Hemmämize mälim bolşy ýaly, ýokary bilim ynsan durmuşynda diýseň ähmiýetli orun eýeleýär. Tas ählimiz umuman durmuşumyzy ýokary bilimsiz göz öňüne-de getirmeýäris. Ýokary bilim almak, biz üçin edil mekdep okap ýaly, hökmany bir basgançaga öwrüldi diýsek öte geçmeris.
Mundan ýedi-sekiz ýyl öň bir ýerde okapdym. Nirede okanym anyk ýadymda däl. (Aýyplaşmaň, huşumda galmandyr). Ýöne, ýadymda galan takyk, wajyp maglumat: “adamyň uniwersitetde alan ýokary bilimi 13 ýyl soň ähmiýetini ýitirýär.” Ýagny, dünýä, ylym, şeýle bir tiz özgerýär, 13 ýyl soň adamyň uniwersitetde okap öwrenen ýokary bilimini ähmiýetini doly ýitirýär.
Oýlanyp görüň, bary-ýogy 13 ýyl...
Ýöne adam umuman “ýokary bilimim bar” diýip, ömrüniň galan böleginde çuňňur öwrenmegi adatça bes edýär, şol alan bilimine bil baglap arkaýynlaşýar. Bu aralykda, bu 13 ýyl görkezijisi haýsy uniwersitetde, haýsy ýurtda okaňyzyň tapawudy ýok, dünýädäki ähli uniwersitetlere degişli görkezijidir.
Ylym şeýle bir tiz ösýär, hatda öz okan ugrunda hem ähli zatlary bilmek mümkin däl. Tutuş ömrüňe okap geçireňde hem muny başarmaklyk mümkün dälmikä diýýän.
Biziň uniwersitetde birnäçe ýylymyzy sarp eden alan bilimimiz bary-ýogy 13 ýyl soň ähmiýetini ýitirýär ekeni. Özem bu görkeziji, häzirki ýokary depginde dowam edýän emeli aň (EA) tehnologiýasyny döremezden owal hasaplanan san.
Onda näme etmeli?!
Adam alan ýokary bilimine bil baglap bilmezmi?!
Bu san arkaly esasy aýdyljak bolýan zat, ynsanyň öwrenýän bilimi, aslynda ýüzleý; şol ugruň käbir esasy bölekleri; tiz özgerýän ylmyň ülüşleri. Haýsy ugurda okanyň, haýsy kärde işleýäniň tapawudy ýok, adam umuman öz ugrundan yzygiderli özbaşdak okamagy, öwrenmegi dowamly endige öwürmeli. Şeýdilse, beýlekilere garaňda bir ädim öňde bolar.
Elbetde, durmuş, işiň talaplary bilen nazarýetiň (teoriýa) deň gelmeýän ýerlerem bar. Dogry. Ylalaşýan. Meniň pikirimçe, ýokary bilim esasan adama iki ukyby öwredýär: tankydy pikirlenmeklik we degişli (gerekli) maglumaty özbaşdak öwrenmeklik. Şu iki ukyp adamyň işiňi durmuşda we işde köp babatda ýeňilleşdirýär. Sizem sataşansyňyz, käbir adamlar durmuşda (ýa işde) sähel mesele ýüz çyksa-da, aljyrap, ýaýdanyp, näme etjegini bilmän durandyr. Ana şol ýagdaýyň düýbünde, meniň pikirimçe ýokarda agzalan iki ukybyň şol adamda kemala gelmezligi ýatyr.
Häzirki şeýle ýokary depginlerde dowam edýän EA tehnologiýasynyň dünýä ykdysadyýetine, işde, durmuşda giňden ornaşyp başlamagy bilen, tas ähli endiklerimiz, şahsy durmuşymyz, işimiz kpö babatda üýtgeýär, ýene-de üýtgär. Emeli aňyň bu ösüşi garşysynda sussypeslige düşmeklik ýalňyş bolar. EA bir gural, ony ulanjak bolsa ýene-de adam.
Meniň uniwersiteti okap tamamlanyma ýigrimi ýyldan gowrak wagt geçdi. Ýokarky “13 ýyl” maňa-da degişli. Men-ä başardygymdan, öz okan ugrum boýunça, yzygiderli okaýaryn, öwrenýärin. Indi EA öwrenmegi has hem ýeňilleşdirdi. Emeli aňyň kömegi bilen islän ugruňa degişli islän maglumatyňy tapmak mümkin (elbetde käbir kadadan çykmalar bolup biler.) Özüm-ä şu endigimiň köp babatda peýdasyny gördüm. Wagtymy tygşytly ulanmagy; öz ugruma degişli meselelerde ynamly pikir beýan etmegi; işde ynamly hereket etmegi; yzygiderli okamak endigi berkitmegi başardym.
Siz, okyjylara-da maslahatym, kitap okamak endigi bilen bir hatarda, öz okan, bilim alan ugruňyz boýunça soňky üýtgeşmeleri, täzelikleri okamaklyk, öwrenmeklik. Dogry, olaryň ählisini işde ýa durmuşda ulanman, özleşdirmän bilersiňiz. Emma, şu endigi edinmegiň özi hem adamyň kämilleşmegine uly goşant goşýar.
Kämilligiň soňy ýok. Okamagyň, öwrenmegiňem çägi ýok; peýdalary welin sanardan juda köp.
Sag-salamat galyň.
*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.

Teswirler (8)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...