Baýramgeldiniň gündeligi 3

01.09.2021ý

Ine ikinji kursada gadam basdyk. Tomusky dynç alyşda özüm bilen ikiçäk galan günlerim duýgularyma has aýdyň düşünmek üçin ýeterlik wagt boldy. Hawa düşündim. Şunça wagt bäri däli diýip, üstünden gülen, her bir hereketine äsgermezçilik bilen çemeleşen şol kursdaşyma indi men aşyk boldum. Eý Hudaýjan bu nädip beýle bolýa? Ýüregim ýerinden çykaýjak bolup gelýädä. Meniň aşyk bolanymy bütin dünýä bilmeli we meniň bilen bile aýdym aýtmaly ýaly boldup dur. Aýratynam onuň özi ýakyn wagtda muny hökman biläýmeli. Bütin tomus boýunça telefonumdaky, arakesmede bildirmän düşüren suratyma seredip guwanyp gezdim. (Ertekilerde taryp edişi ýaly gara gaşly, gara gözli, al ýaňakly bolmasada olam özboluşly owadan gyz). Indi men onuň adyny däli gyz diýip tutasym gelenok. Hanym K diýip aýdyp geçemde sen şolduguna özüň düşün.

Aşyk bolamdan bu ýana mende kän üýtgeşmeler bolup geçdi. Meselem öňki gürleşip ýören 4 sany söýgülim bilenem arany üzdüm.(Şondan başga gyzy indi sulhumam alanok). Öýde köp işlere peýdam degdi. Hatda indi gaharym gelendede öňküden geçirimli hereket etýän.

Indi sen sorap bilersiň: "Ahmet näme? Öz dosduň söýýän gyzyna aşyk bolmaga utanmadyňmy?" diýip. "Gyzy müň kişi sorar bir kişi alar" diýilýärä. Ahmede gyz gyt dälle. Meniň nesibäm bolmadyk bolsa men oňa aşyk bolmazdyma... Garaz tiz wagtda hanym K duýgularymy aýtmak isleýän. Ýogsam bu ýagdaýy halys ýüregim göterenok.

20.09.2021ý

Şu gün ahyr soňy onuň bilen nädip ikiçäk gürleşmegiň planyny düzdüm. Ony duşuşyga çagyrmaly. Bir kagyza " ertir okuwdan soň 2-nji parkda karuseliň ýanynda garaşjak hökman gelginiň" diýip ýazdym. Onsoň ony nädip ýetirjegimi bilmän gidip aýnasyndan oklamagy makul bildim. Kagyzy düýrledimde gowuja nyşana alyp hanym K-nyň bolýan otagynyň açyk duran äpišgesinden oklap göýberdim. Soňam biri meni göräýmänkä tiziräk garamy saýlanymy kem görmedim.

Öz ýanymdan "ertir birden garşysynda meni görse näme diýerkä? Gelmezmikä? Ýa birden haty onuň otagdaşy Maýsa gören bolaýsa?" diýip kän howsala düşdüm. Soň bolsa "borla Maýsa barsa bärden serederinde ýanyna barman gaýdaýaryn" diýip arkaýyn boldum.

21.09.2021ý

Nebir geýinip, bezenip, beslenip, uly tolgunma bilen okuwa gidipdim. Gynansagam bu gün okuwdan soň ýowara alyp galdylar. Duşuşyga baryp bilmejegime gaty gynandym. Ol maňa garaşmasa gerek. 3 sagada golaý işlämizden soň ýadawlyk we göwnüçökgünlik bilen parka gitdim. Onuň ýokluguna bilýanem weli, ýenede şo ýerde ýeke galmak isledim. Parkyň girelgesinden giren badyma agajyň saýasynda entegem gözüni ýola dikip oturan hanym K gözüm düşdi. Entegem ol meni görmänkä gizlenip ýetişdim. Derrew üst başyma serenjam berip, ýanyna gitjek bolup ýeke ädim ätdimem welin birden saklandym, gözüm ýaşa doldy. "3 sagat. Okuwdan çykandan bäri 3 sagatlap ol maňa garaşmady ahyry. Ol asyl näbelli hat bilen bu ýerlere geljek gyzamdäl. Ol diňe Ahmede garaşdy. Häzir meniň ýerime Ahmediň şol ýerde bolmagy gerekdi." Bu pikirler janymy otda gowursada, men oňa dözmedim. Ygynsyzlyk bilen telefonumy göterdimde Ahmede jaň edip ony parka çagyrdym. Ýakynda bolansoň olam 5 minuda galman geldi. Men Ahmede " sizi birleşdirmek üçin şeýle plan düzdüm diýdim. "Hanha hanym K saňa garaşyp otyr" diýdim. "Edil özüň çagyran ýaly bolda onuň bilen gürleşip gör" diýdim. Ahmet begenjinden meni gujaklady. Meniň hak dostdygyma begendi. Şunlukda olar gowuşdylar. Men bolsa otaga gidip gitaramy elime aldymda sesimiň ýetdiginden aýdym aýtdym.

@kuzam