BIZ BASMAÇYMY?
2012-nji ýylda, Harkowyň Agrar uniwersitetinde okaýardym... Orta Aziýadan talyplar köpdi, aýratynam biz Türkmenler köpdük.
Gürrüňi uzaga çekdirmän, şu ýerde bir kiçijik ýatlamajygy aýdyp berjek bolýan.
Alina atly dolmuş aýal (asly Belorusiýaly) mollymymyz bardy. Taryhdan okadýar. Bu daýzaňam jyny diňe bizde, diňe Tm talyplaryna azar berýär, köseýär. Iň içinde-de maňa beýlekilere görä köp deginýärdi. Bahana tapdygy, sorag berýär, ýykjak bolýar, sapaga salmajak bolýar..
Özi hem birwagtky Sowet Soýuzyň partiýasyna gulluk edip geçen zenan maşgala. Şonuň üçin öz özünden düşnükli bolýar, Orta Aziýalylara näme üçin pes göz bilen seredýäni. Men anygyny bilemok. Özümçe şeýle pikir edýän.
Bir günem auditoriýada adatdaky ýaly ýene meni turuzyp, sorag berdi:
- Näme üçin orta asyrlarda Rim esgerleriniň gylyçlarynyň ujy göni, tekiz bolupdyr? Näme üçin şol döwürdäki musulmanlaryň gylyçlarynyň ujy aýlow şekilinde (Hezreti Alynyňky ýaly) bolupdyr? diýdi.
Ozalam şu daýza jynyma düşip ýörensoň, hakyky jogaby bilsemem, duzlap galaýyn diýip, şeýle diýdim:
- Rimliler, gylyjy göni sokýalar we yzyna çekip çykarýalar... Musulmanalar hem gylyjyny sokýalar, ýöne yzyna çekenlerinde, adamyň bir böwregini ýa bagryny ýa-da ýüregini yzyna çekip alýalar, diýdim...
Auditoriýa dym-dyrsdy. Alina daýzaň ýüzi agralyp gitdi. Bir agyz "otur" diýdi. Ynanmarsyňyz, tää şol smestri gutarýançam maňa ýekeje soragam bermedi, men tarapa seretmedem soňra..))
Indiki smestirde ol bizi okatmady.
Aslynda hakyky jogap şeýledi: Musulmanlaryň şol wagtky gylyçlarynyň uçlary egri bolmagy, duşmany öldürmek üçin däl-de, diňe kesip ýaralamak üçin, şeýle ulanylýar. Bu bir wagtyň özünde güýç we wagt tygşytlaýar.
Eger gylyjyň ujy göni bolanlygynda, duşmana sokan mahalyň, yzyna çekip çykarmak birbada kyn bolýar, indiki topuljak duşmandan goranyp bilmezligiň mümkin.
Diýjek bolýanym, şol döwürde-de we häzirem Alina we şoňa meňzeş pikirdäki Sowet Soýuza gulluk eden adamlar entägem bizi basmaçy, kellekeser hasap edýärler. Alina daýzaň auditoriýada doňup galmagynyň sebäbi şol aslynda...
*****
Sadalykdan zyýan çeken ýok!
Şahyr Gurabannazar Ezizowyň
"Entäk sadalykdan zyýan çeken ýok,
Sada bolsun ogluňyz hem gyzyňyz"
- diýen, ajaýyp goşgusyndaky "sadalyk" hakynda häzirki , döwürdeş şahyrlaň biri "bu döwürde sada bolsaň näme etjekleri belli däl" diýen ýalyrak jogap ýazypdyr. [Ol goşgynyň ady we awtoryny bilemok, kim bilse goýaýsyn]. Tipo "şahyrym, sen ýalňyşypsyň öýdýän, bu döwürde sadalara gün ýok, sada bolsaň adamlar depäňe çykýar" diýen ýalyrak äheňde ýazylypdyr. Bu hakykatdanam şeýlemi?!
Geliň, şu gün şol sadalyk diýilýän [sada kim?, sadalyk näme?] düşünjäni derňäp göreliň....
Sadalyk diýilse häzirki adamlaň düşünýän zady:
- lapuh;
- gulagyny sallap ýören;
- Oýnatgyrak;
- Ynanjaň;
Sadalyk aslynda her bir ynsanda bolmaly häsiýet. Ynsany ynsan edýän aslynda şol - Sadalyk. Ony ýitirse, ynsanylygynda nogsanlyk bar diýip hasaplap bolar.
