Diýýärler-ä: "Garaňkylykdan soň ýagtylyk bardyr" diýip. Ýöne bize garaňkylygyň soňunyň nirededigini aýtmandyrlar. Ynsan ogly kabullanyjy. Belki biz ýagtylyga ýetýänçäk garaňkylygy kabul ederis. Oňa öwrenişeris, syrdaş bolarys. Munça syrlar paýlaşylandan soň ýagtlygyň geregi bolarmyka, kim bilýär?
Ol bu zatlara bizden has belet bolmaly.
—Tussag.
—Him-diýip tussag kiçijik äpişgä seretdi.
—Men geldim.
—Hoş geldiň dostum!
—Adyňy tussag diýip tutmaklaryndan ýadamadyňmy?
—Ýok, goý, şeýle diýsinler. Adymy tutmasynlar, gerek däl.
Onuň ady tutulanok, tutulmagynam islänok. "Täze ady" oňa has ýakymly eşidilýär. Ençe ýyl bäri etmişiniň jezasyny sowuk diwarlaryň arasynda, tussaglykda geçirýän ynsan üçin garaňkylykdan başga dost bolmasa gerek. İndi ol ýagtylygy nätsin. Garaňkylyk onuň ähli syrlaryndan, ýürek gysmalaryndan habarly ahyry. Tussaglyk oňa dünýäden daşlaşyp özi bilen hasaplaşmagyň pursadyny berdi. Dört diwaryň arasynda rahatdy, ýalňyşlary barada pikirlenip, öz-özi bilen ýüzleşýärdi. Iň bolmanda jeza berilmegine mynasyp görüleni üçin wyždany rahatdy. Garaňkylyk bilen gürleşmek, onuň bilen dostlaşmak ynsana nä derejede ýagtylygy küýsedip biler. Belki hiç küýsetmez, sebäbi ol düýşlerinde-de ýagtylyga çykanyny däl-de, demir penjiräniň aňyrsyndan görünýän bir gysym asmany görýärdi. Onuň düýşide, huşuda birdi ahyry.
—Meniň gözlerim garaňkylyga öwrenişdi.
—Bilýän, ynsanlar menden gorkýarlar. Göýä ýagtylyk melekleriňki, garaňkylyk bolsa şeýtanlaryňky. Aslynda bu zatlar dünýäniň gurluşy. Ýöne ynsan ogly muny kabul edenok. Asmany garaňkylyk gaplanda öýlerine girip, uka gidýärler. Göýä meni görmek islänokmyşlar. Emma olaryň käbirleri ýüregindäki bet pygyllaryny meniň şaýatlygymda amala aşyrýarlar. Özleri meni hapalap, soňam meni hapalanmakda aýyplaýarlar. Gülkünç. Olar garaňkyda özlerini hiç kim görenokdyr öýdýarler, ilden gizlenýärler. Ýöne mülküň eýesi olary görüp dur. Menem şaýat bolup durun. Olar, diňe bir dünýäniň özi däl, ähli älem-jahan Ýaradanyň mülkidigini bilenoklar. Belki bilýändirler. Unudan bolmaklary gaty âhtimal. Näme-de bolsa ynsan ogly özüne peýdasy bolmadyk zady unutmagy gowy görýär ahyry.
—Men senden gorkamok. Gaýtam sen maňa höwür bolduň.
—Sen ýagtylyga çykmak isläňokmy?
—Bilemok.
Ol bilýärdi, ýöne öz isleginden gorkdy. Çünki ýagtylyga çykmak islänokdy. Belki indi ýagtylyk onuň gözüni gamaşdyrar.
Şakyrdap açylan demir gapynyň aňyrsyndan gözüne düşen azatlyk yşyklary gözüni açmaga ýol bermedi. Ine garaňkylykdan soňky ýagtylykdy bu. Gapy açylanyndan soň düşen gün yşyklary garaňkylygy yza serpip goýberdi. Tussag töweregine seredip garaňkylygy gözläp başlady. Diwarlary elledi, boş howany sermedi. Ýöne ýok.
—Tussag!
Gapa seretmek üçin elini gözlerine kölege etdi.
—Tussag, seniň möhletiň doldy. Azat edildiň.
Gam gaplady ýüzüni. Edilen etmişiň puşmanlygy edil ilkinji gündäki ýaly yzyna geldi. Wyždany ençe ýyllardan bâri gapynyň aňyrsynda garaşyp duran ýaly, şobada içeri girdi göýä. Siz wyždanyň dem alyşyny bilýäňizmi? Ol bilýär. Edil şol wagt bildi. Gursagy daraldy, ýüregi penjelenen ýaly boldy. Wyždany edil ýeňsesinde uludan dem alýardy.
—Meniň demimi duýýaňmy gadyrdan?
—Meni günüme goý. Sen menden näme isleýäň? Men jezamy çekdim, azat edildim.
—Käbir ruhlar azat bolmaga mynasyp däldir.
Wyždany ony gününe goýmajagy ikuçsyz. İndi garaňkylykdaky tussaglyk gutaryp, ýagtylygyň içindäki azatlyk diwarlarynyň arasyna girmelidi. Özüni dünýäniň içine tussag etmelidi. Ol edil şeýle bolmagyndan gorkýanam bolsa, indi azat edilipdi.
Azatlyk azat bolmak islemeýan adama iň uly jezadyr! Belki ylahy adalat diýilýäni şu bolsa gerek.
Kanunlar jezaňy dört diwaryň arasynda berer. Seni azatlykdan mahrum eder. Belki aklawjylaryň kömegi bilen azat bolmagyňam ähtimal. Ýöne ylahy adalatyň kanuny beýlemi? Däl!
Dünýä—kazyýet. Onda ýekeje kazy bar, olam wyždanyň. Garalawjyň—etmişiň.Delilleriň anykdyr. Hökümiň belli. Seni azatlykdan mahrum etmez, tersine seni ýaşaýyşa tussag eder. Jezaňy çekmeklik bilen rahatlatmaz, jezasyz azap berer saňa. Belki jezaňy öz elleriň bilen berersiň. Iň esasy zat ol kazyýetde aklawjy ýokdur. Sebäbi etmişiň eýýäm subut edilendir. Özüň subut edensiň. Ylahy adalat—seni wyždanyň jogapkärçilige çekmegidir.
Demir gapynyň şakyrdap ýapylan sesi däliziň ugrunda ýaňlandy. Şol wagt beýnisiniň içinden geçip gelýän ses:
—Yzyňa dolan, häziriň özünde dolan yzyňa —diýip seslendi.
Tussag bir zatlar diýjek bolup dodaklaryny gymyldatdy. Ýöne sözleri bokurdagyna tegek bolana çemeli, ýuwdundy. Soňra sessizlik aralaşdy. Ol garaňkylykdan gitmek islemedi. Emma ýagtylyk ony ymykly gujaklapdy. Tussag demir derwezeden daşary çykdy. Çykmasyna çykdy, emma soňsyz bir guýa giden ýaly boşlugyň içine düşdi.
Aýsapar Emelowa

Teswirler (6)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň