Ejem pahyr gürrüň beripdi.

Men-ä o zamanlar entek SSSR-iň Ýokary Sowetiniň Prezidiumy tarapyndan dört ýyldan bir gezek tassyklanýan Bütinsoýuz bäşýyllyk durmuş-ykdysady ösüş meýilnamasynyň ýetip gelýän-ä däl, şonuň yzyndakysynda-da göz öňünde tutulmadyk.

Kakam, özüne kolhozdan berlen mellek ýerinden iki otaglyja jaý salynjak bolup, eline düşen puluny üýşürip ýören eken. 1969-njy ýylda bize (heh, entek ýogam bolsam, barybir biz “biz” bolýandyrys-da) adamsy ýaşlygyna ýogalyp, ýeke ogly bilen dul galan garyndaşymyz gelipdir. Kakam bilen ejemiň ýanynda muňalyp oturypdyr-da, özüniň ýeke ogluny öýermekçi bolýandygyny, ýöne eliniň ýukadygyny aýdyp, karzyna pul sorapdyr.

Ejem bu garyndaşlaryna hernäçe dözmese-de kakamyň oňa karz bermegini asla islemändir. Sebäbi özleri ozalam ýetde-gütde günde ýaşap ýören. Kakamyň aýlygyndan, melleklerinde ýetişdiren gök-söklerini, towuklaryndan artan ýumurtgajyklaryny, ýeke sygyrlaryndan artdyran süýt-gatyk, süzmesini satyp, onuň daşyndanam gyňaç dokap, keşdeli ýakadyr köýnek tikip, sulbasy ýama-ýama güzeranlaryndan diş-dyrnak süýşürip, özlerinden kemip üýşürenje puljagazlaryny öz dertlerine ýaradyp, bahymrak jaýlyja bolasy gelýändir-dä.

Ol wagtlar enem pahyram aýatda bar ekeni. Enemem uruşdan öňki gahatçylykdyr basha-baslygy, uruş ýyllarynyň açlygyny başyndan geçiren adam. Tenha özüň bolsaň bu belalaryň islendiginiňem seni emgenmän ýuwdup goýberjekdigine tejribede nijema sapar göz ýetiren. Şonuň üçinem olardan diňe goňşy-golam, garyndaş-obadaş bolup birek-birege mümkingadar söýenişip baş alyp çykyp bolýandygyna endik ede-ede, göwni ynsany raýdaşlyga eýlenen bende, kakama:

-Ber, oglum. Ahyry ogly ýetişer, günamasy düzeler, bir gün bolmasa, bir gün gaýtarar. Soňam, dünýäniň hamyrmaýasy salşykly çemçelikdendir. Bu gün sen bir mätäji goldasaň, ertir senem mähtäç güne galsaň, özge biri hökman goldar,-diýipdir.

Şeýdibem kakam soňky birküç ýyl bäri jemlänje üç müň manadynyň (rublynyň) ujundan öz hojalygyna ätiýaçlyk üçin 500 manadyny sogrup alypdyr. Galanynam şol garyndaş zenanyň: “uzaga gitse bir ýyllyk” diýen wadasy bilen oňa karz berip goýberipdir.

Deňeşdirmek üçin aýdylanda, ejemiň aýtmagyna görä, şol 2500 manada şol ýyllaryň bahalarynda, dükanda etiň 1 kg-sy 1,8-2 manat bolsa, bazarda uly malyň täze etiniň 1 kg-sy 2,5-3 rubl ekeni. Şonuň üçinem ejem pahyr şol pula: “jaýymyz-a tas bitiberjekdi ýa-da 2 sany göleli, süýtli sygyr satyn alyp bolýardy” diýerdi.

Umuman, gepiň keltesi, ondan soň 38 ýyl geçdi.

Kakam pahyryň ýogalanyna 15 ýyl doldy.

Kakamdan karz alan şol garyndaşymyz bende-de ikimüňünjilere ýetmän amanadyny tabşyrdy.

Onuň ýaşlygyndan içegen arakkeş bolup ömrüni ötüren, şol altmyş dokuzynjy ýylda öýeren ýeke ogla-ha, ejesi görgülidenem üç-dört ýyl öň, yzynda üç-dört sany çagany öňem hor-homsy günde ýetim goýup, bagyr sirrozy zerarly aradan çykypdy.

Şol ýyl körpe jigimi öýerjek bolup başagaýdym.

“At aljaga, jaý saljaga, gelin edinjege Hudaý ýetirýär” diýilýär.

Menem birneme harjym ýetmezçilik edýändigine garamazdan göwrümim giň. Öz ýanymdan: “Äý, gaty gyssansam, Hudaýa şükür, edil ýagdaýy ýok däl dostlarym bar. Garaz sorap barsam boş goýbermezler-laý” diýip içimi hümledip, kimden karz sorajagymyň amadyny peýläp ýörün.

Günde-de ejem ikimiz agşam işden gelip, çaý-çöregimi iýdigim, toýuň, çykdajyň maslahatyny biçýäris. Nätjek, garamaýak güzerançylykda dünýe döräp mydama-da şeýdip “ýeke donluk matadan on oglana jilisge çykar ýaly” kesip-biçmeseň başga alaç ýok-da.

Ine bir günem ikindinara işden gelsem, gädigimizde ýük ulagy dur. Üstündenem, erňegi beýik bolansoň özler-ä görnenok, ýöne uly malyň, çakym çak bolsa-da, öküzleriň nägile myşlamasy eşidilýär.

Geňirgenip öýe girsem, takmynan özümden 6-7 ýaş uly adam, dalanymyzda (dört otagly jaýyň daşky, girelge-eýwan otagynda) ejem bilen gürleşip otyr.

-Eje, salawmaleýkim, sag-aman otyrsyňmy? Agam, salawmaleýkim,-diýip bosagadan ätledim.

Ol nätanyş kişi bilen hal-ahwal soraşdyk. Soň ejem onuň şol, kakamdan tas kyrk ýyla golaý mundan ozal karz alyp giden garyndaşymyzyň uly agtygydyny aýdyp tanyşdyrdy. Tanyşdyk, gaýtadan has içgin hal-ahwal soraşan bolduk. Içimdenem geňirgenýän: “Beh, munça ýyldan soň, bu bende bize näme üçin geldikä?”.

Bolsa-da ol meni uzak içimi hümletmäge goýmady:

-Gelneje, inim,-diýip ol bize ýüzlendi:-Enem pahyr, mundan otuz sekiz ýyl ozal kakamy öýerjek bolanda Pylan kakamdan iki ýarym müň manady “bir ýyllyk” diýip karz alyp gidipdir. Pahyr, men-ä çaga, kakamyňam nähili ýaşandygyny özüňiz bilýäňiz...

Şu ýerde ol birhili çalaja tyýkyran ýaly edip sägindi. Soňam ýene dowam etdi:

-Howwo, onsoň, pahyr: “Pylan jana şol bergimem hiç berip bilmedik-dä... garyplyk gursun, nekgende kakaňyz gursun... kyýamatlyk bolup galdy-da, bu ýük maňa...” diýip, görgüli kän zeýrenerdi. Ilk-ä kakam, yzbassyram enem ýogalandan soňra-da aýaga galýançak, “ynha, ynha, bu gün, bu gün, ertir-ertir” bilen ine şu güne gelip ýetdik-dä...-diýip ol ýene dymdy.

Men onuň sözüni kesendiginden peýdalanyp, kibtimi gysyp, seslendim:

-Bolýa-laý, agam... Geçeni geçdi bil... Maňlaýdyr-da... Sizde näme günä bar? Kakam pahyram beýlebir: “şol pul” diýip içini tutup geçen däldir-le... Asla men özümi bilipdirin, ol-a şony ýeke sapar ýatlanam däldir... Onsoňam indi şol gara şaýy bolup galan, ýok döwletiň bir gysym suratlyja kagyzynyň bu zamandaky gymmaty näm-aý?...

...Ýöne ejem ikimiziň öňümizde ýüzüni sallap oturan, daşgynam bolsa bu garyndaşymyzy hasam müýnürgetmezlik üçin, ejemiň her gezek şol algymyzy ýatlanda, hasam kakam pahyr bolandan soňky hupbatly togsanynjylarda jowrana-jowrana tütäýjek bolandygyny agzamadym.

Nämä gerek?

“Geçeni geçdi bil” sözünem keýpine, Güne ýatyp oýlap tapan däldir-laý...

-Ýok,-diýdi ol babadaş:-beýtmäliň muny! Gelneje, inim, Pylan kakama-ha aýatda ýok, imany hemra bolsun. Ýöne onuň deregine men sizi enem pahyryň hakyna yrza etmäge geldim...

Ony diňläp oturyşyma: “Äý,” diýdim içimden: “Nämetjekdiň-aý, kösenip gelip?! Berjegiňem togsan üçüň (1993-nji ýylyň) manadyndan ursaň 5 manat bolýar. Oňa-da diş synçgalýan çöpem düşenog-a. Muňa-da senem düşünýäň, menem. Onsoň nämä gerek, bu klounlyk? Sen-ä bergi gaýtaran kişi bolarsyň, menem adamçylyk edip, kakam pahyryň deregine üzeniňi kabul edip alan kişi bolaryn. Şeýdip, senem bu durmuşy sahnajykda öz keşbiňi oýnarsyň, menem... Ýöne ikijigimiziň beýden bolýanja ýuwan-ýelmik dramaturgiýa eserjigimiz “beýlede” çyn diýlip kabul edilermi? Ine sorag nämede... Ýöne her niçigem bolsa, depämde Hakyň nazary – mendä-hä bu meselede ahmyram ýokdur, närazylygam. Sebäbi gazananam men däl, berenem... Bir, “edilen-goýlanlar hemmesiniňem alnyna barsyn” diýip diläp beräýmesem...”.

Onýança babadaşam öz gürrüňiniň “döwli ýerine” geçdi:

-Gelneje, inim, men garrylardan soraşdyrdym. Şol döwrüň bahasyndan şol pula iki sany daýaw öküz düşýän eken. Meniň özümem soň, Hudaýa şükür gurplandym-da, indem jigilerim bilen ýüzden agdyk uly mal, müňden gowrak kiçi mal, otuz-kyrk sany düýe saklaýas. Üstesine-de aşakdakylar meýdanda mal üstünde bolsa, men maldan gowy başym çykansoň öz oglanjyklarym bilen bazarda mal dellalçylygynam edýäris. Atamyz pahyryň kesbi – çopançylyk bize düşdi. Allaha müňde bir şükür, ýagdaýymyz gowy. Şonuň üçinem men size öz ulagymda göni bazara çykaryp satybermeli ýa toýa söwüş etseň birem arkaýyn agyr märekäni sowmaga ýeterlik boljak üç sany öküzi getirdim. Ikisä-hä enem pahyryň bergisiniň gaýtargysy. Birisem Pylan kakamyň halalja gazanjyny şunça ýyl saklanymyz üçin öwezhaky... Şolary bir düşüräýsek. Menem arkaýyn boljak. Enem pahyr bilen Pylan kakamyňam ruhuna rahatlyk...

Men birhili bolup gitdim. Şü, adam pahyryň biri-biriniň içini okap bilmeýänem bir älhepuslyk. Ýaňky pikirlerime çalarak utanjagam boldum. Babadaşym bolsa öýüň erkek kişisi bolanym üçin ýüzüme sowally äňedýär.

Ýalan sözlemäýin.

“Alasym gelmedi” diýensiremek üçin, duranja ýerimde ýer hopaýsyn,  agzymam açjak däl.

Alasym-a ýaman geldi.

Sebäbi kimiň üstüne gelen mugt zady alasy gelmez-aý?!

Üstesine-de şol günler jigimiň toýuny ýüzügara bolman il deňinde deňli-derejeli sowmak üçin harjy agtaryp, “it gyrkýan” mahalym, bu öküzler gözüme degjeg-ä.

Onda-da özüme zor saldym. Hernäçe kynam bolsa, ýuwdundym-da, edil kekirdegime tegek bolup, ne eýläk, ne beýläk dykylyp duran tokga gara nebsimi zoraýakdan aňyrlygyna ötürdim.

-Agam,-diýdim. Haýran galaýmaly, özem, hatda sesim gyryljygam çykmady, endiremedem. Ýogsa hyrka bogazymdan “ýapyşan” nebsimi gözüme ýaşlar aýlap zorana ýuwdanymda, ol edil öt ýuwdan ýa atdanlykda sirke owurtlan deý gyzylödegimi gyzyl-jižžik ýakyp-ýandyryp geçip gitd-ä:-Gaýrat et-de maňa-ha beýdip asla bakma! Ol gepleriňem, bergi-borç wadalaryňam eýesi, walla-kessin men däl! Ine, ejem! Hanha-da, enesiniňem, meniň kakamyňam ruhuny yrza etmäge atly-ýaragly ýola düşen sen! Näme edýän bolsaňyz, alyň-da çözlüşiberiň! Alnanda-da ýok, berlende-de ýok meni, bu gürrüňe eger-walla goşmaňsanaň-aý!

Ejem görgüli bolsa birsellem ýere bakyp, keçäniň gülüni dyrmalap, oýurganyp oturdy. Soňam maňa garady:

-Oglum, näme diýýäň?

-Äý, eje, nätseň şeýt! Şu öýde meniň üçin-ä sen aýtdyň, gep gutardy! “Otla!” diýseň otlaýan, “söndür” diýseňem, ine men, birinji pažarnik,-diýip ýene egnimi gysdym.

Oňa çenlem babadaşym dikelip ugrady:

-Bolýa-laý, gelneje, inim, adaty durmuşy ýok ýerden uly bir kyýamata öwrüp, gep çagaladyp oturmalyň-laý! Şondan suňa şeýdip ýük tutup gelenimden soň beýdip getirenimi kabul etmän ýüzüme urlan ýaly edip goýbermersiňiz-laý! Hany, ýör, inim, düşüriş! Idip ýatagyňyza salaly! Janawerleriň giç öýlänki maşynyň üstünde Güne jyzylap duruşlarydyr. Biziň beýtdirişip oturanymyzda o janawerleň näme günäsi bar-aý?!

Ol şeýle diýdi-de daşaryk ýöneldi. Menem eşigimi çalşyp çykjakdygymy aýdyp, içki otaga gitdim. Barşyma-da babadaşym hakda pikir edýän: “Zaňňar-aý! Bazarda jellapçylyk edip, diliniň şahyryňka dönüp gideni, söz arasyna gyl sokara maý bermän, gepi gepe ýantap, gelşirip-gelşirip gürleýşindenem bildirýär-aý!”.

Çalşyrynyp çyksam, babadaş eýýäm goňşularyň haýatynyň düýbüne atam döwründe dökülişine ulanylman gatap giden çagyl üýşmegine ulagynyň syrtyny diräpdir-de, aýagyna duşak urlan öküzleriň birini öňürdikledip düşüripdir. Babadaş onuň ýüpüni maňa tutdurdy-da, özi ikinjini düşürmek üçin ulagyna dyrmaşdy. Men myşlap, kellesini nägile talawladýan daýaw öküzi ýüpünden pugta saklap durşuma ony ýataga idibermän, aýak çekdim. Ýaňy eşigimi çalşyp durkam göwnüme gelen dessine ýüregime jüňk bolan netijäni dilime aldym:

-Agam,-diýdim:-eden-goýanyňa Alla yrza bolsun! “Gerek däldi” diýip ýalan sözlejek däl. Hakykatdanam gerekdi. Senem biziň ryzkymyza hut şu günler üstümize Alla ugradýandyr. Ýöne gel, ikimiz gaty mäkäm bir şert edeli: öküzleriň ikisini kakama eneň pahyryň bergisi diýip getiren bolsaň, şol ikisinem düşür. Üçünjä degme.

Meniň bu täze tapan gepime ýakynymyzda duran ejem pahyram, ulagyň üstünde ikinji öküziň nogtasyny laýyklamaga gümra babadaşymam aňk-taňk boldy. Ejemden öňürti babadaşym dillenmäge ýetişdi:

-Inim?! Indi muny:ň nämäň gepi bold-aý? Ýaňyja gepleşdigä-how?!

-Ýok, agam. Seniň iki:ň bergiň bolsa, üçünjiň eýýäm süýthorluk bolýa... Menem özümi sençe görýändirin-laý... Şonuň üçinem oňaly-laý, şu söwdadan ikimiz... Kakam pahyram etmändi, şunuň ýaly zady... Iň bolmanda, onuň ömründen görüp ýetişenje bölegimdä-hä anyk bilýän, şonuň şeýledigini... Galyberse-de ondan öňem şonuň ýaly bir zada ýanaşan bolsa bendäniň gepi öý-içerimizde edilmese-de, oba arasynda-ha hökman edilerdi-laý... Şol sebäplem menem bolup bilsem-ä şonçadyryn, bolup bilmesemem basyp giden yzyça-da däldirin-laý...

Garaz, şeýdip, käte duýdansyz tutanda ölemen kesirlige öwrülýän dogabitdi keçjallygym bilen üçünji öküzi ulagdan düşürtmedim. Ejem pahyram, birneme ikirjiňlenibräk:

-Oglum... bü Pylany janyň özi yrza bolsa, nemedäýeli, bolmasa,-diýse-de diňlemedim.

Kes-kelläm hötjetlik bilen temegine gurt düşen maňramaz ýaly şo-o-l kellämi talawlatdym durdum.

Ahyry bolmajagyny bilip, babadaşymam, ejemem razy bolmaly boldular. Meniň bu hereketimem ejem başda halamasa-da, soň onuň göwnüne gaty jaý bolandygyny, özüniň bu babatda kelam agyz dil ýarmandygyna garamazdan, her bir göwündeş çaganyň öz käbesiniň ýüregini duýmaga ukyply bolşy ýaly, menem ejemiň bolşundan aňdym.

Şeýdibem, 38 ýyldan soň algydaryňam, bergidaryňam aýatda ýoklugynda, olaryň yzyndan gelýänler hökmünde babadaş ikimiz gol basyşyp yrzalaşdyk.

Belki Allam, biziň bu yrzalaşdygymyzam, öten-geçenlerimiziň yrzalygy bolup kabul edilsin-de, bizem ýok ýerden günä galmadyk bolaýadygymyzdyr-da...

© S.Ataýew. Bilenjelerim... Durmuşy esseler ýygyndysy. – Aşgabat, 2026.