...Obada Bapby “Başlyk” diýen biri bar.

Ýigitler-dä...

Kime pul gerek, kime hünär, kime kär, olara bolsa gülki gerek, oýun gerek...

Ol, “Bapby” diýilýänem barypýatan sadadan gelen türkana adam. Onuň ynanjaňlyg-a sadalygyndanam on esse beter.

Günlerde bir gün, aýak ýygnanar uçurlary, obanyň garagol ýigitleriniň üç-dört sany, daş sypaty ynama mynasybragy ýaňky bendäniň üstüne barypdyrlar-da:

-Bapby däde, eşitdiňmi? Eşitmediňmi ýa?-diýipdirler.

Beýle sowal bilen ýüzlenilse beriljek jogabam köre hasa. Ol görgülem:

-Hä, nämäni?!-diýip sorapdyr.

-O nähili “nämäni”?!-diýip, gelenler geň galyşyp biri-biriniň ýüzüne äňedişipdir. Bapby görgüli olardanam beter geň galýandygyny görkezmekden ötri, gürrüňdeşleriniň her haýsynyň ýüzüne bir ýaltaklapdyr. Onsoň gelenleriň mundan öňňelerine garanyňda has dilewarragy, öz ýanyndan “Stanislawskiýniň säginmesini” bellenilen ölçeglere laýyk sakladyk hasap edip, dillenipdir:

-Ol, seň kakaň inisi, Betduş dädeňi öz işleýän, şol sanda biziňem, seniňem ýeňişli zähmet çekýän hususy firmamyzda ýokaryk tartdylar. Olam şonda seniň işeňňirligiňi bijaý ýaman öwüp, arşa çykardy. Şonuň bilen delillendiribem, seni hususy kärhanamyzyň biziň etrapdaky wekilhanasynyň başlygy edip bellemek hakynda, biziň pikirimizç-ä bijaý ýaman ýerlikli teklibi öňe sürdi. Bizem, akgam, ony tüýs ýürekden goldadyk...

-Aý goýa...

-Hawa, hawa, çypbakaý-çynymyz!

Dogrusyny dogry aýtmaly, her bir adamyňam kalbynda özüniň şol wagtdakysyndan has üýtgeşik belent derejelere mynasypdygy hakynda ynam busurylypjyk, gizlenip ýatýar. Bapbynyň hem öz ýanyndan ýüreginde besläp ýören şuňa meňzeş, körje umytjygy bar bolara çemeli. Üstesine-de onuň sadalygyna-da, näme, ýokarda aýdylyşy ýaly, il belet. Aýdylýan habara-da sadylla bolup garaşyp ýören bolsaň, ynanmagam aňsat. Bapbam aýdylýanlara güp ynanypdyr.

“Nirdesiň ýykylanym garadag?!” diýip, “etek alty ýeň ýedi” bolup bajasynyň öýüne garşy eňäýipdir. Hasylap bärden bara-barmana-da, bajasyndan näme üçin dileýänini doly düşündirip-düşündirmän, ýarym gepläp-geplemän, onuň öýünde bolanjasyny karzyna alypdyr-da, bazara tarap ökjesine tüýküripdir.

Büzmeýiniň bazarynyň gaýra çetindäki ilkinji gabat gelen eşik dükanyna giräkge, seredip-seljerip, seçip-saýlap durmanam, mahmaldan boýunbagly we sypaldan başgaply tekjelere barmagyny çommaldypdyr.

-Şü yşlýapalaň bilen şü gawstuklaň her haýsyndan birisini dola!

Bu wakanyň üstünden ýyllar ötüp, onuňam hemme taryhy hadysalara mahsuslykda könelişendigi sebäpli, awusy ýitlişiberenden soňra, Bapbynyň özüniň güldürip gürrüň bermegine görä, şonda satyjy ýigit ilki düşünmänmiş:

-Agam düşünmedim-le?!

Bapby mümkin boldugyndan arryk döşüni gaýşardyp, hüžžük petekesini hekgerdipdir-de, çüýşe balagynyň ýoňsuz çuň kisesinden sermeläp çykaran bir petde puluny satyjynyň öňüne oklap iberipdir:

-Düşüp-düşmez ýaly, näme ba şü taýda?!-diýip, hasam beter gomalypdyr:-Şü yşlýapalaň bilen gawstuklaň şüňe düşenni dolap bilýäňmi ýa-da ýok?!

Satyjy ýigit öňünde duran, atasyndan galan köne penjekli, özi ýaşuly bolmasa-da ýaşulularyň geýýän gyýma balagyndaky, dükana sygman çişip duran çopansypat pyýadany geň galyp gabak astynda synlap durşuna, öňüne oklanan iri manatlyklary hasyr-husur sanapdyr.

-Agam, munyň-a...häzir hasaplaýyn...-diýip, satyjy hasaplaýjy enjamjygynyň düwmelerine “şyt-şyt” basyşdyrypdyr:-...Amatlysyndan 80 sany boýunbag bilen 20 sanam sypal başgap düşýä?!

-Dola!

“Agam, bi sypatyňa munça galstukdyr-şlýapany nä derdiňe ýaratjak bolýaň-aý?!” diýen sorag diliniň ujuna münenem bolsa, Hudaý beren müşderiniň düşnüksizem bolsa peýdalyja niýetinden dänip, çykyp ötägitmeginden eýmenmänem durmaýan ýigit, dilini dişlemäge özüni mejbur edip, haýdap başlapdyr.

Ýöne satyjy soramaly bolmandyr. Iki goluna pökgerip duran sebetleri alyp, dükanyň çykalgasyna ýönelen Bapby, bosagada az-kem aýak çekipdir-de, hondanbärisi bolup, öňküsindenem beter güberilip, apaň-apaň habar beripdir:

-Bi inijik, agaňy “işeňňir” diýip başlyk etdiler. Şoň üçribem käriňe görä sypatyň bolsa ýagşy!-diýip çykyp gidipdir...

...Şol gün öýlänem özi bilen edilen “oýnuň” “hezil” ýerini gürrüň beripdirler...

Dogrusy, bu waka şu ýerde, Bapbynyň adynyň yzyna “Başlyk” lakamynyň ýelmenmegi bilen tamamlanaýsa-da bolardy welin, “henek” edilen Bapby bolsa-da, bu “degişmäniň” esasy ýüki Bapbynyň bajasynyň kisesine düşüpdir.

Dükançy ýigid-ä: “Akgam, edilen söwdany esassyz gaýtarmak yrymyňa ýagşy dä! Abraýyňa gelişmeýä! Kada-kowahata sygmyýa! Pygamberiň ýoluna ters gelýä! Erenler garşy bolar! Gol ýapýan pirim goldamaz! Kanuna laýyk dä! Ahlagyňa dogry gelmiýä! Takdyryň tüzüwligini bozar! Indikiňe erbet bor! Galyberse-de, eýtsem, öýde aýalym kütek byçgy bilen meni kižžikge-kižžikge bölejiklere böler!...” diýen ýaly müňlerçe deliller bilen, iki sebet mas dykylan boýunbagdyr sypal başgaplary yzyna almakdan ýüz dönderipdir.

Bapbam, nä, şol sada görgüliligi-dä! Keýwanysy bilen bir çukura tüýküräkge, öz kelle agyrysyny bajasynyň üstüne atyp gaýdyberipdir. “Şulary alyp, algyňy hasaplaşaýmasaň bizleriň-ä saňa şunnan başga zat berere ýagdaýymyz ýok. Alsaň-a ine şüler, almasaňam kyýamat-magşara garaşaýmasaň!” diýip, iki sebet harydy bajasynyň öňüne oklap, o ýandan ýeňselerini el ýaly edäýipdirler...

Bapbynyň bajasynyň aýtmagyna görä, aýaly şol iki sebet galstuk-şlýapany on ýyl bäri toýlara toýpaý, üýşmek-çaşmaklara saçak edip daşabam tükedip bilmeýärmiş. Ýene-de azyndan on ýyla dagy ýetjekmiş. Hamana, şonuň ýaly toýpaý edilen oba adamlaram, onuň ýaly tüýs obalynyň “derdine” ýaraýjak zatlary soň toýpaý ýa-da saçak edip, dynyp bilseler, hezil edýärmişler. Şeýdibem şol boýunbaglardyr sypal başgaplar, ondan-oňa peşgeş edilip, il arasynda göçüp-gonup ýörmüşler. Olar bilen Bapbynyň “başlyk” bolşy hakda rowaýatam toýdan-toýa, öýden-öýe aýlanyp ýörmüş...

© S.Ataýew