Barybir, sen meni söýmän bilmersiñ,
Ýaz ýaly ýazylar kinedir-öýkäñ.
Köşeşer gyz göwnüñ,
Düşüşer göwnüñ,
Hem maña ýene-de düşüner göwnüñ,
Bilmersiñ,
sen meni bilmersiñ söýmän!
***
Sen nämäniñ aryn alýarsyñ menden,
Zerurlygy näme meni örtemäñ!?
ÝA ýalbaryp başym egeýinmi men,
Bagrym ezeýinmi?
Taýýar eger sen
Söýýän bolsañ peselende mertebäm!
***
Meñ söýgimden başga etmişim näme!?
Ýaramady saña yşgyñ nämesi?!
Boýnum burup bakaýynmy?
Taýyn men
ÝA delmuryp gama bataýynmy men,
Gussa bolsa yşgyñ subutnamasy!
***
Diýseñ, ynjyk bolýar söýende gyzlar,
Gyzlar gyrpa bolýar, uçranda yşga.
Haýyş edýän, dymma!
Näme diýseñ diý
Maña şirin-şeker sözlerden başga!
***
Sygmasa kalbyña kinedir-öýkäñ,
Gygyryp bilersiñ söýemok diýip.
Ýöne sen bilmersiñ,
söýmän bilmersiñ,
Çünki bir bakyşda köýdürip-köýüp,
Bir bakyşda şahyr eden dilbersiñ!
Nobatguly Rejebow
Teswirler (2)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň