Şahyryň aýaly bilen söhbedi

— Sen özüňi geniý hasaplaýan samsyk! Düşündiňmi?

— Düşündim, janym. Ýöne näme üçin muny ýüzüme basýarsyň? Özümi geniý hasaplap, göwnüme teselli bermäge-de hakym ýokmy?

— Indi çydap bilemok...

— Aglama janym, sen meni-de perişan edýärsiň... Dogry, men özümiň geniýdigime ynanýaryn, ýöne muny hiç kime jar hem etmedim-ä.

— Ýok, ýene gazetlere “Men geniý!” diýip bildiriş berjekmi? Aslynda, bildiriş bermäge-de zerurlyk ýok, sen muny her bir hereketiň bilen aç-açan görkezýärsiň. Hatda çilimiň tüssesini howa üfleýşiňdenem belli... Hemmäni özüňden pes görýärsiň, hemmelere ýokardan seredýärsiň... Ýöreýişiň, üsgürişiň, asgyryşyň — ähli zadyň geniýlikden püre-pür...

— Meniň geniý bolmagymdan kime näme zyýan bar?

— Maňa. Öýmüze. Çagalarymyza. Döwlet özüni geniý hasaplaýan her bir adama aýlyk tölemeýär. Geniý adamyň aýalydygymy aýdanym bilen, bakgal maňa azygy mugt bermeýär. Gyş geldi, heniz odunam, kömürem alyp bilmedik... Hatda köwüşlerimiň aşagyda suw geçirýär.

— Haýyş edýän, aglama, janym... Menem boş ýatamok ahyry, görýäň-ä, gije-gündiz işleýärin. Şu güne çenli dört sany goşguly kitabym çapdan çykdy...

— Heh... Kyrk dört kitabyň çyksa-da, ondan ne peýda!..

— Men näme,munuň derdini çekemokmy? Men hem naýbaşy (şedewr) eserimi ýazyp, uly şöhrata eýe bolmagy, kitaplarymyň on müňlerçe nusgada satylmagyny, ähli dillere terjime edilmegini, baýamagy islemeýärinmi eýsem? Şöhrat bilen baýlyk!.. Şol günem hökman geler! Diňe geniý bolmak ýeterlik däl; beýik eserleri beýik wakalar döredýär. Uly wakalar bolmasa, geniý näme etsin? Maňa täsir edip, ylhamymy joşdurjak, ruhumy galkyndyrjak, naýbaşy eserimi ýazmaga mejbur etjek şol beýik waka garaşýaryn. Maňa beýik wakalar gerek... Sen bolsa maňa: “Gap-gaç ýuwulýan legeniň suwunda ýüz” diýýärsiň... Men akwariumda gulaç atyp bilmerin ahyry, maňa ýüzmek üçin ümmülmez ummanlar gerek... Şol beýik waka garaşýaryn... Ýöne haýyş edýän, aglama, janym... Ýalbarýaryn, aglama. Ýene biraz dişiňi gys, sabyr et... Ruhumda harasat turuzjak şol beýik waka geler, görersiň... Ýene biraz sabyr et, ezizim...

 

Jelladyň aýaly bilen söhbedi

— Indi halys boldum! Başymy alyp gitjek... Mundan artyk çydap biljek däl...

— Ýöne, janym... Soňky günlerde işler ugruna bolmaýan bolsa, muňa men günäkärmi? Men näme edeýin? Köçeden geçip barýany tutup asyp bilmerin-ä! Kazylaram juda syrnyhlaşdy... Ýöne ýakyn günlerde ýene iş tapylar diýip umyt edýärin. Bir gün işlerimizem ugruna bolar...

— Şol günüň gelenini men, heý görermikäm? Geçen ýylda ýagdaýymyz beýle erbet däldi. Iň bolmanda çagalaryň garny doýýardy. Ýöne geçen ýylyň ýatlamalary çagalaryň garnyny doýurmaýar.

— Haýyş edýän, aglama, janym, meniň ýüregimi-de paralaýarsyň... Elimde bolsa, gije-gündiz adam baryny asardym. Diňe iş bolsun, gijelerine-de ýatman işlärdim. Men näme, ýalta adammy?

— Bir zat et, işle!

— Işlemek islämokmy, janym? Ýöne kazyýetler ölüm jezasy barada karar çykarmasalar, hiç kimi asyp bilmerin-ä... Onsoňam, men adam başyna hak alýaryn, aýlykly işgär däl-ä. Hiç kimi asmasam, kim maňa pul bersin...

— Şeýle uly ýurtda asyljak adamlaryň tohumy gyrylypdyrmy?

— Dogry aýdýarsyň, ýöne muny gidip, polisýa işgärlerine, kazylara düşündirip gör... Ah, elimde bolan bolsa... Ýoldan geçip barýany hem asyp bolaýanok. Beýtseň, menem işden aýryp, ýerime başga birini alarlar-da, özümem şol dar agajyndan asarlar. Düşündirip bolanok-da... Meniň öz işimi edip bilmegim üçin, ýagny barybir bir gün bolmasa bir gün öz ajalyna öljek adamy wagtyndan öň öldürmegim üçin, ilki kazylaryň gaýrat görkezmegi gerek.

Aglama, haýyş edýän, janym... Men işden gaçýan adammy näme? Her gün adam asyp, aýalymy-çagalarymy arkaýyn durmuşda ýaşadasym gelenokdyr öýdýäňmi? Ýene biraz sabyr et... Dişiňi gys... Ýakyn günlerde hökman bagtymyz açylar, ezizim...

 

Gabyrçynyň aýaly bilen söhbedi

— Çagalarymy-da alyp, öýden gidýärin, eşitdiňmi?

— Näme üçin beýle edýärsiň, janym?.. Soňky günlerde adamlar ölmeýän bolsa, men näme edip bilerin? Men bir biçäre gabyr gazýançy ahyryn... Hamana, merhumlar dag ýaly üýşüp ýatyr-da, men olary jaýlamakdan ýüz öwrüp, näzimi artdyrýarmyşym-da...  Adamlary tutup, diriligine gömüp bilmerin-ä...

— Öýde bir döwümem çörek ýok...

— Aglama, janym, ýogsa häzir meni-de agladarsyň... Onsuzam gözi ýaşlynyň biri men... Adamlara näme bolduka, asla düşünemok. Bu günler hiç kim ölmeýär. Ýa o dünýäde boş ýer galmadymyka?..

Aglama, janym, haýyş edýän... Bilýäň ahyryn, men merhum başyna hak alýaryn, aýlykly işgär däl... Sen bolsa elmydama: “işle, işle!” diýýärsiň. Men öz keýpime görä gabyr gazyp bilmerin-ä... Ýa men öwrenje muňa höwesek biri däl... Gazan gabyrym bir işe ýaramaly ahyry, diňe şonda maňa pul töleýärler. Ýene biraz sabyr et... Bir gün hökman bagtymyz açylar... Umytdan düşme, ezizim... Dişiňi biraz gys.

 

Žurnalistiň aýaly bilen söhbedi

— Gyzlyk hyýallarymyň bary puja çykdy. Men saňa nähili umytlar bilen durmuşa çykypdym...

— Ýöne janym, aglama-da, gürleşeli..

— Indi gürleşere näme galdy diýsene...

— Bolýar, bolýar... Sen mamla... Ýöne aglama... Men seniň bagtyň üçin zähmet çekýärin.

— Çekseň çekýäň-dä, ýöne ondan ne peýda... Üsti-başyma geýere oňly zadym ýok...

— Öz hünärimde üstünlik gazanyp, öňe gitmegim, şu kätipçilik (sekretarçylyk) wezipesinden dynyp, redaksiýanyň işine ýolbaşçylyk etmegim, hatda gazetiň başyna geçmegim üçin, öz ukybymy görkezmäge mümkinçilik berjek adatdan daşary wakalar gerek. Beýleki gazetlerden öňe geçmeli, hemmeleriň ünsüni çekmeli... Nireden bileýin, meselem, uly bir uçar heläkçiligi, elhenç ýer titremesi, güýçli ýangyn ýa-da syrly adam ölümi... Ine, şonda görersiň meni... Beýleki gazetleriň ählisinden öňe geçmesemmi! Habary hemmesinden gowy berip bilmesemmi! Meniň adymam tutmasynlaram! Meniň ýaly hiç kim gazet sahypalaryny bezäp bilmez, okyjynyň ünsüni özüne çekýän täsirli sözbaşylary düzüp bilmez... Wah, nädeýin, bu içigary galmyş dünýäde, özümi görkezmäne hiç hili mümkinçilik döränok... Pajygaly wakalar juda seýrek bolýar... Sensasiýa habary berjek diýip, gidip adam öldürseňem bolmaz-a! Ýöne şol özümi görkezip biljek amatly pursadyma garaşyp ýörün. Her niçigem bolsa, bir gün bolmasa-da bir gün hökman geler şeýle mümkinçilik... Uly umyt bilen garaşýaryn... Menem öz hünärimde tapawutlanyp, ýokary wezipelere ýetmegi, bäsleşiklerde “ýylyň žurnalisti” saýlanmagy, has köp pul gazanyp, maşgalamy bol-elin durmuşda ýaşatmagy isleýärin. Belki, ýakyn günlerde günäkäriň kimdigi näbelli aýylganç jenaýat ýüze çykar. Görersiň, şonda nähili sözbaşylary taparyn! Okan adamlaryň ýüregi agzyna geler...

Aglama, haýyş edýän, sen aglasaň ýüregim para-para bolýar... Senem äriň üstünlik gazanmagy üçin bir amatly pursatyň döremegine doga et! Meselem, bir gämi batsyn, bir ýerde suw joşsun... Aglama, ezizim, men seniň gözýaşlaryňa dözemok... Ana, seret, meniňem gözlerim ýaşardy...

 

Polisiýa işgäri bilen aýalynyň söhbedi

— Allajan, meniň çekýän görgülerim näme?! Men şeýle horluklara döz gelip ýaşamaly aýalmydym?! Şeýle şormaňlaý bolaýmalymy diýsene...

— Janym, ýekejäm, söýgülim... Näme üçin beýle diýýärsiň? Sen bir düşünäýmel-ä maňa... Men wezipämiň ýokarlanyp, uly wezipäniň eýesi bolmagymy, öýümi, maşgalamy bol-elin durmuşda ýaşatmagy isleýän däldirin öýdýäňmi?

— Wah, men nähili betbagt ekenim...

— Asyl betbagt adama men, şeýle wakalara garyp ýurtda dünýä inipdirin. Eger köçeleri üsti açylmadyk adam ölümlerinden hyryn-dykyn, aýak basara ýer tapylmaýan ýurtda dünýä inen bolsamdym, ine, şonda görerdiň meni! Men komissar bolup galarmydym?! Wallahi, eýýäm polisiýanyň baş müdiri bolardym. Emma nädeýin, gadyrym bilinmeýän ýurtda dünýä inipdirin. Ownuk-uşak polisiýa wakalary bilen özüňi görkezip, wezipäňi galdyryp bolmaýar ahyry... Maňa öz derejäme laýyk gelýän uly, syrly ogurlyklar, ganhorluk ýaly jenaýatlar gerek. Hiç kimiň üstüni açyp bilmedik jenaýatyny men açmaly. Şonda sylagymam bolar, hormat hatynam alaryn, wezipäm-de galar... Aglama, haýyş edýän... Bilýäň-ä, men gözýaşa asla çydap bilemok. Sen aglasaň meniňem agym tutýar... Ýene biraz sabyr et, ezizim... Men öz elime düşjek şeýle uly jenaýatlara garaşyp ýörün...

 

Dermanhanaçynyň aýaly bilen söhbedi

— Geýere paltom hem galmady... Adamlaryň arasyna çykara ýüzüm ýok... Men ýene näçe wagt muňa çydamaly bolaryn?

— Janym, ezizim... Diňle... Dermanhanada aspirin bilen hinin satyp pul gazanyp bolmaýar ahyry...  Daşary ýurtlardan getirilýän gymmat bahaly dermanlary satmaly. Aýratynam, olaryň arasynda-da aňsat tapylmaýan dermanlar bolaýsa, ine, şonda görersiň, nähili pul gazanylýanyny! Aslynda, häzir gezip ýören adamlaryň her biri keselli. Ýöne olar özleriniň kesellidigine düşünenok. Şolara şony düşündirip, ellerine bejergi hatyny ýazyp, biziň dermanhanamyza ýollajak lukmanlar gerek... Il-gün hassalanmasa, hassalar lukmana gitmese, lukmanlaram olary bize ýollamasa, munuň soňy nirä barar, ezizim? Ýurt girdaba barýar, girdaba... Aglama... Sen şeýdip gözýaş dökýärsiň welin, ýüregim gyýylýar. Elbetde, bir gün biziň hem işlerimiz ugruna bolar. Bir gün hassalar elleri bejergi hatly edil çäge deý akyn edip dermanhanamyzyň öňüni doldurarlar. Hatar-hatar nobatlar bolar. Ýene biraz sabyr et... Bir gün rysgymyz açylar, ezizim.

 

Lukmanyň aýaly bilen söhbedi

—Sözde lukmanyň aýaly boldum... Şu güne çenli lukmanyň aýaly bolup näme gün gördüm diýsene... Ýaşlygym, gözelligim ýele gitdi...

— Ýöne, ezizim...

— Indi ýüregime düşdi!

— Aglama ýalbarýaryn... Meni-de gynandyrýarsyň... Maňa ynan, on bäş gündür kabulhanama ýekeje müşderi-de — bagyşla, ýekeje hassa-da gelmedi. Bir oýlanyp görsene... Hemişe pulsuz, kömege mätäç adamlar gelýär... Soňam haýyr-sahawat guramalarynyň ýollaýan adamlary ýüz tutýar... Düşünemok, beýleki adamlara näme bolduka? Ýogsa hemmesem hassa... Özleriniň hassadygyny bilenoklar... Indi näme edeýin?.. Hassa gelse, günde ýüz sanysynynam kabul edip biljek... Ýöne gelmeýärler... Men prokuror däl-ä, yzlaryndan polisiýa ugradyp getirderim ýaly...

Söýgülim, dökme gözüň ýaşyny, ýalbarýan...

Kabulhanama hiç kim gelmeýär. Özümem girip-çykmasam, gapymyň gulpy poslap gitjek.

Wah, bir baý hassa elime ilmezmi diý... Iň gowy hassa diýeniň — ne sagalýan, ne-de ölýän hassa. Hassa diýeniň ne sagalmaly, ne-de ölmeli... Ýene-de baý hassa sagalyp gitse-de, gazetlerde maňa minnetdarlyk bildirýän bildirişleri çap etdirer. Bu bolsa meniň üçin oňat mahabat bolar. Hatda käwagt oturyp, gazetlerde ýok hassanyň adyndan öz-özüme minnetdarlyk bildirilýän bildiriş çap etdirsemmi diýibem oýlanýaryn... Eýýam birnäçe gündür ýekeje hassanyň ýalňyşybam, kabulhanamyň gapysyny kakmaýanyna...

Ýöne sabyr et, ýene biraz dişiňi gys... Sabyryň soňy sap altyn... Näme-de bolsa, bir gün şol uly (baý hassa) rysgal gapymyzy çalar... Men düşewüntsiz hassalary halamok. Bir bolsun, baý bolsun...

 

Aklawçynyň aýaly bilen söhbedi

— Men atam öýüme gidýärin, boldy, gep gutardy...

— Dur, janym, gaharlanma, ezizim...

— Çekýän azabym ýeterlik dälmi, saňa? Şu güne çenli är hökmünde maňa näme etdiň? Sözde aklawçy boljakdyň-a... Maňa nebsiň agyranokmy? Meniň başgalardan nämäm kem?

— Ezizim, aglama... Biziň beýik söýgümizi şeýle çalt unudýarsyň...

— Söýgi bilen garny doýrup bolanok...

— Bir minutjyk, haýyş edýärin... Birnäçe gündür edarama ýekeje müşderi — bagyşla, ne jogap beriji, ne-de hak isleýji gelýär... Işler örän pyrryk... Bu adamlara näme bolduka, asla düşünemok men-ä... Bular, heý biri-birini aldamazmy, urşup, öldürmezmi? Men uly dawalaryň aklawçysy... Müň sany aýrylyşmak dawasy bolandan, bir uly ýer dawasy bolany gowy... Eýtmeli-beýtmeli millionlyk dawaly işleri almaly, şonda maňa-da bir zatlar düşer, gazetler men hakda ýazar, şöhratym artar... Şonda görersiň, seni nähili ýaşadaryn — edil şa gyzlary ýaly, şa aýallary ýaly...

— Şa aýallarynyň menden näme artykmaçlygy barmyş? Olaryň alnyndan ýagşyzada ogşanmy?

Men beýle zat diýjek bolmadym... Men saňa özüňe mynasyp bolan durmuşy berjek diýmek isledim... Ýöne, arman, şeýle müşderi tapylanok-da... Millionlap gazanýan aklawçylaryň menden näme artykmaçlygy bar? Olaryňam menden artykmaçlygy ýok ahyryn, edil meniň ýaly adamlar-a... Torumy gurup, garaşyp otyryn... Bir gün hökman aw tora düşer... Ýene biraz sabyr et... Aglama, ýalbarýaryn... Sen aglasaň, ýüregim gyýylýar... Dür deý gözýaşlaryňy biderek ýere dökme, ezizim...

