Https://paçakçy.wä saýtynda okumyş oglanlaryň biri täze blog açdy.

Onuň özem haýsydyr bir, öň görlüp-eşidilmedik üýtgeşik ýurduň, Adam ata ýaradylyp, günäsi köp Zeminde mundan öň bolmadyk, tamam-tepbet üýtgeşik okuwynyňam hut düýp özenini özleşdirip gelen.

Blogynyňam adyna: “Bylymsekleň blogy” diýip goýdy.

Blogyň baş şygarlary hökmünde-de şu badyhowadan haýbatly jümleleri ýerleşdirdi:

BISOWATLIGI BÖWSEÝLYŇ!!!

NADANLIGI DANNALIŇ!!!

ELIPDEN ŞERMENDELYK NO PASARAN!!!

KÖPBILMYŞLIGIMYZ HASAM KÖFELSIN!!!

Ol özüniň janagyryly blogyny paçakçy.wä saýtynda resmileşdiren dessine-de, geçiň öň aýagy ýaly ýetişikli biri, ýaman bahym oňa sümüldi.

“@Pejo” diýen nikneým (lakam) bilen oňa haýdan-haýdanam çalt agza boldy.

Onuň howul-hara howlukmaçlygam, agyr obanyň dükanynda arzanjak bahadan mesge ýa-da ýumurtga paýlanyşygyna alňasaýana meňzeýär. Ilkinjileriňem barypýatan nolunjysy bolup, adam dilind-ä: “koment” diýilýän, bolmalysy ýaly düzüw ýazylanda-da: “teswir” diýilýän närsäni goýmaga ýetişdi.

PEJO: Bro, blogyň-a gutlyş weli, birinji sloganyňda ýaňňyş göberipsiň-ä! “Bisowatlik” diýen çatylma sözde, türkmen diliniň dürs ýazuw düggünlerine laýiklikda “bi” diýen söz bilen “sowatlik” diýen sözler byry-byrynden aýri-aýri karar berip, ýazylýar ahbetyn! Öwzüňemm-ä buw blogyňy “bilimsekleňki” diýip atlandiripsyň, byrynjy bolup ýaňňyşýanam ýene-de öwzüň!

 

***

 

Bu blogy “dogranyň” maksady – ilk-ä paçakçy.wä saýtyny, soňam, galyberse-de tutuş internet dünýäsini lerzana getirmek. Şol üçripdenem ol özüniň edil şu müddet nämälim bolsa-da, geljekde adynyň internetiň taryhyna altyn harplar bilen sünnälenip ýazyljakdygyna ynanýar. Özünem “hakdan içen” diýip pugta hasaplaýar.

Şonuň üçinem bu blogger: “Ilki tahallusyňy bir “Pežo” diýip, dopba-dogruja, tüzüw ýazmany öwrensen-aý, akyl satyp başlamasdan burun!” diýip, @Pejonyň petigulysyny bermek hakda oýlanyp başlanam şoldy welin, onuň ýaňyja açylan blogynyň üstüne internet dünýäsiniň dumly-duşundan teswirler ýagmaga başlady.

Asyl adamlar, bu blogyň baş şygarlarynyň birinde yglan edilişi ýaly “nadanlygy dannamaklyga” suwsap giden bolsalar nätjek?!

 

***

 

GYZMA: Inim ja-a-a-n!!! Şu blogyň üçinem, şu ugurdan gaýryp-goparýan ajap-rahat işleriň üçinem sagja bol! Eliň-gözüň dert görmesin! Şunuň ýaly bir zatlar bir zatlar, bu “internet” diýlip atlandyrylýan ala-hara aýbygadymda birmahal gerekdi.

Ýogsa, bi negözel ýaş oglanlar-gyzlar, şunda guşkellelerine gelen zady dogry-nädogry, bahymrak ýazyşdyrmaga howlugyp, ene dilimiziň grammatikasynyňam, orfografiýasynyňam enesini dula bakdyrdylar ahyry!

Meniň özüm mugallym bolandygym üçin çagalaryň aňyna şü “internet” diýilýän bela-beteriň näderejede göýdükdiriji täsir edýändigini görüp gelýärin. Ine, mysal üçin, men arada 8-nji synpda okaýan öz okuwçylarymyň birinden taryh sapagynda: “Faşistleri kim ýeňdi?” diýip soraýan welin, olam maňa gözüni mäzerdip: “Mollym, o diýýäniň kim-aý?! Betmen bilen uruşýanlammy, hä?! Ýa-da Halk bilen tank zyňyşdy oýnaýanlammy?!” diýip, gaýta özüme sowal berýär-ä!

Özem dagy garaçyny bolup, edil ýöne birjigem utansyn-da!

“Aý, jan inim-how, sen-ä muny nädäýýäň-aýt?! Meniň hut özüm bilýän-ä-how, ol aýylganç uruşdan seniň garry ataň pahyryň bir elin-ä galdyryp, onuň öwezine-de döşüni orden-medaldan dolduryp gelendigini...” diýip zynharlaýanam welin, ol hatda jinnek ýalam myzaýyk etmän: “Wiý, hä, howwa-laý, mollym! Pelan kakamlarda şol adamyň suratam-a bardy-laý!” diýip myňňyldaýar-a!

Onnoň sen bü bisowatlara, bi nadanlara näme diýip näme aýtjak?!

MÜŇKÜR: Haý seniňem-ä günüňe ýanaýyn-ow, @Gyzma gardaşym! Senem munuň ýaly düýpli meselede kimden haraý hantama bolup, kime minnetdarlyk bildirip ýatyrsyň?!

Bu blogy açanyňam, onuň opponenti @Pejonyňam “y” bilen “i” harpyny ýerbe-ýer goýup bilmän, pohlaryndan bulamak ýasap oturyşlaryny okanyňda-ha, olaryň hakykatdanam gollaryna galkandyr-gylyç alyp, dilimiziň arassalygynyň, dürslüginiň, çagalarymyzyňam aň-düşünjesiniň goragynda pida bolmak üçin “jeň meýdanyna” çykan “ederini bilýän gerçek goç ýigitlerdigine” göz-görtele göz ýetirýärsiň! Berekella! Dowam ediberiň! BYLYMSEKLER!

DÜRSDABAN: Fsýo brat, sen şu blogy açdyň! Indi biz tutuş kalhoz bolup, bezgramotnostlygyňam, tupoýlygyňam grobyny ugrobit ederis! Udaçi! I mnogo, mnogo deneg! Çto odno i to že!

GÖZAGYRYSY: Lakamyňy düzet, eý bisowat! Türkmen dilinde “dürsdaban” diýen söz ýok, “darsdaban” diýip bar. Şol sözüňem nämäni aňladýandygyna özüň beletsiň!

DÜRSDABAN: Meniň gödekligimi bagyşlaň welin, eý @Gözagyrysy, “eý” diýip, eger-de mümkin bolsa, öz eneňize ýa-da mamaňyza, ýa-da bajyňyza, ýa-da öýüňizdäki heleýiňize ýa-da başga uzyn etekliňiziň birine ýüzlenmegiňizi sizden iňňän uly sypaýyçylyk bilen towakga eýleýäris!

GÖZAGYRYSY: Weý-weý, @Darsdaban, sen-ä gaharyňy getirseň, özüň orsa giden ýamanam bir zor “kulturnyý” orssumakdygyňy ýadyňdan çykarakga, sap-päkize türkmençe zowladyberjek ekeniň-ä! Hä?!

DÜRSDABAN: Hä, hawa, @Oftalmologyň düşewündi, gaharymy getirdejik, soňam meniň ýanyma ýaňky sanalan, seniň akly gysga, saçy uzyn ziňk-ziňkleriň hemmesini ýollap iber! Nädersiň, birje günde ählisine, ol-a dürs geplemek ekeni, eşek bolup aňňyrmagam öwredäýsem...

DOST: Druglar, nä başga edere işiňiz ýokmy-aý? Ondan-a gidiň-de mellegiňize ders daşaň-da!

DAÝHAN: Dersi tapsaň daşarsyň-da! Ony daşamak üçin ilki ony satyn almaly. Bahasam ummasyz. Şol pulam gazanmaly täk özüň! Mamaň ýa-da gaýyneneň getirib-ä sowgat beräýmez. Ony gazanjak bolsaňam ekin ekip, gowuja hasyl almaly. Gowy hasyl aljak bolsaňam, ýeriňi derslemeli-dökünlemeli. Umuman... hemmeje zat aýlanyp-dolanyp ýene-de poha direýär duruberýär-dä...

DOST: Agzyňa eýelik etsene-eý, @Ýer gurçugy! Kime ýetseňem gaýynenä bir ýetmäge milt ediji bolaýma! Ýohham, gaýynenem jan bilen bilelikde bir çukura tüýküreris-de, ýere girseň-ä gulagyňdan çekip çykaryp, göge uçsaňam aýagyňdan tartyp alyp, mazalyja eýmijiňi ýetirip iberäýmäli birdenkä!

ŞADYÝAN: Ha-ha-ha... “gaýynenem jan”! @Friend, bro, paçak etdiň-aý, şü postuň-a! Respekt, bratuha!

DOST: Saw bo, dosty! Respekt wzaimno, @Weselçak!

DAÝHAN: Bolaýypdyr, inni! Inni bolanyna görä, biri-biriňiziň gowuz ýeriňizdenem şapbyldadyp ogşaň mazaly! “@Dost” diýen lakamy özüne alan, hakykat-da bolsa @Duşman hem-de özüne “@Şadyýan” diýen niki alan “@Müsmünsokar”!

GÖZAGYRYSY: Şeýt bulary, @Daýhan dost, şeýt! Tüfle bulara tarap, tüfle! Bular ýaly bolar-bolgusyzlar diňe tüflenmekden başga zada mynasyp däldir...

MÜŇKÜR: @Gözagyrysy, düzediş berýänimi gaty görme welin, sen teswiriňde “çüfle” diýip ýazjak bolup, ýalňyşypsyň öýdýän?!

GÖZAGYRYSY: @Müňkür, nä bi ýokarky nadanlary okap-çüfläp aklyna aýlar ýaly, olar turşusy depesine çykyp, ýeldirgän was-wasylarmy?! Ýa-da al kakyp alasammyk bolan tüntawlammy?! Men ýalňyş ýazamok. Men hakykatdanam “tüfle olara” diýip, olar ýalylara tüýkürmegi maslahat berdim.

DOST: Eý @Gözagyrysy, sen nä sygmajak ýeriňe sokulýaň-aý, hä?! Şu mahal şu taýda seniň adyňy tutan barmy? Nä, tomzaklar tarapyn ýuwdulmadyk gäwno ýa-da has dogrusyny aýtsaň, nemedilmedik nemäň nemesi ýaly bolup, hemme ýere burnuňy sokup galýaň-aý? Nä, isledigiňizçe tüfläp ýataryňyz ýaly, bu ýanda size mugt tüfdan barmy diýsene? Hany, tüflejek bolup bir gör bakaly!

Nädersiň ýöne, edil paçagyňy pytradaga-da, dagy-duwara şü paçakçy.wä girmeli bolsaň, beýniňden biygtyýar balagyňa goýberip, “wäläp” durana dönderiläýseň! Halys zat diýilmejek bolunýa welin, biderejik bir nikiňe duwlanyp, özüňem realda däl-de wirtualdalygyňdan peýdalanyp, diýjegiňi diýen bolup ýatyrsyň-aý!

Erkekmi?

Gel hany, realda-da maňa şu sözleriň bäşden-ondan birin-ä diýjekgä, hatda ýüzden birinem aýtjak bolup gör!

Eddiljek ýöne, galan ömrüňe dugtor bilen dermana işläp ýörmeli bolaýjagyňa gözüň ýetipjik durandyr-la!

GÖZAGYRYSY: Waý, gorkdum! Waý dat!!! Ebdat!!! Men görgüli-pakyr-bendiwany bü zalim Terminatordan halas ediňler-eý!!!

Tüfsene-aýt, saňa!

ŞADYÝAN: Ha-ha-ha... “tüfsene-aýt, saňa”! @Eye disease, bro, nireden tapýaň-aý, munyň ýaly ot duşi sözleri?! Bize-de öwretsene-how!

GYZMA: Heh-he-he, @Şadyýan “ot duşi” diýmeli däl-de, “tüýs ýürekden” diýmeli. Eger-de has täsirli bolaryny isleseň: “öýkenden we bagyrdan” diýseňem bolýar...☺

MÜŇKÜR: Saman astyndan suw goýberip, tütäp duranlaň üstüne assyrynlyk bilen byzzyn sepýäň-ow, @Gyzma gardaş! ☺

GYZMA: @Müňkür, kerosin gyt bolandygy üçrib benzin bilen oňmaly bolýar-da ☺!

HENEKÇI: Şu tema bilen baglanyşykly bir anekdot sallap iberäýmesem-ä, siziň hemmäňiz ýaman surýozny-laý! Tema bilen işiňizem ýok, ýöne garabaşyňyza gaý bolşup, üznüksiz wurşup ýatyrsyňyz!

Ine onda anekdot:

Bir ýaşuly çopan çöl-beýewanda goýun bakyp ýörmüşin welin, aňyrdan ala-tozan turzup “Landkruzer” jip gelýärmiş. Ol goja çopanyň deňesinde saklanypdyr-da, onuň takmynan otuz ýaşlaryndaky sürüjisi çopan bilen salamlaşandan soňra, ondan ýol sorapdyr:

-Agam, şu ýol pylan oba barýarmy?!

-Ýok inim, bu ýol ol oba parallel geçýär!-diýip, ýaşuly çopan jogap beripdir.

-Hä, onda bu ýol, şol obany kesip geçýän bolýar-da?!-diýip, sürüji begenipdir.

-Inim, men “parallel” diýenimde, haýsam bolsa başga bir akyldaryň däl-de, Ewklidiň geometriki düşünjesinden ugur alyp aýdýaryn!-diýip, garry çopan hüňürdäpdir...

Hi-hi-hi...

GYZMA: @Henekçi gardaş, henegiň-ä hemmelere düşnükli, ýamanam bir gülkünç henek eken! Ony biziň dykgatymyza ýetireniňe sagja bol welin, bü boş warsakydyr, özara harçaňlaşmaga kelläni gyzdyrman, bu blogyň asyl temasyna dolanaýsak ýagşy bolmazmy?!

DOST: @Sowukganly, sen nämä çolansaňam, nämäňe dolansaňam, şoňa dolan! Keýpiň kelläňde. Biz-ä toý sowulýança kowmasalar, şu taýam ýaman dä...

ŞADYÝAN: Ha-ha-ha... Zaçýot, @Friend bro!

DAÝHAN: Äý-ý, wäý-ýeý! Siziň bu boş lakgyldyňyzdan jinnek ýaly şeý barmy diýsene! Şumat susagyň sapy özümde bolsa-ha, siziň ýaly işsiz bikärleriň hemmesini bir ýere jemlärdim. Sag-u-näsag, makaw-akylly, tapawudy ýok, ählisiniň eline-de pil tutduraga-da: “Wýetnama kömek” diýen ýaly edip, işine ýetişmän, gara dere batyp ýören daýhanyň biriniň mellegini depdirerdim.

Ine şonda bilerdiňiz, nämäniň näçedendigini!

Ýogsa, siziň ýeliňiz ýyly ýerden pysylaýar.

Mes bolýaňyz!

Ýatyp aýlyk alyp ýatan ýeriňizden bir eliňiz bilen-ä tilpunyňyzy oýnap, beýlekiňiz bilenem beýlekiňizi mynçgalap, uzak günüň dowamynda diňe wagt öldürmekden başga bitirýän goşuňyz, alýan galaňyz ýok!

DOST: A şu wagt seniň özüň näme işleýäň, @Ýer gurçugy?! Bizem-ä taryhy okanymyzda, seniň Fatyh soltan Mahmydyň goşunynyň öň hataryndaky saplarda, Yssambyly zabt etmäge gatnaşandygyň hakda okamandyk!

Ýa, bu teswirleri sen telefonyňy oýnap ýatan ýeriňden ýazman, ýer depip ýörkäň piliň bilen eýlekiňi mynçgalap ýazýaňmy?!

КАПИТАН ОЧЕВИДНОСТЬ: Eý, bu bloga passiw däl-de, ýamanam beter aktiw gatnaşýan halaýyk! Siziň özleňňiziň her sözüňizlerde ýalňyşlyklardan dos-doluka, näme üçin sizler “öz aýbyňyzy görmeýen, kişi aýbyna “waý” diýorsyňyz?!”. Magtymguly, ilki özüňni düzetgil, özüňni düzedip, uly ile göz etgil, märeke!

Onnoňam sizleriň özüňiziňem, galan internet jemagatynyňam bisowatlygynyň sebäbiniň nämedigini bilýorsyňyzmy?!

Ewet, men magat bilýon, sizler bolsa munyýny bilýon däl bolup ýatansyňyz!

Şonuň üçribem, şony bilmeýon bolsaňyz, onyýny sizlere men aýdaýyn!

Siziň hemmäň bisowatlygyňyzyň kyrk sebäbi bar. Şol sebäpleriň iň esasysam siz BISOWAT!

GÖZAGYRYSY: @Капитан очевидность, sagja bol! Sen-ä hakykatdanam öz nikiňe mynasyp agza ekeniň!

КАПИТАН ОЧЕВИДНОСТЬ: Adamlar! Eý-a jemahat, bu @Trahoma, bizlere ne diýip, ne koýup ýatyr-a?! Heý, düşündiňizlermi?!

ŞADYÝAN: @Captain Obvious, ol saňa: “Sen hakyky Captain Obvious” diýýä... Hi-hi-hi...

КАПИТАН ОЧЕВИДНОСТЬ: Onsoň?!

ŞADYÝAN: @Captain Obvious, aldyň-aý, bro! Eger walla, şu mahal wirtde däl-de, realda bolsak: “kak, bäşi” diýip, şapbadymy uzadardym! Ha-ha-ha...

КАПИТАН ОЧЕВИДНОСТЬ: @Şadyýan, men priduriwatsa edemmok! Hakykatdanam düşünemmok! Düşünjek bolubam kellä şunça agram salýanam welin, näme hakda gürrüň barýandygyny woobçe ulowit etmän ýatyryn-ow!

ŞADYÝAN: Bro! Bagyşla! Uzur öt günähimi! Ýaňky “kak bäşi”-mi yzyna alýan! Saňa bolsa bro, eger-de şeýle dugtor bar bolsa, newropsihiatra ýüz tutmagy maslahat berýärin. Beýni ugrundan “dogabitdi” diýilýän zatlaryň hemmesinden şolaryň başy çykýan bolmasa, men-ä bilmedim... He-he-he...

КАПИТАН ОЧЕВИДНОСТЬ: Onsoň?!

DÜRSDABAN: Ýekeje özüň giden milleti ýykdyň-aý, debil! Uly il bolup saňa: “Barypýatanyňam aňrybaşy beter tupoýy bolýan bolsaň, git-de kelläňi däli dugtora görkez, oligofren!” diýip käkelenýä welin, senem şol “wäňkligiňi” edip: “onsoň, onsoň” diýip gaýtalap, komentläp otyrsyň!

КАПИТАН ОЧЕВИДНОСТЬ: Onsoň?!

MÜŇKÜR: Ha-ha-ha... Aldyňyz dälmi, almytyňyzy, akyllysyraýan danasumaklar?! Respekt @Капитан очевидность, respekt saňa! ☺

КАПИТАН ОЧЕВИДНОСТЬ: ☺. Dogry-da, walla, @Müňkür, dost! Bulary şeýdip ýeňäýmeseň, halys ýöne kelleleriniň işlemeýän zatlary barada-da akyl satyşan bolup, kese ýykaýdylar-a, ýogsa!

 

***

 

Özüni “hakdan içen” diýip hasaplaýan blogger, şu ýazgydan soňky teswirleri okamaga takaty ýetmedi. Öz açan blogyndanam, oňa gatnaşýan agzalaryň “pikirjeň-işjeňligindenem” göwni geçip, blogdan çykdy. Ilk-ä bir, kalbyny basmarlaýan tukatlyga tap getirip bilmän, ony saýtdan bozjagam boldy. Soňam: “Äý, şü “internet” diýilýän gorhanada, öňem şunuň ýaly gybat kakylýan “zibildanlar” az däl-le. Durubersin, bu-da şolaryň biri bolar-da!” diýen pikir bilen, blogyny ýapman, kompýuteriň başyndan turdy.

 

2020ý.

© Tapbatçy Ýepbekçiýew