awtobusa münenimden bäri eliňden aýyrman gelýäň-äý! Menem seredäýipdirin, onam aňyp belli-beter güjeňlejek bolup bir jaňda gürleşen bolduň, bir arkasyny aýladyň, bir eýlesin ellediň, bir beýlesin ellediň, ýanyma dagy dykylyp gelip jiňkildäp yyljyraklabam dursuň-aý... Hawa, seň şol telefonuň owadan eken-dä, göze yakymly eken-dä, göwresi inçe oňaýlyja, gowja eken-dä, bolanda näme, — jübimden öz el telefonymy çykardym-da — seret, ynha, şu telefonam wagtynda bütin dünýäni aňk eden telefon! Muňa "Nokia" diýýärler! Wagtynda bu telefona herkim-herkim ýetip bilenokdy... Muny kakam maňa 9-njy synpy gutarmankam alyp berdi. Baý-baý-ow, şol döwürler dagy bular ýaly telefonuň bolsa armanyň näme?! Ynha, muny bara şeýdip bar güýjüň bilen diwara ýelmäýseňem her dikgesi bir ýana pytrap gidýä ýöne baryp hemmesin ýerbe-ýer goýýaňam welin edil firmadan ýaňy çykan ýaly işläp durandyr! Ol seň eliňden düşürmän gelýän telefonyň yaly däldir. Seň bi telefonyňy diwara zyňmaga beýlede dursun eliň bilen çalaja pitikleseňem ekrany pytrap gidýär. Hawa, meň uly aýal doganymyň ortanjy oglam aldy, şu, seňki ýaly eliňe sygmaýan bir telefon. Alan gününiň ertesi günem ussa alyp gidipdirler. "Näme boldy?" diýseňem, şol aýal doganymyň ortanjy oglundan alty ýaş kiçi dört ýaşyndaky ogly agasynyň elinden telefony alyp gyzgyn çaýa batyrypdyr. Ol bir käse çaýyň dagy näme, men şu telefonym obaň ilersindäki ýabyň boýy bilen goýunlary sürüp gelýärkäm ýaba gaçdy, on-on bäş minutdan soň tapyp çykardym. Ojuk-bujuguny şo ýerde Güne serip guratdym. Gül ýaly işläp gitdi. Bu aýdyp duran zatlaryma-da köp ýyl boldy. Men o wagtlar yaňy 10-y gutaran ýyllamdy ondan soňam näme men gulluga gitdim. Gullukdakam kakam eýelik etdi bu telefona. Gelemsoň ýene maňa gaýtaryp berdi. Gullugy gutaryp gellenime-de ençe ýyl boldy-how. Şonda-da gül ýaly işläp dur häzirem, ine, görýäňmi, hä? Şeýdip haýran galyp agzyň açyp, gözüňi toý gazanynyň gapagy ýaly edip seredip galyberersiň! Bu meňki ýaly telefonlara geljek telefon barmy diýsene..!" diyip, içimi sowadyp awtobusdan düşüp galdym...
Ýöne men bir zada gaty geň galdym awtobusdan düşemsoň oň içindäkilerem, şofýorom hemmesi maňa täsin-täsin seredişip bir zaman heýkele dönüp durdular. Meñ "Nokiama" gözi giden bolaýmasa olaryň mümkin...
Edepli Gödek.

Teswirler (1)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...