 

Maşgala ojagynyň bagty hakyndaky synlar

Iri ýer eýesi (mülkdar) bilen oba ilatynyň arasyndaky jedel ahyrynda kazyýete baryp ýetdi. Ýer eýesi kakasyndan miras galan, elindäki ýer eýeçiligi baradaky resminama daýanyp, oba ýerleriniň öz emlägidigi hakyndaky talabyny öňe sürýärdi. Şunça ýyllaryň dowamynda kärende hakyny-da, başga hiç hili töleg hem tölemän, onuň ýerlerinden peýdalanyp gelen obalylardan özüne degişli hasaplaýan obany boşadyp, bu ýerden gitmeklerini talap edýärdi. Aslynda, iri import söwdagäri we dokma fabriginiň eýesi bolan bu mülkdar obalylary kowup çykarandan soň, boşap galan obanyň hasylly we suwarymly topraklarynda döwrebap ekerançylygy ýola goýup, bol hasyl almagy hem-de ýurda uly peýda getirmegi meýilleşdirýärdi.

Nadan obalylar ata-babalaryndan bäri sürüp, ekip, hasyl alyp gelen bu ekin meýdanlarynyň elindäki birje kagyz bilen birdenkä öz öňlerinde peýda bolan şol adamyň eýeçiligi bolup biljekdigine asla düşünip bilmeýärdiler.

Ýer eýesi bir tanyşynyň üsti bilen edarasynda birnäçe gün bäri işe garaşyp oturan ýaş aklawçyny tapyp, öz işini oňa tabşyrypdy. Ýaş aklawçy işe uly höwes bilen ýapyşdy. Elinde ýer eýeçiligini tassyklaýan resminama bar bolsa, diýmek bütin oba-da şonuňkydy.

Ýurtda jemgyýetçilik işleriniň çalt ýöremeýändigini, şonuň üçinem ýurduň yza galýandygyny aýdýan ýer eýesiniň içki rahatlygy bozulypdy. Rahatlygy bozuldygyça-da onuň aşgazanyndaky ýara beterleşýärdi, ýarasy beterleşdigiçe ganyndaky şekeri ýokarlanýardy, şekeri ýokarlanansoň, gan basyşy-da galypdy. Şeýlelikde, ol birnäçe gün bäri kabulhanasynda hassa garaşyp oturan lukmanyň eline düşdi. Hassany öldürmezlik üçin nähili jan çekýän bolsa, ony doly sagaltmazlyk üçin hem şonça jan çekýän lukman, bejergi üçin gymmat bahaly daşary ýurt dermanlaryny ýazýardy. Diş çotgasyny, diş pastasyny, aspirin bilen hinini satmakdan bizar bolan dermanhanaçy bolsa, bejergi hatyna ýazylan şol gymmat bahaly daşary ýurt dermanlaryny satyp, maşgala ojagynyň bagtyny üpjün edipdi.

Ýurtda tanalýan, haýyr-sahawat işleri bilen meşgullanýan belli adamlaryň birini bejeren lukmanyňam hassalary köpelip, ol meşhur lukmana öwrülipdi.

Kazyýet işi uzak dowam edipdi, ýöne ahyrynda ýaş aklawçy jedelde ýeňiş gazanypdy, üstesine-de, şol işiň bahasynyň iki göterimine deň bolan aklawçylyk hakyny alypdy. Şeýlelikde, meşhur we baý adama öwrülen aklawçy hem maşgala ojagynyň bagtyny üpjün edipdi.

Şol aralykda, jedelde ýeňlip, önüp-ösen obasyndan kowlan nadan obalylaryň biri, özüniň hukuklaryny kemsidilen hasaplap, elinden ýerini alan baý adamyň arkasyna dört gezek pyçak sanjyp öldüripdi.

Emma nadan obalydan bular ýaly birkemsiz ýaşyryn jenaýaty amala aşyrar diýip, garaşmandyklary sebäpli jenaýatyň üsti açylman galypdy. Ýyllarboýy komissarlykda boş oturyp, hiç hili ýokary wezipä geçip bilmedik işgär bu jenaýatyň derňewini öz üstüne alypdy. Gije-gündiz, uly hujyw bilen işläp, jenaýatkär obalyny ele salypdy. Bu üstünligi üçin minnetdarlyk hatynam, baýragam alyp, wezipesinde ýokarlanmak mümkinçiligine eýe bolupdy. Şeýlelikde, olam maşgala ojagynyň bagtyny üpjün edipdi.

Bu syrly jenaýatyň ganhorynyň tapylandygyny ilkinji bolup habar beren gazetiň kätibi bolsa, beýleki gazetleriň ählisinden öňürti habar bermek bilen çäklenmän, ganhor bilen örän gyzykly söhbetdeşligem geçiripdi. Bu söhbetdeşliginiň arkasyndan ýylyň žurnalistika bäsleşiginde birinji ornam eýeläpdi. Ol şu üstünliginiň netijesinde redaksiýanyň baş redaktory wezipesine-de galdyrylypdy. Şeýlelikde, olam maşgala ojagynyň bagtyny üpjün edipdi.

Birnäçe gün bäri işe garaşyp ýören jellat ahyry bir işiň eline düşendigine begenip, ölüme höküm edilen ganhoryň boýnuna ýagly tanapdan işilen syrtmagy ildiripdi. Zähmetiniň hakynam alyp, olam maşgala ojagynyň bagtyny üpjün edipdi.

Gabyrçam begenýärdi. Gysga wagtyň içinde iki sany gabyr gazypdy. Diýmek, indi işleri ugruna bolupdy, şowsuzlyk aýrylypdy. Olam maşgala ojagynyň bagtyny üpjün edipdi.

Obalylar bilen ýer eýesiniň arasyndaky göreşiň ahyrynda bir obalynyň eliniň gana bulaşmagy birnäçe günläp gazetlerde, žurnallarda makalalaryň, suratlaryň, karikaturalaryň we çekişmeleriň temasyna öwrülipdi. Öz naýbaşy eserini döretmek üçin ruhuny sarsdyryp biljek uly bir waka garaşyp ýören şahyram islese-islemese-de, bu pajygaly hadysanyň täsirine düşüpdi. Bu dramadan ylham alyp, adamlaryň ýer ugrundaky göreşi barada uly bir dessan ýazypdy. Bu dessan şahyry bakylaşdyran hakyky sungat eseri bolupdy. Çap edilen dessan on müňlerçe nusgada satylyp, köp sanly dillere terjime edilipdi. Şan-şöhrata we baýlyga ýeten şahyram maşgala ojagynyň bagtyny üpjün edipdi.

Ýer ugrundaky göreş barada ýazylan bu üstünlikli dessan ýylyň iň uly edebiýat baýragyna mynasyp bolupdy. Köp sanly dillere terjime edilen dessanyň şanyna uly dabara geçirilipdi. Bu dabara ýurduň ähli meşhur we tanymal adamlary çakylyk boýunça gelipdiler. Olaryň arasynda öň gürrüňi edilen lukman, dermanhanaçy, aklawçy, žurnalistdir komissaram bardy. Komissar indi polisiýanyň başlygynyň orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän başkomissardy. Gözlerinde bagt uçguny lowurdaýan aýallaram ärleriniň şeýle abraýly adamlardygyna buýsanýardylar. Esasan-da, dessançy şahyrynyň aýaly bir elinde wiski bulguryny saklap, äriniň gulagyna:

— Sen geniý ahyryn, ezizim... — diýip pyşyrdaýardy. Şahyram oňa:

— Meni aşa öwüp, öte aýnadýarsyň... — diýip jogap berýärdi.

Bu uly üstünligiň şanyna bulgurlar galdyrylyp, ýygnananlar şahyry gutlaýardylar. Waspnamalaryň arasynda şahyr dessanyndan bir parçany okap durka, onuň öz gözleri-de, diňleýjileriň gözleri-de ýaşarypdy:

Eý, bir garyş ýer üçin söweşýänler,

Islemeýärsiňiz ne medallar, ne-de nyşanlar,

Çünki bütin şöhrat hem şan siziňdir...

Ýüregim sizler üçin syzlaýar...

Ah, biçäre betbagtlar, betbagtlar...

Bir gün geler, ynanýaryn,

Dogan bolar tazylar bilen towşanlar...

Dessanyň täsirine düşüp, iň köp aglaýanlaryň arasynda aklawçy, lukman, dermanhanaçy, žurnalistdir başkomissar bardy. Olar gözleri ýaşdan doly halda bulgurlaryny şahyryň şanyna galdyryp, bu dessan arkaly ýurduň hakykatyny beýan eden şahyry tüýs ýürekden gutlaýardylar.

 

© Eziz Nesin

Terjime eden: Resul Garryýew