Arkasynda dag bol,
her ýetime.
Dertlere şypa bol,meňze,
"Lukman Hekime".
v*v*v
Ömürlik zat ýok,
Ölüm geler herkime!
Adamyň ýüregine seret,
Seretme görküne.
v*v*v
Gezeýin,erkime erk edip.
Söýenler gitmesin,bir-biregi terk edip.
Ençeme duýgyny,ummana gark edip.
Zenan hem satmasyn,bedeni nyrh edip!
v*v*v
Depäme gonmazmy bagt uçary?
Ýüregiňdäki gulpuň,tapylmazmy açary?!
Gel hany ýarym,asmanda uçaly.
Ýalançy dünýeden ýör gaçaly...)
#Begmyrat K. & Darkray.
Bellik:Aýdymyň ady ýadyma düşmedi.Siz bilen paýlaşmagy makul bildim.Ýöne şu aýdymyň sözleri, kellamde gaýtalanýar.Bilýaniňiz bar bolsa teswir-de ýazyp geçiň,doly diňlemekçidim.

Teswirler (2)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň