Baýramgeldiniň gündeligini 4
20.11.2021ý
Şol günden soň gündelik ýazmagada, durmuşymy galan ýerimden dowam etmägede keýpim bolmady. Depresiýanyň alamatlary bütin bedenimi gabap alypdy. Ýöne men ony özümçe geçirýärdim. Hanym K aşyk bolanymda ýeňmegi başaran ähli kemçiliklerimi essesi bilen gaýdyp aldym. Özüme agram saljak bir pişe bolsa edip gördüm. Her gün daň bilen turup rehimsiz türgenleşikler geçýärdim. Güýçlenmek üçindäl özümi gynamak üçin, bedenimiň agyrlaryndan başga zady duýmazlyk üçin. Okuwdan boş wagtlarym tanamaýan gyzlarym bilen duşuşyklara gitdim. Parkda bir-birinden gorkunç attraksionlary barlap gördüm.(Bolýa bu biraz ötegeçmek boldy) Garaz ýüregimiň oňa bolan talabyny eştmezlik üçin şondan başga hemme duýgulary barlap gördüm. Şeýdibem şunça wagtlap okuwdan başga ýerde Hanym K-nam, Ahmedem görmezlige çalyşdym. Emmä näçe gaçmaga synanşsamam gijelerine otagda bolýan goşa gumrularyň telefon arkaly romantik söhbedinden gutulaýmak kyndy. Şol sebäpden gijelerimi aý astynda tüssäniň humaryna goşgular ýazmak bilen geçirip başladym. Tä şu gün Mahymyň ýagdaýyny soraýyn diýip sms ýazyp olaryň kynçylyklaryndan hawarly bolýançam.
Mahym maňa -"Šagüliň Hanym K-ny şantaž edip, ony Ahmetden aýyrmak islänini, onuň bolsa boýun egmezlik üçin elinden gelenini etýändigini aýtdy. Ýöne Mahymyň düzen planam olaryň tersine işläpdir we Mahymyň özi oňaýsyz ýagdaýa düşüpdir. Şagüle kiçi kursdan Merdan diýip bir oglan kömek edipdir." Bu zatlary eşdip, gahardan ganym gaýnady. Men ômrümde birinji gezek başga biriniň bagtyny öz bagtymdan öňde goýdum we durmuşymyň soňky 2 aýy şu maksat bilen dowzaha öwrüldi. Bular bolsa meniň bar azabymy bir köpük etjek bolýalarmy?
Şobada gidip Merdan diýen oglany bolýan otagyndan tapyp aldym. Oňa gyzlaryň meselelerine goşulsaň näme bolýanyny gowy edip düşündirdim. Tä ol edenlerine puşman bolýançada durmadym. Gözimiň öňünde Şagüle jaň edip Hanym K-dan ötünç soratýança ony goýbermedim. Şol wagt ýüregimde birjigem puşmanlyk ýada rehimdarlyk duýgusy ýokdy.
Şeýlelik bilen olaryň meselesi çözüldi. Men bolsa özümi birzatlardan azat bolan ýaly duýdym. Görýän welin meniň ýeketäk dermanym öz duýgularymdan gaçmakdälde, olary hiç kime bildirmän içimde ýaşatmakda eken.
Hasam onuň bu günki batyrgaýlygy meni haýran galdyrdy. Diňe söýýän adamynyň abraýyny goramak üçin şunça alada etýän gyz, onuň bagty üçin gör nähili söweşlere girip bilerdi? Menem aslynda onuň şeýle arassa we mertlerçe söýüp bilýän ýüregine aşyk boldum öýtýän. Eger her bir adam häsiýeti boýunça bir reňke meňzedilýän bolsa, men ony älemgoşara deňärdim. Sebäbi onda çal reňkden başga ähli reňkler bar. Meniň reňkimden başga.
Şunlukda hemişe şu günki ýaly Hanym K-nyň gizlin halasgäri bolup galmak meniň rahat ýaşamgym üçin ýalňyz çykalga. "Ýöne ol muny hiç wagt bilmeli däldir."
@kuzam
Teswirler (0)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň.