02.09.2020ý
Salam gündeligim. Täzeliklerden hawar bersem bu gün sport mekdepde woleybola ýazyldym. (Erwedem oýnamok).
Eýýäm öz kursdaşym Güljanyň hemem beýleki topardaky Aýnanyň nomerlerini alyp ýetişdim.(Olaryň bir-birinden hawaram ýok). Garaz okuw gyzyklyja gidip dur. Hemmeler men hakda soraýa. Hatda şu gün Ahmet ikimiz arakesmede durkak düýnki däli gyz diýenim joralary bilen deňimizden geçip barýaka bize seretjek bolup büdüräp tas ýykylypdy. Muny görüp pyňkyryp gülüp göýberenimi özümem bilmän galdym. Ahmediň diýseň gahary geldi. "Erkek oglan bolup gyz maşgalaň üstünden gülmek gelişiksiz" diýip edep sapak geçen boldy. Şonda men onuň özüniňem şo gyzda biraz göwnüniň bardygyny bilip galdym.
05.09.2020ý
Şu Ahmet nähilaý? Hemme zadyma goşulýa, nirde görseň akyl berip ýörendir. Edil menä çaga, olam meniň enekäm ýaly. Arkaýyn ýaşbam bolanok. Okuwda okuwda, otagda otagda, hatda woleybol oýnandada günüme goýanokda. Ýöne "oýuny dogry oýna, hiç kime azar berme". Indä şahsy durmuşymda goşulyp başlady how "ol aldaýan gyzlaryňam arzuwlary bardyr ýene näme.." halys ýaşara goýanokda.
17.09.2020ý
Ýo indi men şul oglandan birzat edibä dynmasam bolmady. Näme üçin hemme ýerde şol birinji bolmaly, hemme öwgä ol mynasyp bolmaly. Ine bü gün şäher ara geçirljek ýaryşa men gatnaşjakdyma, gaty az galypdy ýeňmegime. Ýöne näme bolandyr öýtýäň, elbetde oňada Ahmet saýlandy. Hemme mugallymlaryň iň halaýan talyby, okuwdaky gyzlaram şol diýip öljekler. Akyllysynada şol gerek, akmagynada şol gerek. Bir adamyň ýeke ýalňyşy bolmazmy how? Sepinýän gymmatbaha atyrlary ýa dakynýan Rolex sagady ogurlyk bolup çykaýmala. Ony aňsatjyk ýolumdan aýyryp goýbererdim. Ýöne ýokla ol baý maşgaladan gelýärä. Hatda onuň maşgalasy bilenem hiç hili meselesi ýok. Men bolsa şeýdip onuň kölegesi ýaly bolup geziberiýin. Hatda okuwda köpüsi meniň adymam bilenok. Ataýew diýäler ýada Ahmediň dosdy diýip tanalýan.(Nähili utanç)
21.12.2020ý
Şu gün o däli gyzyň ýakyn jorasy Mahym meniň ýanyma geldi.( Meniň informatika otagynyň el tutmanjyny döwenimi görübem hiç kime aýtmadyk gününden bäri biz dos bolduk. Beý diýsem goşa dyrnakly "dost"däl. Diňe käwagt hal-ahwal soraşýas, täzelik bolsa aýdyşýas. Hemem onuň söýgülisi bara meňzeýä özi aýtmasada. Men ony sylaýan) Maňa gelip näme teklip edendir öýtýäň? "Şo däli jorasynyň Ahmetde göwni barmyşyn, eger men Ahmetden onuňam duýgularyny bilip bersem biz şolaryň birikmegine kömek etmelimişik". (Şonsuzam şo Ahmediň her islän zadyny aňsatjyk alýanyna näderimi bilmän ýörün, birem onuň halap ýören gyzynyňam ony halaýanyny heý baryp aýdarynmy men?) Mahyma bolýa diýip kömek etjek ýaly edip goýsamam kellämde başga planlar bardy.
23.12.2020ý
Şu gün arakesmede Mahym ýene gelip soran soramadygymy gyzyklandy. Men oňa ahyr bu gün "soradym" diýdim. "Ýöne Ahmediň öz garyndaşlaryndan garaşyp ýören söýgülisi barmyşyn" diýip ýalan sözledim. Mahym muňa ynandy we gaty gynandy. Jorasyna bu zatlardan söz açmazlygy ýüregine düwdi. "Bilmesinem köýmesinem".
Edil duýan ýaly mundan bir hepde ozal Ahmedem maňa şo gyza bolan duýgularyny aýdyp, maslahat sorapdy. Ýöne men oňada "aslyna ýetmän, gören gyzyňa söz aýdyp ýörme" diýdim. Näme herdürli adam barda. Hawa entegem Ahmet bilen dostlygyma haýran galaýma. Men oňa nähili çydap bilmesem duşmanymy ýakynyragymda tutanymy kem göremok.
09.05.2021ý
Bilýäňmi? Bu gün sapakdan soň Mahym maňa "şu gün gyzlar bilen oňa öz söýgüsini boýun aldyrjak bolýas" diýip sms yazdy. Menem "nädip, näme üçin, näme etjek bolýaňyz?"diýip ýazdym. Soň olam aý jorasynyň içinde arman galmagyny islemeýändigini aýtdy. Şunça wagtda onuň duýgulary sowamandyr, belki Ahmediň özi birzat diýse sowarmyşyn. Beýdip kösenip ýörenden anygyna ýetip, ýoluny dowam edeni gowumyşyn.(Şu Mahym näme üçin hemme zada kellesini agyrtýaka?) Garaz bu gije gyzlar agşamy geçirip, oýun bahanasy bilen oňa duýgularyny aýtýan sms ýazdyrjakmyşyn... Mendenem Ahmediň nomerini aldy, gerek bolar diýip. Dosduň bolsa bermeli bolýada. Ýöne bu ýagdaý meniň ýalanlarymyň üstüni açjakdy. Şonuň üçinem men plana goşulmaly boldum.
Agşmalygy Mahym "oýuna başladyk" diýip sms ýazanyndan Ahmetden "öýe jaň etjekdim. Meniň telefonumyň zarýady gutardy" diýip, telefonyny aldym. Soňam balkona çykyp smsiň gelerine garaşdym. Mahyma "ugratdymy?" diýsem "hawa" diýip ýazypdyr. Onsoň ol smsi näme etjegimi pikirlenip başladym. Ýöneje pozup goýbermelimi, Ahmediň adyndan ýakymsyz birzatlar ýazyp ony ýigrendirmeli ýada belki gyzyň belgisini bloklaryn. Şeýdip pikir edip oturşyma 2sagada golaý oturypdyryn balkonda. Üşäp gitdim. Ýene Mahyma ýazdym "näme boldy?" diýip. Olam "gaty uzyn sms bolany üçin gitmändir. Plan ýatyryldy:(" diýip ýadypdyr. (Bolaýdyda. Hiç zat etmegem gerek bolmady. Dagam nämä garaşdym diýsene? O gyz Murfy kanunynyň hut özi, aýakly bela, edeni ters bolýara. Bu gidişde olar Ahmet bilen birleşmänjik geçerler.)
Şeýle pikirleri kellämde jemläp ýatmaga geçemde täze sorag meni ukudan goýdy " diňe Ahmediň bagtly bolmagyny islemedigim üçin men o gyzyň smsiniň gelmedigine şeýle begendimmi ýa arkasynda başga sebäbem barmy?" Onsoň açyp o däli gyzyň obýektiwkasy bilen gyzyklanyp gördüm. Näme diýseňem şonda meniň ünsümi çekýän birzatlara bar.
@kuzam
Teswirler (5)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň