Baýlygyňdan ne peýda, adamçylygyň tw*r bolsa...
Men muny has öňräk bir waka şaýat bolamda aýdypdym. Edil şuňa meňzeş başga-da bir aýtgy aýtdym, ol hem şu aýtga gaty ýakyn. Durmuşda şeýle bir wakalar bolup geçýär, janyň ýanyp agzyňa paýyş söz alanyňy özüňem duýman galýaň. Janyň ýanyp haýranlar galýaň welin, gaharyňa dälliräýjek bolýaň. Şeýle bir adamlar bar, her gün kafe baranda 1000 manatdan 5-6 müň manada çenli iýip-içip gaýdýar. Kelläme şeýle pikir gelýär, her gün şo çykdajylary edip ýörenden ene dilini söýýän adamlardan birini tutup şoňa şeý diýse: "Men saňa 5 müň manat aýlyk berjek. Hiç iş işleme, diňe elektron kitaplary ýasa, ýazyp bilýän bolsaň özüňem ýaz, bu meniň ene dilimiz üçin haýyr-sahawat etdigim bolar, özüm edip başarmasamam şu ugurda ylgaýana maddy kömek bersem meňem goşandym bolarmyka diýip oýlanýaryn" diýende-de baýlygyndan 0.001% hem kemelenok. Şeýle tütjar baýdyr welin, gaýtam başarsa ýene ondanam beter baýajak bolýarlar. Bu bäş günlük dünýäde baýlyk toplamaga geldikmi? Kim köp baýlyk (altyn-pul) gazansa şol hem Jennete girer diýen şygar bar ýaly ýaşaýar köp adamlar. Ýeri, bu barada siz nähili pikirde?
Ahmet Gurbanmyradow

Teswirler (10)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...