Gynansagam, häzirki döwürde sadalyk - ejizlik bilen çalşyrylýar.
Özümden mysal alsam - tanyş bolsun, nätanyş bolsun hemme kişi bilen bir bolşumy saklaýan. Emma, sadalygymdan peýdalanýanyny bilenimden soňra, hiç zady düşündirmän, sesimi çykarman gidýän.
Adalat bolsun diýýän, adalat üçin göreşýänlerem sadalardyr. Sebäbi olar diňe özüni bilenok. Hemişe gowluk bolsun diýýä, hemmäniň gowy adam bolmagyny isleýär.
Adalat üçin göreşýänlere hemişede kyn bolupdyr.
Emma bizem adam, hemişe daş bilen urýanlary aş bilen urup bilemizok. Muny geçmişde öwlüýäler, pirler eden bolmagy mümkin. Emma biz öwlüýä däl. Käwagt boýnuňa çykjak bolýanlary ýykyp, düňdermelem bolýar.
Häzirki döwürde mähriban bolmak, sada bolmak - uly güýç. Edepsiz we gödek bolmak itiň aňsady. Muny hemme başarýar (oňa hemme şertler bar).
Çynyň bilen içiňden ýagşylyk etmek, ýagşylyk islemek her kimiň başarjak zady däl. Bu öz-özünden bolonok.
Soňabaka şeýdip aramyzdan ýagşylygam ýitip gidýär. Sebäbi bu dowürde ýagşylyk edýänlerem "sada" hasaplanýar.
Tak çhto - Sadalyk ejizlik däl.
*****
Eger ahlak bolmasa... №1
Ahlak hemme jemgyýetiň binýady. Gadymda uly-uly kowumlary, imperiýalary dargadan söweşler, jeňler däl-de, ahlaksyzlykdyr.
Million, milliard goşun, pul harçlap ýurtlary boýun egdirip bolmajagyna düşünen käbir şeýtan kelleler, aňsatja kanuny ahlaksyzlygy wagyz edip, üstünde işläp, durmuşa geçirmegi başardylar...
Uzyn sözüň gysgasy...
2011-nji ýylda 1-nji gezek ýurtdan çykanymda, baran ýerimizdäki bizden öňem ýaşap, okap ýören ýurtdaş oglanlar, 1-nji gezek kluba äkitdiler meni. Biz näme sada türkmen oglanlary. Şortik-balakly gyzlary iki-ýeke tm'da-da görsegem, içki eşikde kalyan tüsseläp oturan, döşünde 3 kelleli drakonyň tatuirowkasy çekilen blondinkalary nirede görüpdiris... iň ýürekbulanjysy hem, girelgede 2 sanysy (gyz-gyz) şappyllaşyp otyrlar.. munysy artykmaçdy eýýäm..
Başym aýlandy.. bulary adaty kabul edip boljak däldi... belki, bir mahallar kino-seriallarda görenem bolsak (şonsuz kinosy barmy Golliwuduň), gözüň bilen şaýat bolmak ýigrenji eken... ol ýeriniň atmosferasam hopukdyryjy, gorkunç... ýalňyş adrese gelenime düşündim.. şondan soň klub diýilse 2 elini galdyryp duran bolduk...
Ahlak bolmasa ýetip geljek ýeriň şul ekeni.
____
Eger ahlak bolmasa...№2
Maşgalasy bilen türke giden dossum bar. Türkiýäni biz näme bolsa-da musulman döwlet, taryhy döwlet hasaplaýas. Ýöne Türkiýe häzirki wagt dolulygyna diýen ýaly Ýewropa swilizasiýasy bilen ýaşaýar...
Umuman, şol dos oglan bir gün şeý diýdi:
- şu gün gaty erbet ahwala düşdim. Stambulyň uly köçeleriniň birinde ýöräp barýarkak, elinden tutup gelýän 4 ýaşlyjya gyzym 'kaka ol näme zadaý' diýende, şol tarapa bakyp men prosta doňup galdym we näme jogap berjegimi bilmedim, diýdi. Uly magazynyň köçe tarapyndaky aýnasynyň öňünde 'me saňa' diyyän ýaly фаллоимитатор (seksualny igrushka) maňlaýyňa diräp dur. Onda-da her dürlüsi. Ulusy-kiçisi...
Ahlak bolmasa, şol ýerde jogap tapyp bilmezligiň ekeni...

Teswirler (3)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň