Edebiýat – ynsan aňyny, kalbyny, dünýägaraýşyny özgerdiji üýtgeşik täsirli güýje eýe.
Onuň bilen meşgullanýanlaryň hemmesiniňem islese-islemese, baý hyýalbentligi (fantaziýasy), oýlap tapyş ukyby, döredijilikli (kreatiw) pikirleniş endigi bolaýmaly.
Çünki edebiýat bilen şowly-şowsuz iş salyşýan islendik ynsan, beýlekilere endikli bolan hadysalara, gündelik adatylyklara özgeleriňkä meňzemeýän nukdaýnazar bilen garamaga mejbur. Has häzirkizamanlaşdyryp, ýöntemleşdirip aýtsaň:
Şablon (endikli galyp) – kreatiwligiň jellady.
Ýa-da: Galyp – çeper hyýalyň ajaly.
Üstesine-de ýazýan kişi, eger-de öz görýän zatlary hakyndaky ýazgylarynyň azda-kände okalmagyny isleýän bolsa, aýdasy gelýän närsesini, öz okyjylarynyň duýgusyny gyjyklar ýaly, pikirini oýarar ýaly derejede özüneçekiji, gyzykly, täsin we ş.m. edip beýan etmelem bolýar.
Ine şu mejburylyklaram, ýazmak pişesine baş goşanlary otdan alyp, suwa salýar. Olary hemişe täzeligiň, geň-enaýylygyň gözleginde çarp urmaga iterýär.
Türkmenlerde bir nakyl bar: “Gezegen aýak poh basar”.
Ine şeýle gyzyklylygyň hem-de gyzykdyrmagyň gözleginde ser-sepil bolup ýören birgiden ýazýançylaryň “sürüsiniň” içinde-de her hilisi duş gelýär.
Kim agtara-agtara dür-merjeniň üstünden barýar.
Kimiň bolsa, gözleý-gözleý tapyp, ägirt uly ymtylyşdyr höwes bilen garban “gyzyly” “gum” bolup ýa-da “Hydyr” diýip syýyndan aslyşany “hyrs (aýy)” bolup çykýar.
Indi, bujagaz giriş sözlemler bilen diýiljek bolunýan esasy pikir – edebiýatam, ynsan aňynyň döredijilikli işjeňliginiň islendik beýleki görnüşi ýaly, esasan bilesigelijilige esaslanýaram, daýanýaram, şondan ruhlanýaram, gözbaşam alyp gaýdýar.
Bilesigelijiligiň esasy ýüze çykmasy bolsa – gözleg!
Gözläp ýörseň bolsa, kähalatda nämäň öz-özünden “tapylyp” goýberilýändigi ýokarda agzaldy.
Indi şu uzyn “moh-mohuň” hasam uzyn “juk-jukly” ýerine geçeliň.
Edebiýatda we sungatda: “naturalizm”, ýagny “tebigylyk” diýip žanr bar.
Ine şol hakda-da, öňem bir “absurdça geplemäni” halajak-halajak bolup başlanyň biriniň aýdyşy ýaly: “Madym eýýämlaň magşylary maýtmyş: “Mäş meleme möz maýrar molluk! Mör-mak mäme miýýos!”:
Naturalizm (latynça: naturalis – tebigy, tebigata görä), edebiýatda we sungatda XIX asyryň ahyrynda XX asyryň başlarynda ýüze çykan, durmuşy hakykatçyllygyň (realizmiň ýa-da pozitiwizmiň) özgerişiniň soňky tapgyrlaýyn akymydyr.
Naturalizm diýlende, çeper beýan edilýän wakalaryň dürli düzüm bölekleriniň (jikme-jiklikleriniň) daşky çynaberimsizligini, haýsam bolsa aýratyn, ýekeleýin hadysalary umumylaşdyrman, çeper gahrymanlaryň häsiýetlerini tipleşdirmän suratlandyrmaga gönükdirilen çeper beýan ediş usullarynyň jemine düşünilýär.
Mysal üçin: Juma Hudaýgulyň “Şahyjahan” atly hekaýasyndan bir parça:
“Dik duran ýerinden balagynyň gonjuna syçradyp buşugar. Iliklerini ildiribilmänem ep-esli güýmener. Çermegini çeker. Öwran-öwranam düş-düşüň kerebinden goranýan ýaly, aýasyny ýüzünden ýöredip goýberer” (http://kitapcy.ru/news/sahyjahan_hekaya/2018-06-12-174).
Ýa-da başga bir mysal: Sylapberdi Muhamowyň “Çykalga” atly nowellasyndan bir parça:
“Birden erbet içi towlady. Gyzyň artbujagyndan püwürip gaýdan sary surruk zemzen ýaly bolup aşagyny sokjaýan myrryhyň edil iki gözüniň üstünden paglap gitdi. Gözleri, ýüzi sap-sary suýuk nejasada boýalan Edik:
- Fak ýuu, fak ýuu- diýip, sögünjiräp ýerinden galjak bolýardy. Ýüzündäki nejasaty süpürjek bolup elleri bulaşan Edik, iki ýana çabalanyp gyza jabjynýardy” (http://kitapcy.ru/news/cykalga_nowella/2022-09-21-23151).
Bu parçajyklaryň birinjisi, türkmen edebiýatynda naturalizm žanrynyň beýan ediş usulynyň mümkin boldugyndan ýumşaksy ulanylmagynyň, ikinjisi bolsa, has gödek, ýagny, has “tebigy” ulanylmagynyň aýdyň mysalydyr.
Edebiýatda “naturalizm” adalgasy (termini) XVIII—XIX asyrlarda ulanylmaga başlanypdyr. Bu adalga bilen esasanam XVIII asyryň ikinji ýarymynda Ýewropada giňden ýaýran, “A:mlaryň sahnasy” (meşanlaň, dar düşünjelileň dramasy) diýlen ýarlyk asylan çeper eserleriň tutuş toplumy aňladylypdyr.
Mysal üçin: Fridrih Şiller naturalizm diýlende: “hakyky durmuşyň öýkünjeň şekillendirilmegine”, ýagny, teatr sahnasynda çyn durmuşyň illýuziýasyny döretmäge gönükdirilen, ownuk gündelik hysyrdylaň jikme-jik şöhlelendirilmegine düşünipdir (mysal üçin: nemes dramaturgy Awgust Wilgelm Ifflandyň (1759-1814) sahna eserlerinde).
Ýöne, bu adalga ulanylyp başlanmazyndanam öňem, U.Şekspiriň döwründäki iňlis teatrynda “tebigylyga” (naturalizme) ýykgyn etmek ýörgünli bolupdyr. Mysal üçin: U.Şekspiriň bäsdeşi we basdaşy, iňlis dramaturgy, şahyr, antiki döwrüň awtorlarynyň terjimeçisi, edebiýat we teatr tankytçysy Benjamin Jonsonyň (Ben Johnson, 1573-1637) ýazan sahna oýunlary teatrda goýlanda, artistler oýnuň has çynaberimsizligini üpjün etmek üçin, spektaklyň dowamynda aç-açan uly meýdan edip, buşugyp, sümgürip, gakylyk tüýkürip, suwa düşüp ýa-da jynsy gatnaşyga girip we ş.m. edip bilipdirler (http://litena.ru/books/item/f00/s00/z0000047/st051.shtml).
Naturalizmiň pelsepeleýin (filosofiýa) binýady hökmünde çykyş edipdir:
- Çarlz Darwiniň ewolýusiýa hakda nazaryýeti;
-Isidor Mari Ogýust Fransua Ksawýe Kontyň (1798-1857) pelsepewi oňynlylyk (filosofiki pozitiwizm) hakyndaky ylmy işleri;
-Ippolit Adolf Teniň (1828-1893) oňyn gözellik (estetiki pozitiwizm) hakyndaky garaýyşlary.
Naturalizm akymyna eýerýän ýazyjylar, şol döwürler, wakalaň ýarym edebi-çeper “teswirnamalaşdyrylmagynyň” (protokollaşdyrylmagynyň) üsti bilen durmuş hakykatyny mümkin boldugyndan tarapgöýsüzlik hem durmuşylyk bilen çeper suratlandyrmaga ýykgyn edipdirler. Olar öz galamyndan çykýan eserleri, jemgyýetiň belli bir ýerdäki we döwürdäki hal-ýagdaýynyň “ynsançylyk resminamasyna”, ýagny guraksy, resmi dilde düzülen “teswirnamasyna” (prtokolyna) öwürmäge çytraşypdyrlar.
Şol döwürde edebi tebigylyga (edebiýat naturalizmine) gol ýapýan ýazyjylaryň ynanjyna görä, çeper tekstem, edil fotosurat ýaly, hakyky durmuşyň gönüden-göni göçürmesi – doňdurylyp, ýagny “döwlüp” alnyp galan bir ülüşjigi bolup hyzmat etmeli ekeni.
Şol sebäpdenem olaryň naturalizm akymyna eýerip, döreden eserlerinde durmuşy hakykat şeýlebir “durmuşy” eken welin, şol eserleriň aglaba köpüsiniň çap edilmegi, olaryň ýaýradylan jemgyýetinde uly jenjelleriň tutaşmagyna getiripdir.
Çünki naturalist ýazyjylar özlerinden öň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde sereşlenmeýän hapa harabalary, azgynlyk mesgenlerini, jelephanalary we ş.m. jemgyýetçilik ýaşaýyşynyň çöwre tarapyny has ynandyryjylykly hem guraksy şekillendiripdirler.
Tebigylyga ymtylýan ýazyjylaryň eserlerinde, adamyň hem-de onuň edim-gylymlarynyň, diňe onuň fiziologiki (beden gurluş) tebigatyndan, gan arkaly geçýän häsiýetlerinden hem-de onuň doglan, kemala gelen gurşawyndan, onuň ýaşaýan durmuşy şertlerinden, şeýle hem onuň hojalyk we maddy üpjünçiliginden gelip çykýandygy çeper beýan edilipdir. Ynsanyň ruhy başlangyçlarynyň, onuň ruhunyň, adamyň ömründe we ykbalynda asla ähmiýetiniň ýokdugy hakyndaky başpikir (ideýa) öňe sürlüpdir.
Karl Marks (1818-1883) özüniň 1858-1859-njy ýyllarda ýazan “Syýasy ykdysadyýetiň tankydyna” atly işinde özüniň meşhur bolup galan tymsalyny ýazýar: “Adamlaň durmuşyny olaryň aň-düşünjesi kesgitlemeýär-de, tersine olaryň jemgyýetçilik ýaşaýyşy olaryň aň-düşünjesini kesgitleýär”.
Ýa-da has gysgaça aýdylanda – Durmuş aň ýetirişi kesgitleýär.
Fransuz edebiýatynda, naturalistik eserler, başgaça: “durmuşdan kesemen (döwündi)” (fransuzça: tranche de vie) diýlip atlandyrylýar. Bu adalga, takmynan 1890-1895-nji ýyllarda ilkinji gezek fransuz dramaturgy we edebiýat tankytçysy Žan Žýulýen (Jean Jullien, 1854—1919) tarapyndan dolanyşyga girizilipdir. Bu adalga naturalizm žanrynda ýazylan eseriň, “hakyky durmuş çöreginden” bir “kesemeniň (bölegiň, döwügiň)” döwlüp alnyp, onuň esere öwrülendigini aňladýar.
Aslynda, edebiýat naturalizmi, özüniň nusgawy mazmunynda, şol döwürlerde tebigy ylymlaryň çalt depginlerde ösmeginiň netijesinde emele gelipdir. Çünki pelsepede, lukmançylykda, tebigaty öwreniş, älemi öwreniş ylymlarynda edilen täze-täze açyşlar, adamzadyň umumy aň ýetiriş çygrynda şoňa çenli agalyk eden dünýägaraýyşlary düýpgöter özgerdipdir. Ýagny, jemgyýetiň tutuş öz ýaşaýan dünýäsine, öz-özüne, ynsanyň dünýädäki ornuna we öz bedenine bolan aň ýetiriş paradigmasy (esasy ynanç, düşüniş ugry) başbitin üýtgäpdir.
Şonuň netijesinde-de, jemgyýetdäki islendik üýtgeşmeleri ilkinji bolup duýýan, syzgyr, synçy, döredijilik adamlarynyň hemmesine mahsuslykda ýazyjylaram, täze ylmy açyşlaryň netijelerini öz döredýän çeper eserlerine siňdirmäge başlapdyrlar.
Naturalist-ýazyjylar öz eserlerini ýazanlarynda öz suratlandyrýan gahrymanlarynyň gündelik durmuşyny, iş-ýaşaýyş şertlerini, olaryň zähmet çekýän ýerlerindäki gurallaryny we önümçilik usullaryny, şol ugurdan çap edilen ylmy işleri we ş.m. iňňe bilen guýy gazan dek çintgäp öwrenmäge ymtylypdyrlar.
Hut şonuň üçinem şol eýýamyň ýazyjylarynyň eserlerinde adamlaň islendik hereketiniň tebigy ylmy nukdaýnazardan düşündirilmegi agdyklyk edýär. Meşhur fransuz ýazyjy Emil Zolýaň (1840-1902) aýdyşy ýaly, ynsanyň her bir hereketi onuň “ganynyň hem beýnisiniň” täsiri bilen ýüze çykýar.
Şol ýyllarda tebigylyga ýykgyn edilip ýazylan eserlerde naturalizmiň nusgawy hakykatçyllykdan (klassyky realizmden) esasy tapawutlylygy, ol eserlerde çeper gahrymanlaryň öz durmuşy üçin jogapkärçilik çekmeýändiginden ybaratdyr.
Çünki, eger-de ynsanyň, ýagny eseriň baş gahrymanynyň durmuşy, ykbaly onuň ata-babalaryndan gany bilen geçen häsiýetleri, gelip çykyşy, doglup, önüp-ösen gurşawynyň täsiri bilen kesgitlenýän bolsa, onda onuň jenaýatçy ýa-da jelep bolup ýetişmeginde onuň günäsi näme?
Ýa-da begzadaň maşgalasynda doglup, aňrybaşy bilim we terbiýe alyp, soňam alym, serkerde we ş.m. bolup ýetişen adamyň özüniň şeýle üstünlikleri gazanmagynda hyzmaty näme?
Şol döwürlerde esasy naturalist ýazyjylar hökmünde, doganlar Gonkurlar, Jorj Eliot, Emil Zolýa, Gi de Mopassan, Alfons Dode, Gýuismans, Pol Aleksis dagylar ykrar edilipdir.
Mysal üçin: Şirhan Allaberdiýewiň çeper terjime etmeginde, Gi de Mopassanyň “Merhumyň eli” atly hekaýasyndan bir parça:
“Şeý diýip, ol jübisinden derisi soýlan adamyň elini çykardy. El gaty gorkunçdy, gap-gara bolup galan barmaklary uzyn, soýulmadyk derileri her ýerinde bölek-bölek bolup durdy. Barmagynyň ujundan sarymtyl, uzyn dyrnaklary çykyp durdy. Bu zatlardan jenaýatyň ysy gelýärdi” (http://kitapcy.ru/news/merhumyn_ eli_hekaya/2018-07-04-946).
Şol ýyllarda ýazyjylaň tebigylyga çenden aşa ýykgyn etmegi, olaryň beýleki ýazyjylar tarapyndan çeperçiligiň ýetmezçiliginde aýyplanyp, tankyt astyna alynmagyna getiripdir.
Mysal üçin: meşhur rus ýazyjysy Iwan Sergeýewiç Turgenew (1818-1883) E.Zolýaň romanlarynyň biri babatda: “o taýda gijeki nejasatgaplarda kän dörjeleşýärler” diýip belläp geçipdir.
Edil şonuň ýaly, ýazyjy Gustaw Floberem edebiýat naturalizmine örän tankydy garapdyr. Ýogsa G.Floberiň özüni şol döwrüň fransuz edebiýat tankytçylary hut şol tebigylyk akymynyň iň esasy eýerijileriniň biri hökmünde ykrar edipdirler diýen ýaly.
Fransuz ýazyjylaryndan başga-da, öz döredijilik tejribeleriniň belli tapgyrynda naturalizm akymyna eýeren awtorlar, nemes ýazyjysy Gerhart Gauptman, skandinaw Ýuhan Awgust Strindberg, portugal Žoze Mariýa Esa di Keýroş, çeh Karel Mateý Çapek-Hod, rus Pýotr Dmitriýewiç Boborykin, Mihail Petrowiç Arsybaşew, Aleksandr Iwanowiç Kuprin, Wikentiý Wikentýewiç Weresaýew, Iwan Alekseýewiç Bunin, Aleksandr Walentinowiç Amfiteatrow we beýlekiler bolup durýar.
Ondan başga-da Italiýada we ABŞ-da naturalizm akymy özboluşly werizm edebiýat mekdebini döredipdir. Bu düşünje, hakykaty, çynlygy, çynaberimsizligi aňladýan “il verismo” diýen italýan sözünden gelip çykyp, täze milli-taryhy hakykatda jemgyýetiň dürli gatlaklaryna degişli ynsanlaryň arasyndaky syýasy we ruhy (psihologiki) dartgynlylyklary, düşünişmezlikleri mümkin boldugyndan gündelik durmuşa, hakykata laýyk çeper şekillendirmäge ýykgyn edýän edebi usullaryň jemini aňladypdyr.
Mysal üçin: ABŞ-da edebiýat werizmi akymynyň görnükli wekilleri hökmünde Teodor Draýzer, Stiwen Kreýn, Frenk Norris, Jek London, Jon Steýnbek dagylar çykyş edipdirler. Olaryň eserlerinde jemgyýetiň “ýeňse buljumynda”, şäher ýerastynda, harabaçylyklarynda bolup geçýän gündelik hadysalar hiç hili ýylmap-ýuwmarlamasyz, özleriniň ähli rehim-şepagatsyz mahlukyýet keşbinde şekillendirilipdir.
Werizm žanrynda ýazylan eserleriň türkmen edebiýatyndaky mysaly hökmünde, “Has Türkmen” tahallusy bilen türkmen onlaýn-edebiýaty giňişliginde giňden tanalýan ýaş awtoryň “Doňuz diňi” atly hekaýasyndan bir parça:
“Jalbaryny çözdi. Şepbeşik suwuklyk onuň ujydyndan gelipdi. Narly buşugjak boldy. Peşewiň deregine gan gatyşykly iriň geldi. Iriň endam-janyndan ýygnanyp gelýän ýaly on iki süňňüni elendirdi. Göbeginden aşagy bilen iki satanyň arasyny tisgindirip gidýän awuly sanja çydap bilmän:
- Işim gaýtdy. Trifr tutdum öýdýän - diýip, şepbeşigi içki eşigine ýapyşyp, awusy barha artýan ujydynyň iriňini gysyp-gysyp gutaryp bilmedi” (http://kitapcy.ru/news/donuz_dini_hekaya/2020-05-01-272).
Werizm žanrynda ýazylan eserlerde-de, edil naturalistiki eserlerdäki ýaly, ynsanyň öz takdyryna alaçsyzlygy, durmuşy biçäreligi, geljege umytsyzlyk, şu gündäki doly lapykeçlik, geçmişden gutarnykly närazylyk äheňlerinde, iň garaňky öwüşginlerde beýan edilipdir. Werizm žanrynda ýazylan eserlere başgaça: “durmuşdan kesindi (gyýykmak, gyýkyndy)” (iňlisçe: slice of life) diýilýär.
Häzirki döwürde-de, edebiýatda naturalizm we werizm akymlaryna eýerilip ýazylýan eserler azlyk etmeýär.
Bu eserleriň žanry, häzirki zaman rus we günbatar edebiýatlarynda giperrealizmiň özboluşly görnüşi hasaplanyp, esasan şeýle atlandyrylýar:
- “черну́ха (rusça) – garakeşlik”;
- “nuar (fransuzça: noir) – gara”;
- “treş (iňlisçe: trash) – zibil”.
Nuar žanryndaky edebiýat we sungat eserlerinde durmuşyň iň garaňky, umytsyzlykdyr hapaçylyk, azgynlyk höküm sürýän taraplary, mümkin boldugyndan gara reňklerde, nalajylykdyr göwnüçökgünlik äheňlerinde beýan edilýär. Şeýle eserler rehimsizlikdir zalymlykdan, zorluk-sütemden sahnalardan doldurylýar.
Nuar žanrynda ýazylan çeper eseriň mysaly hökmünde, çeh ýazyjysy Ýaroslaw Gaşegiň meşhur “Gerçek esger Şweýkiň gezendelikleri” atly eserinden bir parçany getirmek bolar:
“Onuň kakasy arakkeşdi, ol dogulmazynyň öň ýanynda-da öz janyna kast edip ölüpdi; ejesi jelepdi, mydama lül-gammar ol serhoş ysytmadan jan beripdi, körpe uýasy özüni gark etdi, ulusy otlyň aşagyna özüni zyňdy, agasy wyşegradyň demirýol köprüsinden özüni oklady. Atasy öz aýalyny öldürensoň, üstüne kerosin guýdy-da, ýanyp kül boldy, mamasy syganlar bilen sergezdançylyk edip, türmede otluçöp bilen zäherlenip öldi; doganoglany birnäçe ýangyn döretmekde aýyplanyp iş kesildi, soňam Kartouzda aýna gyýkyndysy bilen öz damagyny çaldy; kakasy tarapdan doganoglan uýasy Wenada altynjy gatdan özüni zyňdy”.
Ýöne, häzirki döwrüň edebiýat tankytçylary nuar žanryny “garakeşlik” (черну́ха) we “zibil” (treş) žanrlaryndan tapawutlandyrýarlar. Sebäbi bu soňky žanrlarda, nuar usulynda ýazylan eserlerine garanyňda, ynsan durmuşynyň haýsydyr bir röwşen taraplary barada ýekeje dynnymjygam suratlandyrylmaýar.
Eger-de garakeş we zibil eserlerinde şeýle nur ýylpyldyjygy tötänden şekillendiriläýen halatynda-da, ol bary-ýogy birnäçe tesim (abzas) yz ýanyndan, aýratyn bir bihaýa, rehimsiz, sylanyşyksyz äsgermezçilik (sinizm, цинизм) bilen hökmany ýagdaýda depgilener. Hut şonuň üçinem, garakeş we zibil eserler käbir edebiýat tankytçylary tarapyndan: “durmuşyň gurşunreňk ýürekbulanjylygynyň suratlandyrmasy” diýlip atlandyrylýar. Ýa-da has gaharjaňrak edebiýat tankytçylary, bu iki žanrda ýazylan eserlere: “nejasat edebiýaty” diýen tagmany basýarlar.
“Tokaý otlap at gazan”, “Guýa s...ç-da at gazan” we ş.m. diýilmeýärmi?
Nuar žanry bolsa, garakeş hem zibil žanrlaryna garanyňda, her niçigem bolsa özüniň asylly çeper edebiýata mahsus “salyhatlylygyny” saklaýar.
Indi, käbir edebiýat žanrlaryna bagyşlanan bujagaz :-) gysgaça ekskursumyzy munuň ýaly “garaňky” notada däl-de, birazragam bolsa şadyýan äheňde tamamlamak üçin, belki ýerlikli hasap edilmegi ahmal henegi getirsek dogry bolaýjak ýaly:
Seýilgähde, görer gözden çeträge çekilip, oturgyjyň üstünde nämedir bir zada meşgullanyp oturan (belki ýazýandyr, belki surat çekýändir), bir oglanjykdan geçip barýan erkek kişi sorapdyr:
-Eý ogul, sen kim?
-Menmi? Ýaş naturalist!
-Hymm. Sen gögele, entek naturalizm bilen meşgullanmakdan gaty ýaş ýaly-la-how!...
Ine, şeýle...
Ýöne, şu ýerde, adalatyň hatyrasyna, meşhur ispan aktýory we pälwany Hawýer Anhel Ensinas Bardemiň (01.03.1969) tüýs jüpüne düşen, bir ýörgünli aýtgysynam ýada salmalymyka diýýän: “Çyn gözellik bedroýlykda gizlenen – ine nämäni men özüme her gün aýdýan”.
Bu maglumat dürli internet materiallaryndan terjime edilip we seljerilip taýýarlandy.
***
Bujagaz maglumaty ýazmak bilen maksadym şulardan ybarat:
“Ýekäň çaňy çykmaz” diýlişi ýaly, pikir alyşma, çekişme (munazara), tankydy gapma-garşy garaýyşlar bolmasa, özüňem öz ýazýanja zatlaryň içinde “batga batyp” galyberýäň.
“Betnyşan edebiýat” bilen “estetiki edebiýat” hakda çekişme bolsa eýýäm ýüzlerçe ýyllar bäri dowam edip gelýär. Şol çekişmäň täsiri bilenem onlarça gowy-gowy eserler döreýär.
Ine şoňa ünsi çekjek boldum.
Onsoňam, adamy haýwandan tapawutlandyrýan zat – onuň belli bir ýagdaýlarda, belli bir zatlar barada öz-özüne çäk goýup bilýänliginde.
Şol öz-özüni çäklendirmek ukyby bolmasa – onuňam haýwandan üýtgeşik ýeri ýok.
Edebiýatda-da şol çäk hökmany.
Ol çeper döredijiligiň erkinliginiň daşyna salnan haýat däl.
Ol adam hökmünde öz adamçylygyňy saklap galmagyň şerti.
Hemme adamam her bir adamyň tebigy zerurlyklarynyň bardygyny bilýär, düşünýär. Iýseň-içseň, hökman organizmiň artykmajam bir ýerden çykmalydygyna-da her kesiň aňy ýetýär. Ýöne Senekasyrap (gadymy rim pelsepeçisi): “naturalia non sunt turpia” (tebigy zat betnyşan däldir) diýip, märeke nahar iýip otyrka gapdalynda çermegiňi çekip, çommalybermeli diýen kada-da ýok bolaýmasa.
© S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m. Dördünji kitap. – Aşgabat, 2022. Golýazma hukugynda.

Teswirler (4)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...