22.11.2021ý
Işim gaýtdy! Wah ilden gizläp ýören zadyňy gündelige ýazmak nämäňe gerek diýsene?! Özüm samsyklaý, aňkaňy aşyryp ýörseň şundan gowy günler göresi ýok adamyň.
Geçen gezekki wakalary gündeligime ýazamda uklap galyp, sähel ýerini ýazyp ýetişmändim. Yzyny okuwda ýazaryn diýip, hiç etmeýän išimi edip, gündeligimi okuwa alyp gitdim. Okuwdan gelemede bolsa ol portifelimde ýokdy. Nirede gaçyranymam bilemok ýada biriniň ogurlanynam... Gaty hopukdym, eger ony biri okaýsa meniň bar syrym paş boljakdy. Ähli ýeri dökan- saçan edip gözledim. Hatda okuwa gidip ýörän ýerlerimi, oturan ýerlerimi barladym. Hiç ýerde ýok eken. Şeýdip o gün ony tapmadym. Ertesi gün agşam ýene gözlege çykdym, ahyr tapman başymy tutup otyrkam Ahmet öňüme bloknodymy zyňyp goýberdide "şuny tapman kösenip ýörmiň?" Diýdi. Dünýä duran ýaly boldy. Okan okamadygyny soramak üçin ýüzüne ýeke gezek seretdim, ýöne onuň gahar we ýigrenç doly bakyşlary ähli zady aýdyp durdy. Şondan soň onuň ýüzüne göni garamaga özümde güýç tapmadym.(Ol näme üçin okadyka? Hany onuň terbiýesi başganyň syryna hormat goýmagy öwredipdi ahyry. Diýmek olam adama mahsus bolan bilesigelijilikden üzňedäldä.) Diýen pikirler kellämde aýlandy. Düwülen ýumrugy köp zatlary aýtmak isleýäninden hawar bersede ol diňe ýekeje jümle aýdyp bildi " Ondan uzagrak dur." Şondan soň otagdan çykyp gitdi. Ýöne şo bir jümlede hemme garaşyp oturan gyjalatymy eşden ýaly boldum. Puşman boldummy? Ýok. Söýenim üçin dälde oňa göripçilik edenim üçin puşman bolup bilerdim. Emme bolup geçen zada ökünmek akmaklaryň işi.
01.09.2023ý
Hawa soňky okuw ýylynyň ilkinji gününede gelip ýetdik. Şol günden bärem ýazmaga degerli kän zat bolup geçdi. Ýöne wagtam gymmat zat. Meselem- Merdanyň maňa temmi berdirmek üçin üstümden arz etjek bolanyny aýdyp bilerdim, soň bolsa Ahmet ony beýtmezlige yrypdyr. (Elbetde ol maňa kömek bolsun diýip etmedi. Eger bu zatlaryň üsti açylsa men onuň söýgülisiniň gahrymanyna öwrülerdim ahyry.)
Şol günden soň Ahmet meniň bilen hijem öňküsi ýaly dos bolmady, ýöne muny daş töweregede asla bildirmedi. Gündelikde ýazyşym ýaly duşmanyny ýakynrak tutjak boldumy nämemi, otagynam aýyrmady. Hatda tersine ýaryş synaglary bolsun, yzyndan gelýän produkta bolsun, toparyň starstalygy bolsun ähli zatda meni öňe sürdi. (Edil şondan başga hemme zadym seniňki bolsun diýän ýaly. Eger muny içimi ýakmak üçin eden bolsa, bu oňa başartdy.)
Hanym K-nyň gahrymany bolmak kararyma gelsek, ondan soňam kän gezek onuň islendik meselesini çözmäge gizlin kömek etdim. Mahymam bu maksatda uly ýardamçym boldy. Ol meniň duýgularyma hormat goýýar. Ýöne näme üçindir Hanym K-nyň özi bilen gürleşemde şeýle samsyk gürleýänime düşünemokda. Şu sebâpdenem ol meni boş kelle hasaplaýa.
Garaz bu ýyl uçurum. Tizdenem Hanym K-nyň doglan güni. Öňki ýyllar "gutly bolsun" diýmäge dilim barmasada bu ýyl men oňa sowgat almagy meýilleşdirýän. Belki okuwy gutarmankak oňa duýgularymy aýdaryn...
@kuzam
Teswirler (0)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň.