SEÝDI
Eý, agalar, ol obada,
Bize kän güldi bir gelin.
Ala ýaglyk, akja pada,
Bize kän güldi bir gelin.
Işigine bardym sorup,
Nije habar berdim durup,
Belki, bizden ýaman görüp,
Bize kän güldi bir gelin.
Gül açylar çygy bilen,
Dildi bagrym tygy bilen,
Çep gözüniň gyýgy bilen,
Bize kän güldi bir gelin.
Ýar ýolunda çekdim arman,
Ötdi ömrüm bir ýalbarman,
Sorasam, bir jogap bermän,
Bize kän güldi bir gelin.
Seýdi diýr, saldyň nazar,
Yşk ýolunda çekdim azar,
Gözi Meňlihana meňzär,
Bize kän güldi bir gelin.
SEÝDI

Teswirler (0)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň.