Takmynan altymy, ýedimi ýaşlarymda kakamyň çekýän «Rodopi» çiliminden ogurlap, ýeke özüm tüm-garaňky, köneje hammamda çilim çekip otyrkam, ikinji agam duýdansyz üstümden geldi. Menem gyssanjyma köräp duran çilimi hammamyň bir künjeginde depe turzup ýatan ýuwulmaly eşikleriň aşagyna hasyr-husur dykdym-da, bosagada äm-säm doňup galan agamyň satanynyň arasyndan zut geçäge-de, ökjä tüýkürdim (biz obaň şiwesi, başga ýanlarda munuň ýaly ahwalata: «zypby:ny berdim» diýilýän bolmaly, çakym çak bolsa).
-Näme işläp ýö:ň-eý?!-diýip, agam haýbatly heňkirende-de, «Tüsseleýän (gargybaşy) tütedýän-how! Näm-aý?!» diýip, «ogurlyk eden utanmaz, üstüne gelen utanar» diýilýän nadaralykly şerraýlyk bilen ýalan sözledim-de, o jelegaýlardan ýeňsäni el ýaly etdim.
Näme bolandyr öýdýäňiz?!
Mundan kän wagt geçmese-de, eşikleriň astyna sokan çilimim meniň-ä derrew huşumdan uçupdyr. Agamam ol çilimden bihabar, hiç zady aňman, hammamdan çykyp gaýdypdyr. Az salym geçip-geçmänkä-de, men köçede deň-duşlarym bilen «kowalaşdy» oýnap ýören ýerimden, öýümiz tarapdan gelýän düşnüksiz galmagala gaňrylsam, on bir başdan ybarat tutuş maşgalanyň hepde-de bir sapar, gyzlaryň boş güni ýuwmak üçin üýşürilip goýlan, öý, okuw, iş eşigi hammam bilen bilelikde, ala-burugsy bolup, ýanyp dur. Şol pille tamdyryň başynda nan ýapyp, çöregiň gyzararyna garaşýan ejem, mellekde işläp ýören, meni çilimi çekip bolmankam ürküzendigi üçin hemme zada günäkär agam :-), goňşular, uýalarym, yzanda-çuwan, etek alty ýeň ýedi bolşup, hammamy öçürmäge dyrjaşýarlar.
Öçür nirden?!
Özi ýanyp, özi söndi.
Bähbitli tarapy, ýangyn söndüriji çagyrmagam gerek bolmady.
Emma-ki, kakam gijara işden gelenden soň uzakly günläp hemmelerden bukulyp ýören meni, sekiz baş bolup, agalarym, uýalarym, jigilerim gözläp tapyp, möjek kowalaýan awçylar deý her haýsy bir tarapymdan gabap tutup, getirip onuň alnynda dikdiler.
Üýtgeşik hiç zadam diýmedi.
Öňem, Nuryşka pahyr (satiraçy Nurmuhammet Nazarow) aýtmyşlaýyn: «dilenibalnanow ölnüpýetilen» bolanym üçindir-dä, bar käýýäni: «Edil beýtmel-ä däl ekeniň-aý, kürräm! Haýp! Tüsseleýäni daşarda tüteden bolsaň, bize-de birneme arzanrak düşäýjek ekendä-how...» diýdi.
Kileň okuw eşikleri ýanan uýalarym, meni gözleri bilen duranja ýerimde çigligime çeýnäýjek bolup dursalar-da, kakam beýdenden soň olaram üýtgeşik bir towugyma «tok» diýmäge het etmediler.
Agalaryma-ha asylam.
Näme edäýeýin, barmaklaryny batyrdyklary olaryň dat gününedi.
Diňe ejem pahyr, agyrtmaz ýalyrak edip birküç ýerimden burup aldy. Onam, ýene agşam, halymsyrap, jögülik bilen: «Eý-wäg-eý! Hälki çümmüklän ýerleň henizem agyryp dur-ow! Nämetdiň-aý, beýdip?! Ýa atagzy bilen gapjatdyňm-aý? Indi gutularmyka beri? Ýa-da şeýdip şol çümmükleňden ölüp gidibermeli bolarmyka?!» diýip nalynsam, «Gap sesiňi! Agzyňdan al kakawersin, hernä!» diýip oda-köze düşüp, ýene özi her görkezen ýerime wazelin çaljak bolup ber-başagaý boldy :-).
Şol gün gije-de daşarda, dalbaryň astyndaky giň sekimize peşehana gerip, içinde ýatjak bolup ýatyrys welin, henizem ýana-ýana kül bolan eşiklerimize gynanmasyny hiç bes edip bilmeýän ejem:
-Ýeri, tüsseleýän tütetmäge şondan başga ýer gapyşdymy diýsene? Seniň şumatdan şu bolşuň bilen-ä, bilmedik sen soňunda näme zat boljak...-diýip hüňürdedi.
-Aždarha...-diýip, şonda menem – çendenaşa eý görülýän lälik çaga – ymyzganyp barýandygym sebäpli, näme gürleýänimi özümem aňşyrman madyrdap goýberenim ýadymda galypdyr...
Heh.
Ata-enesi bendeler üçin öň bir gezek üç ýaşynda «ölen» çaga.
Başlaryndan inen bu haýhada-da gara bagry ganlar öýen şol iki görgülem, ýüreklerindäki zaryn-zaryn nalyşydyr halysalla perişan hallaryny gursakda göterip, ony näçe wagt geçse-de hiç kiparladabilmän, undabilmän gezenler.
Hut şonuň üçinem soň, şol “giderilen” çaganyň öwezi, Allanyň tükeniksiz şepagat eradasy bilen, olara dözülmän, «ýamaşakgetdan» dünýä getirilen.
Şol sebäpdenem indi beri elden giderilmäge, «walla kessin» elheder alnyp, burnuna üflenilip ulaldylan adamjyk.
Şonuň demi bilen demli bolnup, şonuň jany bilen janly bolnup, özlerinden özge jahanyň ýagşy-ýaman hiç zadyna dözmän, apalanyp saklanan garagol.
Näme etse-de öňünden geçýän lälik.
Hem-ä ejemogly, hemem kakamogly.
Hem-ä aga-uýa ogly, hem-de goňşy-golam, garyndaş ogly...
...Onsoň şunuň ýaly başbitin başyna giden kakabaş bezzatdan dagy näme garaşjag-aý?!
Hernä edenine şükür, etjegine-de, owal-a bäş ýaşap-ýaşamanka ýüzugra zybrym okamagy öwrendiren kitaba bolan, ýeke gün okamasa «azarlap, ölüp barýan süpük kitapkeşlik» berlipdir…
Onsoňam, dokuz ýaşym dolmanka, on ýedi ýaşynda otlyň aşagyna düşüp neresse giden gyňyr agamyň jaýlanan güni kakamyň bolup oturşy kükregimiň iç ýüzüne, gyzaryp duran gyzgyn tagma bolup, bazyrdadylyp basyldy.
On dört ýaşymda kakam pahyr bolandan soňam ýuwaş-ýuwaşdan günsaýyn özümi ele almagyň, özümi ýonmagyň ýoly bilen mytdyldap ugradym.
Nirä barýan?
Hudaý bilsin-äý...
Kakam Nowruz güni ýogaldy. Şondan iki hepde geçenden soň bolsa, irdenden agşama çenli döşümi gaty ýassyga berip, hatda iýmäge-içmäge-de turman, diňe arasynda aýakýoluna gidip-gelmek bilen oňup diýen ýaly, bir gündizde birinji hekaýamy ýazypdym.
Ogluny jaýlap gelen kakasynyň bolup oturşyny, hiç zada düşünmän synlaýan dokuz ýaşly mön oglanjyk hakda…
Şonda hekaýaň ady hem öz-özünden goýlupdy: «Çagalygyň soňky güni»…
Näme üçin ala-böle şonda ýazylyp ugrapdy?!
Alla bilsin, henizem düşünemok…
Belki, şol, öz-özümi ýonmaklyga tarap uzap gidip barýan, nirä eltýändigi, haçan, nirä, nädip, näme üçin, nähili... eltjekdigem näbelli alys ýoluň, ahyrky pellehanasynyň näjüredigine öňünden göz ýetirmäge, häzirem dowam edip duran synanyşykdyr, bi...
Ýa-da däldir...
© S.Ataýew. Ejem. Ýatlamalar we hekaýalar ýygyndysy. – Aşgabat, 2026. Golýazma hukugynda.

Teswirler (9)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...