Şu günki makalany ýazmak üçin kompýuterimiň başyna geçen mahalym, öz-özüme şeýle sorag berdim: “Şu makalany, bir synanşykda, 30 minutda doly ýazyp tamamlap bilermiň?!”...

Telefonymda wagt tutup, ýazmaga girişdim. (Netijesini size makalaň ahyrynda ýazaryn).

 

BAŞLANMADYK IŞ - HIÇ HAÇAN TAMAMLANMAZ

Güneşiň töwereginden kyrk gezek aýlanyp çykan adam hökmünde, durmuş tejribäme esaslanyp, bir söz bilen aýdaýyn: başlanmadyk iş – hiç haçan tamamlanmaz. Çakym çak bolsa, durmuşdaky dürli hysyrdylary yza süýşürmek, ertä goýmak gylygy ählimizde bardyr. Hut, men-dä çagalykdan bäri bar. Mugallymyň beren öý işi ýumuşlary, köplenç iň soňky pursatda edýärdim. Nesibäme, partadaşym ökde okuwçydy. Ähli öý işlerini wagtly-wagtynda edýärdi. Menem ýa sapak başlamanka, ýa-da mugallym bir başdan öý işlerini barlap başlanda, gyssagara çyrşaşdyryp göçürýärdim.

Ulaldym, işe durdym. Bi gylygym welin, henizem bar. Wah, ýogsam şu gylygy taşlap biläýsem köp nepi degjegni bilýänem. Nätjek, öwrenşilen endik, örkleseňem durmaz diýilýäni.

Ýene bir zada göz ýetirdim. Etmeli işimi-aladamy, yza mümkin boldugyça düýşürip, iň soňky pursatda etmeklik gylygym meniň esasanam ýaş wagtlarym, kellämdäki etsem-petsemleriň; uly-uly sepgitleriň kül-külüne düşüp, wagtynda hereket etmän; ýaltanyp, yza süýşürip, ahyrynda edäýemde-de çaldy-goýdy edenim sebäpli, netijesi meň kellämdäki göz öňüne getirşim ýaly bolmady. Şol, sebäpli nygtap geçeýin: arzuw etmek gowy zat. Adam arzuwsyz ýaşamaýar. Emma, bolsady ekip, iş ýüzünde hereket etmeseň, işiň köplenç pyrryk bolaýýar ekeni. Ýokarky sözbaşyny gaýtalap bu gürrüňe nokat goýaýyn: başlanmadyk iş – hiç haçan tamamlanmaz.

 

OBAŇ AÝALLARY NÄME GÜRRÜŇ EDÝÄR?!

Bir goňşym bar. Hiç kime, hatda guşa, garynja-da zyýan berýän adam däl. Adamçylygna söz ýok. Gyzyl ýaly adam. Ýekeje kemi bar – içegen. Özem, ýöne-möne däl.

Arada körpe inisiniň toýunda içibilineni içip, ahyrynda-da, mellek aýak uçdaky joýa ýykylypdyr. Joýada suw bolmansoň, ýykylan ýerem çolarak, garaňky bolansoň, ertesi gün irden adamlar örende onuň ýatandygny bilip galypdyrlar. Goňşysynyň ogullary irden aýak ýoluna çykanda ony tapyp, goltugyna girip, inisiniň öýüne eltipdirler.

Goňşymyň bu haly barada obaň aýallary näme diýipdir, bilýäňizmi?!

“Waý boýdaş, ho-ol araky pylanyň toýy ýadyňdamy gyz?! Ana şol toýda toý eýesiniň iň uly agasynyň bolşyny eşitdiňmi?! A gyyyzz, bizem-ä ilde-günde arak içip, her hili bulaşyp ýöreni gördük welin, onuň ýalysyny men-ä henize bu güne çenle ne gördüm, ne-de eşitdim.

Waýýýýý, işi gaýdan içip-içip, lül peýan bolup mellek aýak ujyndaky joýalaryň birine ýykylaýypdyr-a. Tä daň atýança-da ýatypdyr gyz. Ine-dä, bokurdagyňa buýrup bilmeseň, şeýdip ile wejera bolaýýaň....”

Gepiň tümmek ýeri – goňşymyň indi täzeje lakamy bar: joýa ýykylan. (Hawa, goňşymyň täze lakamy nesip etsin).

 

KÖPÇÜLIKDE ÖZÜŇI ALYP BARMAGYŇ ETIKASY

Ählimiz jemgyýetiň bir agzasy. Her gün, işe, okuwa, ýa bir alada bilen bazara; markete-dükana; dermanhana; edara; we ş.m. ýerlere çykýarys. Elbetde, kämillik ýaşyna ýeten adam hökmünde, hemmämizde köpçülikde özümizi nähili alyp barmalydygy, nähili alyp barmaly däldigi barada pikir bar.

Ylalaşýan. Dürli ýaşda, dürli kärde; bilim-sowat derejesi tapawutly ynsanlar hökmünde ählimiziňem bilip-bilmän edýän säwliklerimiz bolup biler: köpçülik ýerinde batly ses bilen gürleşmek, telefondan warladyp aýdym açmak; waçjyldadyp-parkyldadyp sakgyç çeýmenek; ýakymsyz ses bilen gülmek...

Başardygymyzdan, ilki özümize bu babatda buýurmaga çalyşalyň. Her birimiz şeýtmegi başarsak (bilýän, bu aňsat däl), onda netijede munuň jemgyýetdäki ähli adama nepi deger.

 

“PYLANYŇ SAMANY ÝANYPDYR”

Bu gürrüňi ilkinji gezek haçan eşidenim anyk ýadymda dal. Ýöne, maňa gürrüň beren tanşym, hakyky bolan waka diýipdi.

Bir obaň bir çetinde ýaşaýan bir ýaşaýjyň howlusynda depe edip üýşüren samany ot (o:t) alypdyr. Az ilersinde ýaşaýan aýallaryň biri “waý, pylanyň samany ýanypdyr. Özi işde ekeni, goňşylary suw getirip ýetişýänçä, saman doly ýanyp, kül bolaýypdyr” diýip, gürrüň ýaýradypdyr.

Ýaňky "saman ýanypdyr" gürrüňi obaň o çetine nädip ýetipdir, bilýäňizmi?!...

Ine şeýle: “Samarkant ýanypdyr...”

(awtoryň bellegi: Samarkant Özbegistanyň iň meşhur, taryhy şäherleriniň biridir)

Wiý, bu ýazgyny 33 minut 47 sekuntda ýazyp gutaran ekenim.

Sag-salamat galyň!

 

*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.