01.09.2020ý

Salam eziz gündeligim.( Şeýle başlanýakmyka?) Tanyş bolaly, men Baýramgeldi. 20 ýaşymda, Balkan welaýatyndan. Bu gün meniň ýokary okuwa girip, ilkinji okuw günüm.( Başga näme diýip tanyşdyrjagymam bilemok). Bu bloknody maňa bir wagtlar ähli arzuwlarymy baglan, ýöne indi başga biriniň maşgalasy bolup giden öňki söýgülim sowgat beripdi. Ol munuň sahypalaryna durmuşymda bolup geçýän ýakymly ýatlamalarymy ýazmagymy isläpdi. Menem adam ömrüniň iň bagtly döwri bolan talyplyk ýyllarymyň her bir gününini ýatlanman ýazga geçirmegi makul bildim. (Eger ertir ýadymdan çykyp gitmese).

Irden geýinip, uly energiýa bilen günüme başladym. Okuwyň derwezesinden giren badyma biri birinden owadan talyp gyzlara gözüm düşdi. Bakyşlarym bilen süzüp olaryň haýsy birine birinji lak atyp başlasamkam diýip daş töweregimi synlap barýarkam, gysgajyk örülen toprak reňkli saçyna sakgyç ýapyşdyryp daş töweregindäkilere iş berip, uly sesi bilen aglap oturan bir däli gyza gözüm düşdi. Şol wagt içimden "bä, okuwa girende psih balnisadan sag diýip hatam aldymyka şulam?" diýip pikir etdim. Soň ýene üns bermän ýolumy dowam etdim.

Pastrenýada ilkinji gezek talyplaryň hatarynda "Ataýew" diýip familýamy tutanlarynda ýüregim buýsançdan dolup gitdi.

Sapaklarda özümi göreldeli alyp bardym we başardygymdan gowy okamaga çalyşýardym. Sebäbi orta mekdebi o diýen öwerlikli tamamlamasamam ýokary okuw ekzaminlerine men irginsiz taýarlanypdym, hemem öz ugrymdan biraz bilim edinipdim.(Öwünen ýalam boldy) Watan gullugynda geçiren iki ýylym boýunça men şu günüň arzuwy bilen ýaşadym ahyry. Şeýle bagtly günümde maşgalamyňam meniň ýanymda bolmagyny, iň bolmanda meniň bilen bile begenmeklerini isläpdim. Emma meniň kakam bilen aram hiç wagtam gowy bolmady, ejem bolsa hemişe menden närazy... Heeeý bolýada gele gelmäne seniňem içiňi gysdyrmaýyn.

Gowusy men saňa umumy ýaşaýyş jaýynda otagdaşym bolan Ahmet barada giňişleýin aýdyp bereýin. Ol Ahal welaýatyndan gelipdir. Okuwy gutaran badyna instituta girenligi onuň menden iki ýaş kiçiligini düşündirýär. Ol gaty gowy oglan. Ähli ýerde özüni aldyrmagy başarýar. Göwünjeň, kim näme diýse etýä, garaz ýüreginde ýamanlyk ýok. Ine eýýäm mugallymlarymyzyň käbirleri onuň adyny belläp alypdyr. Ähli jogapkärliräk işlerini şoňa ynanýalar. Hem topardaşym, hem otagdaşym bolansoň ol oglanyň geljekde ýakyn dosdym boljakdygyna men ynanýan.

Ýaňyrak öz otagymy tertipläp zat daşap ýörkäm, uly kursdan 2-3 sany oglan maňa kömek etmegä beýlede dursun, özlerini gaty sylanşyksyz alyp bardylar. Menem olara birazajyk ene-atasynyň berip bilmedik terbiýesini öwretmeli boldum. (Okuwyň birinji gününden uruş-jenjele garyşmaýyn diýanem bolanokda. Entägem bu ýagdaýy hiç kim bilmän galdy. Olaram öz günäleri bar bolansoň hiç kime aýdyp bilmediler.)

Garaz şeýdip seni durmuşymdaky her bir gyzykly günlerden hawarly edip duraryn. Men indi ýataýyn. Bu gün gaty ýadadym.

****

@ kuzam