Aşyk ýigidiň köňlüniň aýdymy
Bukjasynyň bagyny
Baglady gyz, ýar-ýar.
Ata-ene ýüregni
Daglady gyz, ýar-ýar.
Toý aýdymlaryndan mysal alnan şu nusgadan görnüşi ýaly, «ýar-ýar» aýdymlary türkmen halk döredijiligine mahsus şygyr düzüliş görnüşi. Bu görnüşde türkmen halk aýdymlary hemişe aýdylyp gelinýär. Şeýle hem «ýar-ýar» aýdymlary beýleki halklarda-da, şol sanda özbeklerde, gazaklarda hem bar.
Geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynyň ahyrlarydy, talypdym. Bir gün teleýaýlymda bir özbek aýdymçysynyň aýdan aýdymyny diňledim. Ussatlyk bilen ýerine ýetirilen bu aýdym mende uly täsir galdyrdy. Şondan kän wagt geçmänkä «Aşyk ýigidiň aýdymy» diýen at bilen goşgy ýazdym. Bu goşgy ilki gazetde, soňra ýaş şahyrlaryň goşgular ýygyndysynda çap edildi.
Dogrusy, men bu goşgyny aýdym üçin niýetläp ýazmandym ýa-da aýdym bolar hem öýtmändim. Ýöne goşgy metbugatda çap edilenden iki-üç ýyl geçensoň, ony Öwezgeldi Tekäýewiň aýdym edip aýdýandygyny eşitdim, onuň magnitofon ýazgysyny hem diňledim. Soňra bu aýdymy Öwezgeldi Tekäýew aýdanda ýanynda oturyp diňlemek hem miýesser etdi.
Geçen asyryň segseninji ýyllarynyň başlarynda bu goşga belli kompozitor Rejep Gutlyýew saz ýazdy. Ol soňra dürli konsertlerde, radioda, telewideniýede aýdylyp başlady.
Ol wagtlar men Türkmen radiosynyň edebi-drama gepleşikler redaksiýasynda işleýärdim. Türkmenistanyň Telewideniýe we radiogepleşikler baradaky döwlet komitetiniň «Güneş» aýdym-saz topary bardy. Onuň ýolbaşçysy familiýadaşym, Türkmenistanyň halk artisti Myrat Sadykowdy. Ol bir gün işde gabat gelende: «Siziň aýdymyňyzy aýdýaryn. Aýdymyň sazy Rejep Gutlyýewiňki, aýdymyň sazyny ansamblymyzda dürli saz gurallary bilen ýerine ýetirip, has hem baýlaşdyrdyk. Aýdymyň aýdylýandygy yglan edilende sözleri Sadykowyňky, ýerine ýetirýär Sadykow diýilmegi has ýakymly» diýip, familiýamyzyň meňzeşligini nazarda tutup ýylgyrdy.
Türkmen radiosynyň hazynasynda saklanylýan bu aýdym häzirki günlerde-de radiodiňleýjilere ýetirilýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda bu aýdymy Türkmenistanyň halk artisti Sähetmämmet Rejepbaýew hem ýerine ýetirdi. Özboluşly owazly aýdymçynyň ýerine ýetirmeginde bu aýdym ýaşlaryň söýüp diňleýän aýdymlarynyň birine öwrüldi.
Buýra saçym oýnaýar
Ýaz şemaly, ýar-ýar.
Synlap gözüm doýmaýar
Ýar jemalyn, ýar-ýar.
Besdir bagrym keseniň,
Paýlaş yşkyň heserin,
Serhoş etdi bu serim
Yşk humary, ýar-ýar.
Eý, gözleri piýala,
Çümme çuňňur hyýala,
Düşmegimde bu hala
Sen «günäli», ýar-ýar!
Men — özüňki hasap et,
Özüň — meňki hasap et,
Müň bir dertden halas et
Men bimary, ýar-ýar.
Sen gelseň, öý – jennet, gel,
Toý sähedin belli et, gel,
Hoş söz ber-de, güllet, gel,
Bu ykbalym, ýar-ýar!
Dürli ýyllarda bu goşgyny ýaş estrada aýdymçylarynyň hem birnäçesi ýerine ýetirdi.
Käte bagşylaryň hem aýdymyň sözlerini üýtgedip aýdýan halatlary bolýar. Ýaş estrada aýdymçylarynyň biriniň bu aýdymy aýdanyny radioda diňledim. Ol bu aýdymyň ilkinji setirlerini:
Gara saçyň oýnaýar
Ýaz şemaly, ýar-ýar —
diýip üýtgedip aýdýardy. Bu düzedişi men haladym. Sebäbi bu setirlerde liriki gahryman özi hakda söz açman, söýen gyzynyň «ýaz şemaly oýnaýan gara saçyny» taryp edýärdi. Bu düzediş goşgynyň ruhuna, manysyna has hem laýyk gelýär.
Dürli ýyllarda halypa şahyrlarymyz hem «ýar-ýar» goşgularyny ýazdylar. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň metbugatda çap edilen goşgusyndaky:
Iller ýazdy «ýar-ýar»,
Menem ýazjak «ýar-ýar» —
diýen mazmundaky setirlerini okanymda (bu setirleri men ýadymda galyşyna görä aýdýaryn) halypamyň «iller» diýýäniniň biri özümdirin öýdüp ýakymly duýga gurşalypdym.
Tirkeş SADYKOW,
şahyr.

Teswirler (2)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň