2012-nji ýylyň 27-nji dekabry. Häzirki ýaly ýadymda. Şol gün, türkiýeli dünýä belli aýdymçy Tarkan ýurdumyzda ilkinji gezek konsert bilen çykyş edipdi. Menem beýleki müňlerçe ildeşimiz ýaly, şol gün konserte gidipdim. Konsert örän şowhunly geçdi.

Men Tarkanyň aýdymlaryny kiçiligimden bäri halap diňleýärin. Şol günki konsertde-de, Tarkanyň aýdan ähli aýdymlaryny ýatdan gaýtalap, uly ses bilen gygyryp, konsertiň ahyryna golaý sesim gyrylypdy.

Men şol konserte bir zenan işdeşim bilen gidipdim. Zenan işdeşimem edil men ýaly Tarkanyň muşdagy. Konsert tamamlanandan soň, şol işdeşim bilen Tarkanyň dem-dynç alýan otagyna, beksteýje (iňlisçesi: backstage) gitdik. Birnäçe minut garaşanymyzdan soň, Tarkanyň kömekçisi bizi, onuň konsertden soň bir salym dem-dynç alýan otagyna girmäge rugsat berdi.

Ilki men, soň bolsa zenan işdeşim Tarkan bilen elleşip salamlaşdyk. Şol wagt heniz durmuşa çykmadyk ýaş gyz bolan yaňky işdeşim Tarkan bilen elleşen badyna, tolgunyp çaşdy. Bu duýdansyz dörän ýagdaý menem, Tarkanam bir pursat aljyratdy.

Tarkanyň ýanyndaky kömekçileri dessine suw getirdi. Men suw bilen işdeşimiň ýüzüni ýuwdum. Işdeşim bir salymdan özüne geldi. Soň ikimizem, ýygralyk bilen ýaňky otagdan çykdyk. Hawa, Tarkanyň paýtagymyzdaky ilkinji konserti bilen bagly ine şeýleräk, gyzykly başdan geçirmäm bolupdy.

Şol wakadan üç ýyl geçensoň, 2015-nji ýylda Tarkan ikinji gezek paýtagtymyzda konsert bilen çykyş etdi. Onuň ikinji konsertine-de gidipdim. Ýöne, ikinji konserte öňki konsertden soň çaşan işdeşim bilen gitmedim. Şol işdeşimiň ikinji gezek Tarkanyň ýanynda çaşmagyna şaýat bolmak islemedim. (şu pursat awtor çalaja ýylgyrdy).


RESEPŞNDAKY JANLY ÇYKYŞLAR

Daşkent. Geçen ýylyň awgust aýynyň ortalary. Özbegistana eden iş saparymda Daşkentdäki bäş ýyldyzly myhmanhanalaryň birinde düşledim. Agşamara agşamlyk nahar iýmek üçin myhmanhanadan çykyp barýarkam, resepşnyň (iňlisçesi: reception) ýerleşýän zalynda bir ýaş pianistiň pianino çalýandygy gözüme ildi. Durup, onuň çykyşyny diňledim. Ol ussat kompozitor Mozartyň “Türk marşy” atly meşhur sazyny çalýardy. Ýaş bolsa-da, sazy çalşyna göwnüm ýetdi.

Pianist sazy çalyp tamamlandan soň, onuň ýanyna baryp tanyşdym, hem-de çykyşy üçin sagbolsun aýtdym. Ol maňa, her gün agşamara şu myhmanhana gelip, resepşniň ýerleşýän zalyndan goýlan pianinoda bir sagat saz çalýandygy aýtdy.

Şol pursat bir pikir kelläme geldi: men oňa, pianinoda bir-iki sany aýdymyň sazyny çalmagy, men bolsa janly ses bilen şol aýdymy ýerine ýetirmegi teklip etdim. Ol makullady. Birnäçe sekunt soň, pianinodan meşhur iňlis aýdymçysy Sting-iň aýdan “Shape of my heart” aýdymynyň owazy ýaňlanyp başlady. Az salym soň bolsa şol aýdym meniň sesimden tutuş zala ýaýrady:

 

I know that the spades are the swords of a soldier
I know that the clubs are weapons of war
I know that diamonds mean money for this art
But that's not the shape of my heart
That's not the shape
The shape of my heart...

