Dostum, toýa çagyrmady...

Aýby ýok, bolmaýyn müñkür.

Nä, toýa garrama barmy,

Eli degen däldir, mümkin?!

*

Inim gelmeýär salama,

Ýogsam, aramyzam däl daş.

Ýeri, içime salmaýyn,

Gör, ol hem bir maşgala baş...

*

Oglumyñ okuw serinde...

Emma, her ýyl gaýdyp gelýär.

Bolýar, ‘ýykylyp’ bir ýerin,

Bijaý agyrtmasa bolýar.

*

‘Şahyr boljak bolşuñ—güzap...’

Diýýärler ‘Goý azap çekmäñ!’

Belki, olañkam bir hasap,

Netije çykaryn, hökman!

*

Bu günki işimi ýene,

Ertä goýdum... Soñ ýagdy gar.

Hor bolmajak bolup, ine,

Adam, käýarym hor bolýar.

*

Her iş bolsun—bähbit bolsun...

Bolýar-da, gardaş, bolýar-da.

Bolýar-da... Wah, şeýdip onsañ,

Ýüregiñde dag galýar-da...

Annamuhammet Kirşenow