Bagtly
On bäş ýaşda hemme zat bolşundan milliard esse ýiti duýulýar…
Bökdi…
Demini dürsemek üçinmi nämemi, sähel salym doňňara-daş bolup, oýurganyp durdy.
Göýä, iň soňky gezek dem alýan dek ýa-da howa ýetmän demigýän mysaly, sojap-sojap dem aldy.
Basgançagyň germewine tarap egildi-de, hol aşakda garalyp görünýän gorpa seretdi.
Ýylgyrdy…
Gündiz mekdepde onuň jorasynyň gyssanmaçlyk bilen eline tutduran eplem-eplem kagyz bölejigini kisesinden çykardy-da, gözüne ýakyn göterip, ölügsi yşyga ony ýene-de bir ýola, megerem, eýýäm müňünji gezekdir, dodaklaryny müňküldedip okady…
Hanha, şol, onuň gündizler huşuny, gijeler düýşüni eýelän melegiň öýüniň gapysy…
Köne jaýyň bäşinji gaty…
Niräde bolsa tapawudy ýok, bir ýerlere ümdüzine tutduryp gidäge-de, nämedir bir zatlary basyp-ýeňip, ýykyp-ýumrup ýa-da bina edip, ýonup-taraşlap, döredip-gazanyp, alyp gelip, şonuň aýagynyň astyna oklasy geldi…
Kalbynda joş urýan duýgulardan ýaňa bu ýerde mundan artyk ýeke pursadam durasy gelmedi.
Gursagy bir wagtyň özünde hem lezzetli, hem ezýetli sanjydan doldy.
Hyýalynda elýetmez näzeniniň nepis keşbi janlandy, alma gözleri, ýylgyranda ter ýaňagynda emele gelýän näzik çukanajyklar, ülpüldäp duran, melemtil-maýsa saçlary…
Dünýäsini elesledýän duýgulara bäs gelip bilmän, gözlerini ýumdy.
-Saňa duşmadyk bolsam, men nähili ýaşardym?!-diýip eşidiler-eşidilmez pyşyrdady.

Betbagt

© S.Ataýew

Teswirler (8)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...