8.Orazjahan (durmuşa çykanyna 14 ýyl):

Şäheretek obada önüp-ösenem bolsam, paýtagta beletçiligim ýokdy. Ýogsa durmuşa çykmazymyň öň ýanynda A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebini tamamlap, şäheriň mekdepleriniň birinde başlangyç synp mugallymasy bolup işe-de durupdym. Ýöne näme, diňe öýden-ä işe, işdenem öýe gatnap, şäheriň başga ýerlerine aýlaň-çaýlaň edip ýörmändigim sebäpli, oňa nireden belet bolaýyn?

Düzgüne görä toýumyzdan öň-ä 5 gün, soňam 4 gün durmuş rugsadyna galyp, kyrkgünlük gelinkäm işe çykmaly boldy. Irden-ä gaýynatam işe gaýdanda işleýän mekdebime düşürdi. Gaýdyşynam gaýyn öýüme tarap gaýdýan awtobusyň belgisini ýoldaşymdan sorap belläp goýupdym, şoňa münüp gaýtdym. Ýöne şäheriň il arasynda: “mekir (mkr – mikroraýon)” diýilýän kiçi etrapçalaryna-da özüňiz belet. Hemmesi biri-birine ekiztaý ýaly meňzeş. Ýaşaýyş toplumlaram, jaýlaram. Öýümiziň salgysam, daşky alamatlaram eger-eger ýadyma düşenok. Ýoldaşyma jaň edýänem welin, alanok. Gaýynlaryma-da, heniz gelenime ýaňy dört gün bolan, jaň etmäge utanýan.

Onsoň: “Bih, indi bu jaýlaryň haýsysy biziň öýümizkä?” diýip, asmandan guş gapjak ýaly bolup agzymy öweldip, biri-birine kybapdaş köpgatly jaýlaryň arasynda bir sagada golaý aýlanypdyryn. Selpäp ýörşüme-de başym aýlanyp, düýpgöter azaşdym oturyberdim-ä. Näme etjegimi bilemok. Ahyry halys kelebimiň ujuny ýitirdim-de, haýsydyr bir özüme nätanyş kiçeňräk seýilgähdäki oturgyja geçip oturdym.

Bilýäňiz-ä, aýal-erkek, tapawudy ýok, näçe ýaşynda bolsa bolaýsyn, adam pahyr öte howsala düşse ilki bilen ejesine jaň edýär-ä. Menem aldym-da ejemiň eltelefonyna aýladym. “Alýo” diýip alan badyna-da, aljyraňňylyk sebäplidir-dä, salam-helik ýok, “gowumysyňyz-ýagşymysyňyz” ýok, ýüzugra sorag berdim:

-Eje, bi meni haýsy öýe berdiňiz-aý? :-)

Pahyr, garamatyny biriniň boýnuna atyp goýberenine entek bir hepde-de bolmadyk gyzy oslagsyz jaň edip, morta şeýle diýse, haýsy enäniň ýüregi ýarylmajak?!

Ejemem:

-Hiýh,-edip içini çekdi-de, yzyndan ýagy kowalaýan ýaly gürläp ugrady:-Näme boldy, gyz? Urdularmy, ýençdilermi? Kowdularmy? Nirde şu wagt sen? Näme işläp ýörsüň? Hassahanadamy? Milisedemi? Ýa, Hudaý saklasyn-e-e-ý, ölihanadan (morgdan) jaň edýäňmi?

Ejemiň bolşuna, agzyndan çykýan geplere tasdanam öz zähräm ýarylýardy.

-Dur, dur, eje! Nämeler gürläp dursuň, gyz? Agzyňdan bir haýyr aç-a! Men-ä ýöne, bu gün işe çykdym-da, indem ine yzyma gelip, öýümizi tapman, azaşyp ýörün-ä!

Şu ýerde ejemiň telefonyň aňyrsynda dünýäsygmaz ýeňillik bilen öwhüldeýändigi eşidildi:

-Owf... Wa-a-h ýer çekmesin seni, ýer çekmän galan! Tas gorkymdan ýaňa takga janym çykýard-a! Garaş häzir, goýma telefony. Men bir kakaň ýüregagyry dermanyndan atyp geleýin. Ýogsa ýüregim towsup agzymdan çykaýjak bolýar-a...

Telefonda biraz wagtlap ümsüm şaggyldy eşidilip durdy. Soň, megerem derman içip gelendir-dä, ýene ejemiň gaharly sesi ýaňlandy:

-Otur şol oturan ýeriňde butnama-da, özüni oňarmaza ýagy ne hajat, sölpi haýran! Häzir gaýyneneňe jaň edip aýdaryn, özi baryp alyp gaýdar, bendäniň. Wah-wah-eý, ulalyp oňalman geçen! Şu seni dagam heleý edinip ýöreniň gününe ýanaýyn! Nirde otyrsyň?

-Seýilgähde.

-Bilýän gabyrda ýa jähennemde däldigiňi,-diýip ejem hemişekisi ýaly gatyrganmasyny dowam etdi:-Haýsy seýilgähde? Gözýeter töweregiňde belläre, çelgilik tutunara näme bar?

-Hanha seýilgähiň gyrasynda çagalar baga-ha bar. Özem öňünde agaçdanmy, kerpiçdenmi örülen, sary-gyzyl-ýaşyl reňkli kiçijik minaraly galajygam, dürli haýwanjyklaryň şekiljiklerem bar eken.

-Wah-wah-eý, heniz doly ýüzem açylmadyk ýaş gelin halyňa nirede bir ýok ýerlerde entäp-entäp, tüýs özüň ýaly haýwanjyklaryň alkymyna-da “bardym” diýsene! Häzir salgyňy gaýyneneňe bererin. Ata-baba şol jelegaýda ýaşap, beletdir ol töweregine. Ah-heý, haçan dynarkak siziň derdiňizden? Ulyňyz-a uly däl, kiçiňizem kiçi däl, siziň,-diýip endikli zeýrenjireýän ejem aragatnaşygy kesdi.

Menem sürüden tazygan geçi ýaly bolup, töweregime ýaltaklap, “haçan yzymdan gaýynenem geläýerkä” diýen pikirde, keýerilipjik, allanäme garaşmaga oturdym. Birsalymdan soňam ol bende, yzymdan gelip äkitdi.

Seredip otursam terslin-oňlyn kaňkap ýörşüme öz öýümiziň deňesinden iki sapar ötüpdirin.

Şondan soňam tä öwrenişýänçäm gaýynenem ýa-da baldyzlarymyň biri meni her gün işden gelenimde awtobusdan düşýän duralgamda garşylap, öýlerine çenli ýolbelet bolardylar. :-)

© S.Ataýew. Gelinler gürrüň berýär :-). Ýaş gelinleriň durmuşyndan 100 waka. Kyssajyklar toplumy. – Aşgabat, 2026. Golýazma hukugynda.