 

Çykyşa başlamazdan owal zalda dört-bäş adam bardy. Aýdym aýdyp durkam, arasynda göz aýlasam, daş-töwerekde ýyganyşyp, meniň çykyşyma tomaşa edýän otuza golaý adama gözüm düşdi. “Shape of my heart” aýdymyny ýerine ýetirip tamamlamdan soň, daş-töwerekdäkiler el çarpyşdylar.

Soň, rowaýaty aýdymçy Dean Martin-yň aýdan meşhur “Sway” atly klassiki pop-jaz aýdymyny ýerine ýetirdim. Zalda çykyşymy diňlänler ýene şowhunly el çarpyşdylar. Diňleýänleriň arasynda maňa seslenip, “Brawo”, “Thank you”, "Kette rahmat", “Great performance” ýaly sözleri aýdýanlaram bardy.

Ahyrky, üçünji aýdym hökmünde bolsa, ýerli özbek aýdymlarynyň birini aýtmagy makul bildim. “Qora ko'z bo'y-bo'y” atly özbek halk aýdymy ýerine ýetirdim.

Dogrusy, bu çykyşymdan soň öz keýpimem kök boldy. Daş-töwerekde çykyşymy diňlän, myhmanhanada düşleýän beýleki adamlaram hoşal boldylar.


Stambul. 2023-nji ýylyň oktýabr aýynyň ahyrlary. Stambulyň Taksim etrabynda ýerleşýän, kaşaň “Divan” myhmanhanasynda düşledim. Myhmanhana ýerleşemde, giriş gatyndaky zalda pianinoň bardygy gözüme ildi. Resepşndaky işgärden pianoda çykyş edýän barmy diýip sorasam, ol maňa her gün agşam altydan sekiz aralygynda öňünden ylalaşylan bir pianistiň çykyş edýändigini aýtdy.

Şol gün agşam sagat ýediň ýarylaryna, şol zaldaky pianonyň ýanyna geldim. Elli ýaşlarynda bir adam ussatlyk pianino çalýardy. On bäş-ýigrimi minut çemesi onuň çykyşyny hezil edip diňledim.

Soň pianistiň ýanynda baryp tanyşdym. Çykyşy üçin sagbolsun aýtdym. Şeýle-de oňa eger makullasa, haýyş eden aýdymlarymyň sazyny çalyp berse, janly aýdym aýtjakdygymy aýtdym. Pianist begendi hem-de makullady.

Şol gün, şol ýerde jemi üç aýdymy janly ýerine ýetirdim: ilki bilen Amy Winehousy-ň “Back to Black” aýdymyny; soň belli “Подмосковные вечера” rus klassiki aýdymyny; ahyrynda bolsa, “Nazəndə sevgilim” atly meşhur azerbaýjan halk aýdymyny ýerine ýetirdim.

 

Çykyşymy tamamlanymdan soň, daş-töwerekde diňläp oturanlar el çarpyşyp, maňa sagbolsun aýtdylar. Olaryň arasynda iki kişi: ilki orsýetli bir adam, soň bolsa azerbaýjanly bir zenan gelip aýratyn minnetdarlygy ýetirdi. Azerbaýjanly zenan, azerbaýjan halk aýdymyny aýdyşymy synlap, maňa öz ildeşidir öýdüpdir. Menem bolsa oňa, men siziň Hazaryň garşy tarapynda ýaşaýan goňşyňyz, diýdim.

 


"SHAPE OF MY HEART..."

Bu gezekki ýazgymy, Sting-iň meşhur “Shape of my heart” (Ýüregimiň keşbi) atly aýdymynyň bir bendi bilen jemleýärin. (Siziňem bu ajaýyp aýdymy söýüp diňleýändigiňizi çak edýärin).

 

(Iňlis dilinden terjime eden: awtor)

Ol kartlary meditasiýa edýän ýaly paýlaýar,

Ýanyndaky kart oýnaýanlaryň asla kellesine gelmeýär:

Ol karty utýan puly üçin oýnamaýar,

Ol karty sarpa üçinem oýnamaýar...

 

Aýdymyň iňlis dilindäki sözleri:

 

He deals the cards as a meditation

And those he plays never suspect

He doesn't play for the money he wins

He doesn't play for respect...

 

Sag-salamat galyň.

 

*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.